TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

GARAŞSYZLYK — BAGTYMYZYŇ GÖZBAŞY

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde baýramlarymyzyň naýbaşysy bolan Garaşsyzlyk güni barha golaýlaşýar. Döwletlilik toýuny uly zähmet üstünliklerine, şanly wakalara beslän,   halkymyz bagtly-bagtyýar geljege tarap ynamly gadam urýar.   Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanylan we gazanylýan maddy hem-de ruhy baýlyklarymyza, amala aşyrylýan dürli öwüşginli syýasy, durmuş-ykdysady, medeni özgertmelere aň ýetirmek her birimiz üçin wajypdyr. Çünki, Garaşsyzlyk ata-babalarymyzyň özbaşdak döwletli bolmak baradaky arzuwlarynyň amala aşmagyna, köp asyrlyk milli we ruhy gymmatlyklarymyzy, şeýle hem arzyly ynsanperwer däplerimizi dikeltmäge mümkinçilik berdi.

Her bir türkmen üçin ata Watanyndan ileri zat ýok. Eziz döwle­ti­miz ­hal­ky­my­zyň­ en­çe­me­ ýyl­lap ­ar­zuw­ eden­ bag­ty­na – ­Ga­raşsyzlygyna, özbaşdaklygyna eýe boldy. Garaşsyzlyk halkymyzyň ýüzýyllyklaryň dowamynda kalbynda göteren arzuwydyr. Hawa, bu mukaddes arzuw     1991-nji ýylyň tylla güýzünde amala aşdy. Ata Watanymyzda özbaşdak Türkmenistan döwleti döredi. Garaşsyzlyk türkmen halkyna bagt getirdi. Türkmen halky mukaddes Garaşsyzlygyna guwanýar, buýsanýar, ony belentden wasp edýär. Garaşsyzlyk halkyň çüwen bagtydyr, göterilen ykbalydyr, milletiň millet hökmündäki belent ykrarnamasydyr, äh­li üs­tün­lik­le­ri­mi­ziň özenidir.

Garaşsyzlyk akyldar şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly Pyragy­nyň «Ber­ka­rar döw­let is­lä­rin» di­ýip ar­zuw eden zamanasydyr.

Türk­me­nis­tan öz­baş­dak­ly­ga eýe bo­landan soň, Esa­sy Ka­nu­ny­ny — Kons­ti­tu­si­ýasy­ny ka­bul et­di. Ýur­duň Esa­sy Ka­nu­ny adamyň sy­ýa­sy, ykdysady, dur­muş hu­kuk­la­ry­ny we azat­lyk­la­ry­ny üp­jün et­mek­de esa­sy resmi­na­ma bo­lup çy­kyş ed­ýär. Jem­gy­ýe­tiň we döw­le­tiň iň gym­mat­ly hazynasy bo­lan adamyň we onuň hu­kuk­la­ry­nyň hem-de bähbit­le­ri­niň yk­rar edil­me­gi Türk­me­nis­tan­da adam hu­kuk­la­ry­nyň we azat­lyk­la­ry­nyň goraglylygy­ny hal­ka­ra ül­ňü­le­ri­ne do­ly la­ýyk ge­tir­di.

Bäş müň­ýyl­lyk buý­sanç­ly ta­ry­hy bo­lan merdana hal­ky­my­zyň gur­mak, dö­ret­mek, ha­ýyr-so­gap ga­zan­mak ýa­ly mil­li ru­hu­na si­ňen mu­kad­des ýörelgesi «Halkyň Arkadagly zamanasy»  ýy­lyn­da has-da ro­waç­lan­ýar. Eziz hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar durmu­şy­nyň göz­ba­şyn­da du­ran be­ýik Garaşsyzlygymy­zyň 31 ýyl­lyk  şan­ly to­ýu­na ýa­kyn­laş­dyr­ýan her bir gü­nümiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň şöh­rat­ly ta­ry­hy­na al­tyn sa­hy­pa­la­ry ýaz­ýar.

