Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ruhubelent halkymyzyň her güni rowaçlyklara beslenip, toýlarymyz toýa ulaşýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyz taryhy wakalara, şanly senelere beslenýär. Senenamamyzyň 22-nji sentýabry hem möhüm sene bolup, täze taryhy eýýamda halkymyzy baky bagtyýarlygyň ýoly bilen röwşen geljege ynamly öňe alyp barýan, Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň doglan günüdir. Bu ajaýyp senäni halkymyz şatlyk-şowhuna, toý-dabaralara besleýär.
Bilşimiz ýaly, 2022-nji ýylyň 11-nji fewralynda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň strategik ugurlary kesgitlendi. Halkymyz tarapyndan uly goldawa mynasyp bolan «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» kabul edildi. Şeýle-de, şol mejlisde Gahryman Arkadagymyz biziň geljegimiziň ýaşlar bilen baglydygynyň wajyplygyny nygtady. Ýaşlara bolan uly ynam Halk Maslahatynyň mejlisinde aýdyň ýüze çykdy.
Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly: «Ýaşlar biziň geljege bolan ähli umyt-arzuwlarymyzyň amala aşmagydyr. Men ýurdumyzy ösdürmegiň täze tapgyrynda döwlet dolandyryşynda häzirki zamanyň ruhy şertleri, ýokary talaplary esasynda kemala gelen ýaş ýolbaşçylara ýol bermegi makul bilýärin» diýip, belledi. Dogry ýol bilen gitmekde, Watany söýmekde ýaşuly nesliň ýaş nesle ýardam bermelidigini, ýaşlarymyzyň ýaşululardan görelde almalydygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 12-nji martynda ýurdumyzyň, halkymyzyň durmuşynda ykbal kesgitleýji ähmiýeti bolan möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre — Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary ata-babalarymyzdan gelýän demokratik ýörelgelerimize, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Saýlaw kodeksine, milli kanunlarymyza, umumy ykrar edilen halkara kadalaryna laýyklykda, bäsdeşlik esasynda geçirildi. Şol geçirilen ählihalk saýlawlarynda, dokuz dalaşgäriň içinden 72,97 göterim ses alyp, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow saýlandy.
Ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda halk bilen döwletiň bitewüligi, jebisligi ähli ösüşleriň, öňegidişlikleriň baş badalgasydyr. Arkadagly Serdarymyz «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýip, öz öňünde goýan maksatlaryna ýetmekde ilkinji nobatda, halkymyza, onuň agzybirligine we jebisligine, aň-düşünjesine hem-de merdanalygyna bil baglaýar. Hut şonuň üçin-de, bu gün bagtyýar Watanymyzda ýaşaýan her bir türkmenistanlynyň kalby Arkadagly Serdarymyza bolan mähirli alkyşlardan, hoşallyklardan doludyr.
Häzirki türkmen jemgyýetiniň häsiýetli aýratynlyklary — mizemez agzybirligi, döwletiň we jemgyýetiň bitewüligi, halkyň öz Arkadagly Serdarynyň daşynda berk jebisleşmegi hut şunuň bilen şertlendirilendir. Bu aýratynlyklar Garaşsyzlyk we Bitaraplyk düşünjelerine, ruhy gymmatlyklara, taryhy-medeni mirasa we milli däplere ählumumy düşünilmegine esaslanýar. Şonuň netijesinde ýurdumyzda raýat ylalaşygy we jemgyýetçilik asudalygy berkarar bolup, dostluk we ruhubelentlik höküm sürýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň şu günki bagtyýar we geljekki röwşen durmuşy ugrunda edýän tagallalary bimöçberdir. Ýurdumyzyň içeri we daşary syýasaty Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany has-da kuwwatly döwlete öwürýär. Bu babatda berkarar Watanymyzyň asylly syýasaty halkymyzyň arzuw-islegini we pikirlerini hemişe nazarda tutan parasatly pederlerimiziň köpasyrlyk tejribesine daýanýar.
Garaşsyzlyk ýyllarynda biziň ata Watanymyz Türkmenistanyň durnukly ösýän döwletleriň hataryna girendigini bellemeklik buýsandyryjy wakadyr. «Gurýan döwlet gurpludyr» diýlişi ýaly, Türkmenistan bu gün özüniň bagtyýar geljegini gurýan gurply döwlet hasaplanylýar.
Bu günki gün döwletimiz dünýä ýüzünde demokratik, hukuk we dünýewi döwlet hökmünde giňden tanalýar. Türkmenistan halkara maslahatlarynyň, forumlaryň, sergileriň we beýleki möhüm ähmiýetli çäreleriň geçirilýän mekanyna öwrüldi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň halkara abraýynyň barha ýokarlanýandygyndan, her bir öňe sürülýän täze başlangyçlaryň iri halkara guramalar tarapyndan goldanylýandygyndan, şonuň netijesinde Türkmenistanyň parahatçylyksöýüji döwlet hökmünde dünýäniň dürli halkara bileleşikleri tarapyndan ykrar edilýändiginden habar berýär.
Garaşsyz Türkmenistanyň Esasy Kanunynda «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr» diýlip aýdylýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda barha güýçli depgin bilen durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeler, döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň esasyny düzýän demokratiýa, ynsanperwerlik, adalatlylyk ýörelgeleri onuň hakykat ýüzünde amala aşyrylýandygyny aýdyňlygy bilen görkezýär.
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ösüşiň täze derejesi bolan, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy 2022–2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşini üpjün etmek bilen bir hatarda, halk häkimiýetini berkarar etmek, syýasy-jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmak, döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň netijeli işlemegini, adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek ugrunda hem uly işler amala aşyrylýar.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça düýpli özgertmeleri amala aşyrmak, halkyň ýaşaýyş-durmuş ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, abadançylygy pugtalandyrmak we ösdürmek, nesilleriň ýagty geljegini üpjün etmek üçin tutumly işlere badalga berýär.
Şu toý-baýramly, şatlykly günlerde hormatly Prezidentimizi – Arkadagly Serdarymyzy doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden mähirli gutlaýarys. Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, başy aman, mertebesi belent bolsun! Alyp barýan il-ýurt, döwlet ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Ogulnyýaz Mämmetnurowa,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň esasy hünärmeni.