TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

SAÝLAWLAR WE SAÝLAW OKRUGLARY

Hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda döwletiň demokratik esaslarynyň yzygiderli pugtalandyrylmagyna, hakyky halk häkimiýetiniň ýörelgeleriniň berkidilmegine, raýatlaryň konstitusion hukuklarynyň üpjün edilmegine gönükdirilen düýpli özgertmeler amala aşyrylýar.

Saýlawlary geçirmegiň halkara derejesinde ykrar edilen demokratik kadalaryny özünde jemleýän Türkmenistanyň Konstitusiýasy,  Türkmenistanyň Saýlaw kodeksi ýurdumyzda geçirilýän saýlawlaryň kanuny binýady bolup durýar we raýatlaryň saýlaw hukuklary kanuna laýyklykda üpjün edilýär.

Islendik döwletiň syýasy durmuşyna şol ýurtda geçirilýän saýlawlaryň hili boýunça baha berilýär. Diýmek, saýlawlar döwletiň at-abraýynyň halkara derejesinde ýokarlanmagynda uly ähmiýete eýedir. Saýlawlar demokratik döwletiň aýrylmaz alamatydyr.

Milli demokratik ýörelgelerimizden ugur alnyp, saýlawlaryň bäsleşik esasynda geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen amala aşyrylýan  guramaçylyk işleriniň çäklerinde, saýlaw okruglaryny döretmek dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak üçin zerur şert bolup durýar.

Saýlaw okrugy – munuň özi saýlawlara taýýarlyk görmek we olary geçirmek maksady bilen bölünýän we döwletiň saýlawly edaralarynyň wekilleriniň saýlanýan çäk birlikleridir. Saýlaw okrugy diýip, saýlawlary geçirmek üçin çäkleriň böleklere bölünmesine hem düşünilýär. Dürli döwletlerde her bir saýlaw okrugyndan näçe wekil saýlanýandygyna baglylykda, olar bir mandatly we köp mandatly saýlaw okruglaryna bölünýärler. Biziň ýurdumyzda degişli saýlawlar boýunça bir mandatly we köp mandatly saýlaw okruglary döredilýär.

Mandat – degişli çäkde (saýlaw okrugynyň çäginde) saýlanylmaly wekiliň sanyny görkezýän düşünjedir.

Has takygy, bir saýlaw okrugyndan bir deputat ýa-da bir agza saýlanylsa, oňa bir mandatly saýlaw okrugy diýilýär.

Eger-de, bir saýlaw okrugy boýunça birnäçe deputat ýa-da birnäçe agza saýlanylsa, onda oňa köp mandatly saýlaw okrugy diýilýär.

Ýurdumyzda göni saýlawlar – Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary bir mandatly saýlaw okruglary boýunça geçirilýär.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň göni däl (gytaklaýyn) saýlawlary bolsa köp mandatly okrug boýunça geçirilýär. Bu saýlawlar ýurdumyzda ilkinji gezek 2021-nji ýylyň 28-nji martynda geçirildi.

Saýlaw okruglary degişli saýlaw toparlary tarapyndan saýlawlara çenli azyndan ýetmiş gün galanda döredilýär. Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlarynda saýlaw okruglarynyň atlary hem bellenilýär.

Ýurdumyzyň çäklerinde döredilýän saýlaw okruglarynyň sanynyň her saýlawlar boýunça üýtgeýändigini bellemek gerek.

Has takygy:

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda tutuş Türkmenistanyň çägi bir saýlaw okrugydyr.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynda her welaýatyň, Aşgabat şäheriniň çägi sekiz mandatly bir okrugdyr.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlarynda, Türkmenistanda saýlawçylarynyň sany takmynan deň bolan 125 saýlaw okrugy;

Welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlarynda bolsa, degişli çäkde saýlawçylaryň sany takmynan deň bolan 40 saýlaw okrugy;

Etrap, etrap hukukly şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlarynda hem degişli çäkde saýlawçylaryň sany takmynan deň bolan 20 saýlaw okrugy döredilýär.

Geňeş agzalarynyň saýlawlarynda degişli çäkde saýlawçylaryň sany takmynan deň bolan 5-15 saýlaw okrugy döredilýär. Şunda 1000-e çenli saýlawçy bolan çäkde 5-6, 1001-den 2000-e çenli saýlawçy bolan çäkde      7-8, 2001-den 4000-e çenli saýlawçy bolan çäkde 9-11, 4000-den köp saýlawçy bolan çäkde bolsa 12-15 saýlaw okrugy döredilýär. Saýlaw okruglarynyň sany bellenilen möçberleriň çäginde degişli Geňeş tarapyndan kesgitlenilýär.

Saýlaw okruglarynyň saýlawçylaryň sanyna görä bölünişi:

Mysal üçin, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynda etrapdaky her bir şäher, şäherçe, geňeşlik boýunça hasaba alnan saýlawçylaryň jemi sany degişliligi boýunça 5-den 15-e çenli saýlaw okruglaryna bölünýär we her saýlaw okrugyna düşýän saýlawçylaryň takmynan sany kesgitlenilýär. Her saýlaw okrugyna düşýän saýlawçylaryň takmynan sanyna görä-de, etrapdaky şäheriň, şäherçäniň, geňeşligiň çäkleri saýlaw okruglaryna bölünýär. 

2018-nji ýylyň 25-nji martynda geçirilen Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça Türkmenistanyň çäginde takmynan deň saýlawçy sany bilen 5900 sany, şol sanda: Ahal welaýatynda 1000, Balkan welaýatynda 393, Daşoguz welaýatynda 1376, Lebap welaýatynda 1426, Mary welaýatynda 1705 sany saýlaw okruglary döredildi.

Ýurdumyzda geçirilýän saýlawlaryň demokratik, deňlik ýörelgelerini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 38-nji maddasynyň 5-nji böleginde «Her bir saýlaw okrugynyň saýlawçylarynyň sany degişli saýlawlar boýunça okruglara düşýän saýlawçylaryň ortaça sanynyň on göteriminden, uzak we barmasy kyn ýerlerde bolsa on bäş göteriminden geçmeli däldir» diýlen şertler kesgitlenilendir. Bu şertler bolsa ýurdumyzda geçirilýän saýlawlarda doly derejede berjaý edilýär.

Saýlawlaryň aýanlyk şertlerini üpjün etmek bilen bagly çäreleriň çäklerinde, döredilen saýlaw okruglarynyň araçäkleri görkezilen sanaw ilatyň dykgatyna ýetirilýär. Munuň özi saýlawçylaryň hukuk kepillikleriniň çäklerinde olaryň habar kepillikleriniň hem kanunalaýyk üpjün edilýändigini görkezýär.

Demokratik döwletde saýlaw ulgamynyň işiniň has-da kämilleşmegine aýratyn ähmiýet berýän hem-de Türkmenistanyň halkyny demokratik ýol bilen erkinlikde, asudalykda, ösüşleriň şuglaly belentliklerine tarap ynamly alyp barýan Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, mertebesiniň belent bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaçlanmagyny arzuw edýäris!

 

Maksatmyrat GELDIÝEW, 
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň başlygy.