TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

IL SYLAGLY ÝAŞULULARYŇ SARPASY

Hormatly Prezidentimiziň – Arkadagly Serdarymyzyň pähim-parasatly baştutanlygy esasynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda eziz Diýarymyzyň her bir güni şatlykly toý-baýramlara beslenýär. Indi däp bolşy ýaly, günsaýyn gülläp ösýän mukaddes ata Watanymyzda her ýylyň 1-nji oktýabrynda Ýaşulularyň halkara güni agzybirlikde, ruhubelentlikde we dabaraly bellenilip geçilýär hem-de olara baýramçylyk sowgatlary gowşurylýar.

Taryhy senelere ser salsak, 1990-njy ýylyň 14-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 1-nji oktýabry Halkara Ýaşulular güni diýip kesgitledi. Indi 31 ýyldan bäri, bu baýramçylyk dünýäniň dürli künjeklerinde özboluşly bellenilip gelinýär.

Halkara derejesinde uly abraý-mertebä eýe bolan demokratik döwletimizde bolsa, bu dabaraly gün 2009-njy ýylyň 1-nji iýulyndan güýje girizilen Türkmenistanyň Zähmet Kodeksiniň 81-nji maddasynyň birinji böleginde ýerleşdirilen şanly seneleriň arasynda mynasyp orun aldy. Diýmek, Halkara ýaşulular güni biziň ajaýyp ýurdumyzda ilkinji gezek 2009-njy ýylyň 1-nji oktýabrynda bellenilip geçilipdir.

Ýaşulularyň halkara güni ömür menzillerinde baý durmuş tejribesini toplan ýaşuly nesillerimize hormat goýmagyň, olaryň Watan öňünde bitiren hyzmatlaryny, jemgyýetimiziň agzybirligini we döwletimiziň berkararlygyny berkitmekde çeken zähmetini ykrar etmegiň baýramy hökmünde sarpalanylýar.

Hemmämize mälim bolşy ýaly, halkymyzy bagtyýar geljege alyp barýan hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Watanymyzda giň gerimli maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Pähim-parasatly öwüt-ündewleri, gymmatly nesihatlary bilen ýaş nesillere görelde bolýan ýaşulularymyz hakynda hem uly alada edilýär. Ömri mekdebe, pendi edebe öwrülen, dilleri senaly, il sylagly ýaşulularymyzyň, mähriban enelerimiziň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmaga, durmuş taýdan goraglylygyna döwlet derejesinde uly üns berilýär.

Müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan «Garry – öýüň sütüni», «Garryly öý – gaznaly öý» ýaly ýörelgelerimize eýerilip, döwletli işleriň başy başlananda dili senaly, aksakgal ýaşulularymyz bilen maslahatlaşylýar.

Ýurdumyzda durmuşyň her bir ädiminde ýaşululara sala salmak, her bir işde olardan maslahat soramak türkmen halkynyň asylly ýörelgesidir. Bu gün öýlerimiziň, toýlarymyzyň we jemgyýetimiziň bezegi bolan ýaşuly nesillerimize akyl-paýhasyň, pähim-parasadyň egsilmez çeşmesi hökmünde belent sarpa goýýarys.

Rysgal-berekediň, eşretli durmuşymyzyň gönezligi bolan ak bugdaýyň hem-de pagtanyň ekişine, bol hasylyň ýygnalyşyna, täze binalaryň açylyşyna ak pata bermeklik däbini berjaý etmek ýaşuly nesillerimize ynanylýar. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny berkitmekde, milli däp-dessurlary ösdürmekde, agzybirligimizi hem-de jebisligimizi pugtalandyrmakda, ýaş nesle edep-terbiýe bermekde uly iş bitiren hem-de durmuşda görelde nusgasyny görkezen ýaşuly adamlara Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy»  diýen ady dabaraly ýagdaýda dakylýar. Şonda olara täzeje ak silkme telpegiň, gyrmyzy donuň geýdirilmegi we bil guşagynyň guşalmagy bu çäräniň millilik ruhuny şöhlelendirýär.

Halk içinde ýörgünli bolan we söýlüp diňlenilýän «Ýaşlaň arasynda garrylar gerek» diýlen aýdymda hem beýan edilişi ýaly, biziň ýüzleri nurana, perişde sypatly ýaşulularymyz agzybirligiň, gahrymançylygyň, edermenligiň, watansöýüjiligiň, halallygyň, ynsanperwerligiň, edep-ekramlylygyň mekdebidir we milliligimiziň, türkmeniň döwletlilik ýörelgesiniň dowamatydyr.

Hormatly Prezidentimizi, Gahryman Arkadagymyzy we eziz watandaşlarymyzy Ýaşulularyň halkara güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys!

Türkmenistanyň agzybir, zähmetsöýer halkyny asudalykda we demokratik ýol bilen ösüşleriň belentliklerine tarap alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, mertebesi belent bolsun! Il-ýurt, umumadamzat bähbitli tutumly işleri hemişe rowaç alsyn!

 

Dinmuhammet Annaçaryýew, 
Türkmenistanda  Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.