TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

BILIM – BAGTYÝARLYGYŇ GÖZBAŞY

1-nji sentýabrda ýurdumyzyň bilim ojaklary – ýokary, orta we orta hünär okuw mekdepleri gapylaryny giňden açdy. Diýarymyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni baýram edilip, bu ajaýyp waka «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň toýly günleriniň dowamy boldy. Bu şanly baýram mynasybetli hormatly Prezidentimizi we ähli türkmenistanlylary tüýs ýürekden gutlaýarys.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ösüp gelýän ýaş nesle berilýän bilimiň mazmunynyň we hiliniň öňdebaryjy halkara talaplaryna laýyk gelmegini gazanmak bilim işgärleriniň baş maksady bolup durýar.

Şeýle asylly ýörelgelerden ugur alyp, bagtyýar geljegimiz bolan ýaşlarda ata Watanymyza, merdana halkymyza, Arkadagly Serdarymyza bolan çuňňur söýgini we çäksiz wepalylygy terbiýelemek, ýokary depginli ösüşlere buýsanjy has-da dabaralandyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde 2022-2023-nji okuw ýylynyň başlanmagyna bagyşlanan ilkinji okuw sapagy «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýen at bilen geçirilýär.

Bilim işgärleri watançy esger, ussat mugallym Berdimuhamet Annaýewiň, Watanyň wepaly ogly Mälikguly Berdimuhamedowyň watançylyk, ynsanperwerlik, mugallymçylyk-usulyýet ýörelgelerini mynasyp dowam etdirip, ýaşlara döwrebap bilim bermek, olary milli ruhda terbiýelemek, kämil hünäriň eýeleri edip ýetişdirmek ugrunda yhlas siňdirýärler.

Hormatly Prezidentimiz: «Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply ýokary hünärli, taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalar ediler» diýip bellemek bilen, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilim ulgamynyň binýadyny pugtalandyrmak ugrunda işleri durmuşa geçirýär. Täze okuw ýylynda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine talyplyga kabul edilýän ýaşlaryň sanynyň artdyrylmagy hem munuň aýdyň beýanydyr.

Ýurdumyzda bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmek, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini ýokarlandyrmak baş maksatlaryň biridir. Häzir ýurdumyzda milli bilim we ylym ulgamyny kämilleşdirmek, iň täze enjamlary ornaşdyrmak, degişli düzümleri toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça anyk çäreler görülýär.

Bu çäreleriň çäklerinde «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmekde möhüm ähmiýete eýe boldy. Bu Kanun bilim babatda jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň hukuk esaslaryny düzgünleşdirýär. Döwlet syýasatynyň bilim ulgamyndaky binýatlyk ýörelgelerini, şeýle hem bilim ulgamynyň maksatlaryny, wezipelerini, hyzmatlaryny we onuň işini dolandyrmagyň tertibini kesgitleýär.

Ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, hünär  öwrenmegi, edep-terbiýeli, ata Watana, merdana halkymyzyň ýol-ýörelgelerine wepaly, watansöýüji adamlar bolup ýetişmekleri üçin giň möçberli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde   Watanymyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmek, onuň hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny gazanmak, innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar.

Asylly däbe eýerip, bilimler dünýäsine ilkinji gadam basýan mekdep okuwçylaryna sowgat hökmünde her ýyl kompýuterler  gowşurylýar. Bu bolsa bagtyýar nesillerimiziň Watanymyza, ajaýyp durmuşymyza guwanmaklary, beýik geljegimiz üçin tutanýerlilik bilen okamaklary üçin ähli tagallalaryň edilýändigine şaýatlyk edýär.

Ýurdumyzda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatda bimöçber aladalary edýän Arkadagly Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleri hemişe rowaç bolsun!

Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt we umumadamzat bähbitli beýik başlangyçlary esasynda uly umyt-arzuwlar bilen başlanýan täze 2022-2023-nji okuw ýyly düşümli we rowaç  bolsun!

 

Allanur Gökjäýew, 
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.