Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işler halkymyzyň bagtyýar geljegini, ýurdumyzyň durnukly ösüşlerini kepillendirýär. Ýurdumyzyň ösüşinde ykdysadyýetimiziň sanly ulgama geçmeginiň aýratyn mümkinçiliklere eýe bolýandygyny bellemegimiz gerek. Sanly ulgam döwrebap ösüşleriň tizligini üpjün edýär. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň döredýän giň mümkinçilikleriniň netijesinde durmuşa geçirilýän işleriň örän ýokary ähmiýete eýediginden habar berýär. Hormatly Prezidentimiziň «Biz milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň ornaşdyrylmagyna geljekde hem ünsi jemläris» diýip bellemegi hem sanly ulgamy ösdürmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini äşgär edýär.
Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Munuň şeýledigine «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» hem-de «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, häzirki wagtda esasy ugurlarda maglumat tehnologiýalaryny giňden ulanmak arkaly sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan netijeli işler hem şaýatlyk edýär.
Sanly ulgamyň ösdürilmegi we onuň şertleriniň gün-günden durmuşymyza aralaşmagy tehnologik enjamlar bilen baglylykda işlerimizi ýeňilleşdirýär. Innowasiýa we sanlaşdyrmak ählumumy durnukly ösüşi üpjün etmekde bir-biriniň üstüni ýetirýän wajyp görkezijiler hem zerurlyklar hökmünde çykyş edýär. Sanlaşdyrmak wezipesiniň amal edilmeginde, ilkinji nobatda, ykdysadyýetiň we jemgyýetiň sanlaşdyrylmagyna, programma üpjünçiliginiň döredilmegine, özleşdirilmegine we durmuşa ornaşdyrylmagyna, jemgyýetçilik durmuşynda elektron resminamalaryň dolanyşygynyň girizilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi, adam kapitalynyň intellektual ösüşi netijesinde sanly tehnologiýalaryň ykdysadyýetden başlap, hyzmatlar ulgamyna çenli jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryna ornaşdyrylmagy arkaly ýokary netijeleri gazanmagyň tiz, amatly we döwrebap usulyny hödürleýändigi bilen baglanyşyklydyr. Şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda innowasion we sanly tehnologiýalary ornaşdyryp, elektron resminamalar dolanyşygyna, elektron şahsyýetnamalar ulgamyna geçmek, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti, elektron senagaty döretmek ýaly öňde goýýan wajyp wezipeleri anyk maksatlary nazarlaýar.
Sanly ulgamyň işini kadalaşdyrmagyň çäklerinde, 2020-nji ýylyň 14-nji martyndan elektron resminama, elektron resminamalaryň dolanyşygynyň we sanly hyzmatlaryň hukuk ýagdaýyny, olara bildirilýän esasy talaplary kesgitleýän hem-de bu çygyrda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirmäge gönükdirilen «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda hem sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp amala aşyrylýan işler giň gerime eýe bolýar. Hususan-da, binamyzda içki elektron maglumat alyşmak ulgamy, beýleki edaralardyr welaýatlar hem-de daşary ýurtlar bilen maglumat alyş-çalşygynyň ýola goýulmagy bilen, onlaýn tertibinde wideo maslahatlary geçirmäge mümkinçilik berýän ulgam ornaşdyryldy.
Merkezi saýlaw toparynyň «saylav.gov.tm» resmi web-saýtynyň hereket etmegi bu hakykatyň aýdyň görkezijisidir. Merkezi saýlaw toparynyň edarasynyň işgärleriniň arasynda elektron maglumatlary alyşmak üçin öz içki torlarymyz hem döredildi. Sanly ulgamyň esasy usuly internet ulgamynyň mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanmakdyr.
Hemmämize mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 12-nji martynda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda saýlaw güni Aşgabat şäherindäki we welaýatlarymyzda döredilen saýlaw uçastoklarynyň jemi 180 sanysynda, ýagny her welaýatda we Aşgabat şäherinde 30 sany saýlaw uçastoklarynda kameralar gurnaldy we saýlawlar güni saýlawçylaryň ses berişleri internet arkaly, ýagny Merkezi saýlaw toparynyň edarasynyň web-saýtynda online (göni ýaýlym) tertibinde jemgyýetçilik köpçüligine görkezildi.
Bu tejribe ilkinji gezek 2018-nji ýylyň 25-nji martynda geçirilen Parlamentiň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynda ýola goýlupdy. Bu bolsa, biziň ýurdumyzda saýlawlaryň aýanlykda we demokratik ýörelgeler esasynda geçirilýändigini görkezýär.
Sanly ulgamy kämilleşdirmegiň milli we halkara tejribeleri yzygiderli öwrenilip, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy bölüminiň hünärmenleri tarapyndan edaramyzyň işine sanly ulgamy ornaşdyrmak babatynda netijeli işler yzygiderli alnyp barylýar.
«Sanly ykdysadyýet» konsepsiýasyna dünýä derejesinde wajyp ähmiýet berilýändigini aýratyn bellemek gerek. Çünki, sanly ykdysadyýet sanly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň peýdalanylmagyna esaslanýan ykdysady gatnaşyklaryň ulgamy bolmak bilen, ol wagtyň we harajatlaryň tygşytlanylmagyna uly şert döredýär. Biz — Merkezi saýlaw toparyň ýaş hünärmenleri bolup, sanly ulgamda täze tehnologiýalardan peýdalanmagyň dünýä tejribesini öwrenmek we milli sanly ulgamynyň talaplaryna laýyklykda, ony işimize ornaşdyrmak üçin güýjümizi gaýgyrman zähmet çekeris.
Häzirki döwürde sanly ulgam durmuşymyza işjeň ornaşýar. Munuň özi Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysady ösüşleriniň belent derejelere eýedigini, ösüşlerimiziň dowamat dowam bolýandygyny aýdyň beýan edýär.
Umuman, islendik işe paýhasly, ylym-bilimli, döwrebap garaýyşlar bilen çemeleşmek onuň netijeliliginiň kepili bolup çykyş edýär. Bu ugurda sanly tehnologiýalaryň gazananlarynyň ýurdumyzda ornaşdyrylmagyna uly ähmiýet berýän hormatly Prezidentimize çäksiz hoşallygymyzy bildirýäris.
Merdan Halbaýew,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň
Sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy bölüminiň esasy hünärmeni.