Türkmenistan demokratik, hukuk we dünýewi döwlet hökmünde nusgalyk ýoly saýlap aldy. Garaşsyzlyk biziň ýurdumyza halkara gatnaşyklarynyň doly hukukly agzasy hökmünde öz syýasy garaýşyny beýan etmäge mümkinçilik berdi, ol bu gün iň ýokary münberlerden dünýä ýaň salýar.

Türkmen halkynyň bu günki bagtyýarlygy, şan-şöhraty Garaşsyzlygyň datly miwesidir. Gurýan, döredýän halkyň bagtyýarlygy Garaşsyzlyk bilen berk baglanyşyklydyr. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy, «Altyn asyr» Türkmen köli, häzirki zaman obalary, dürli maksatly önümçilik desgalary Garaşsyzlygyň halkymyza beren bagtyýar ýaşaýşynyň aýdyň dabaralanmasydyr.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi ösdi, özgerdi. Ösüşlere beslenen Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan durmuş-ykdysady ösüşde öz baý tebigy serişdelerinden aýawly peýdalanmakda belent sepgitlere ýetdi. Türkmenistanyň ýokary depginde ösýän ykdysadyýeti sebit hem dünýä ykdysadyýetine işjeň goşulyşýar. Türkmenistan ykdysady ösüşiň netijelerini durmuş ulgamyny ösdürmäge, ýurduň gelejekki gülläp ösüşini üpjün etmäge ukyply ýokary intellektual we berk bedenli adam maýasyny kemala getirmäge gönükdirýär.

Garaşsyzlyk ýyllarynyň içinde ýurdumyzyň ykdysadyýetinde sazlaşykly ösüş gazanylyp, tebigy baýlyklarymyzdan hem-de mümkinçiliklerimizden peýdalanyp, ýokary öndürijilikli täze senagat önümçiligiň, giň ulag we logistika infrastrukturasynyň döredilendigi hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň dünýä ülňülerine getirilendigi bellärliklidir.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde hassahanalary, dynç alyş zolaklaryny, şypahanalary döwrebaplaşdyrmak ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň we beýleki giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň çäklerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde häzirki zaman saglyk, syýahatçylyk hem-de dynç alyş infrastrukturasy peýda bolýar.

Täze lukmançylyk edaralary, derman serişdelerini öndürýän kärhanalar gurlup, saglygy goraýşyň milli nusgasy döredildi. «Arçman», «Ýyly suw», «Baýramaly», «Farap», «Mollagara», «Berzeňňi», «Daşoguz» şypahanalary, Gökderedäki çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleri, paýtagtymyzyň demirgazygynda ýerleşýän «Altyn kölüň» kenarynda häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän dynç alyş zolagynyň döredilmegi hem saglygy goraýyş ulgamynda gazanylan üstünlikleriň biridir. Alnyp barylýan işleriň hatarynda döwrebap hassahanalaryň, anyklaýyş merkezleriniň, saglygy goraýyş edaralarynyň halka hyzmat etmegi babatdaky döredilýän mümkinçilikler hem aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

Hormatly Prezidentimiziň berkarar ýurdumyzda adalat jemgyýetini, demokratik ösüşi pugtalandyrmak, raýatlaryň hukuklaryny, zähmet hem-de durmuş üpjünçilik kanunçylygyny kämilleşdirmek, halkyň maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak boýunça durmuşa ornaşdyrýan maksatnamalary Watanymyza, halkymyza egsilmez söýgüsinden aýdyň nyşandyr.

Ata-babalarymyzyň arzuw-umytlaryndan hasyl bolan Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň şan-şöhraty asyrlardan asyrlara aşyp, dünýä ýaň salsyn!

Watanymyzyň şanly Garaşsyzlygyny halkara derejesinde täze mertebä göteren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri mydama rowaçlyklara beslensin!

 

Merdan HALBAÝEW, 
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy bölüminiň esasy hünärmeni.