Hormatly Prezidentimiziň – Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe toýy-toýlara ulaşýan ýurdumyzyň her bir güni ýatdan çykmajak şatlykly taryhy wakalara beslenýär. Ýurdumyzyň baş baýramy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän asylly däplere, halkymyzyň döwletlilik ýörelgelerine eýerilip, hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde geçirilen Döwlet Maslahaty hem şeýle ajaýyp wakalaryň biri boldy.
— Biz hem şol Döwlet Maslahatyna gatnaşan Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň başlygy Maksatmyrat Geldiýew bilen gürrüňdeş bolduk we ýürek buýsançlaryny ýazga geçirdik.
— Bu ýylky Döwlet Maslahatynyň aýratyn bellenilmeli taraplarynyň biri-de onuň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ählihalk tarapyndan döwlet Baştutanlygyna saýlanmagy bilen badalga alan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ilkinji ýylynda geçirilýändigidir. Ýurdumyzyň baş baýramy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk toýunyň toýlanýan günlerinde – «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 23-nji sentýabrynda Ruhyýet köşgünde geçirilen Döwlet Maslahatyna gatnaşmak bagty maňa hem miýesser etdi.
Ata Watanymyzyň durmuşynda şanly waka bolan umumymilli forumyň dowamynda şu döwürde gazanylan üstünlikleriň netijelerini jemlemek, şeýle-de, ýurdumyzyň ählumumy ösüşlerini mundan beýläk hem ilerletmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak maksady bilen, il bähbitli, ýurt ähmiýetli kararlar we çözgütler kabul edildi.
Şeýle-de, hormatly Prezidentimiz maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip: «Şu ýyl Türkmenistanda Prezident saýlawlary geçirildi. Saýlawlar erkin, adalatly ýagdaýda geçdi. Saýlawlara gözegçilik eden daşary ýurtly myhmanlar olara ýokary baha berdiler. Esasy zat, saýlawlaryň geçirilişine türkmen halkynyň ýokary baha bermegidir. Men mähriban halkymyza maňa ynam bildirendigi we goldandygy üçin öz minnetdarlygymy bildirýärin diýdi. Şeýle hem döwür bilen aýakdaş kanunçylygymyzyň bolmalydygyny belleýärin. Şoňa görä-de, geljekde-de saýlaw ulgamyna degişli kanunçylygymyzy kämilleşdirmegi dowam etdirmeli, geçirilýän saýlawlarda gazanylýan tejribeleri hem milli kanunçylygymyza ornaşdyrmaly» diýip nygtady.
Arkadagly Serdarymyz maslahata gatnaşyjylaryň ünsüni 2023-nji ýylda geçiriljek örän wajyp ähmiýetli çärä çekdi. Has anygy, «2023-nji ýylda biz Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, şeýle-de Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny geçirmeli. Şoňa görä-de, biz bu saýlawlara häzirden taýýarlyk görüp başlamaly» diýip tabşyryk berdi. Merkezi saýlaw toparynda hem hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, bu boljak saýlawlara taýýarlyk işleri giň gerim bilen dowam edýär.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Döwlet Maslahatynda resminamalaryň birnäçesine gol çekdi. Olaryň hatarynda, däp bolşy ýaly, ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň günälerini geçmek barada, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakyndaky Permanlara gol çekmegi bu çärä gatnaşyjylaryň ruhuny has-da belende göterdi.
— Baky bagta eýe bolan halkymyz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza buýsanyp, toýlary uludan toýlaýar. Bu gün ýurdumyzyň her bir raýaty eşretli, bagtly durmuşda ýaşaýar, döredýär, gurýar, Ata Watanymyzyň bedew batly ösüşlerine mynasyp goşant goşýar. Her birimiziň ýüregimiz Arkadagly Serdarymyza bolan alkyşdan püre-pür.
— Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 19-njy martynda döwlet Baştutany wezipesine girişmek dabarasynda eden maksatnamalaýyn çykyşynda: «Öz öňümde goýan maksatlarymy üstünlikli amala aşyrmakda men, ilkinji nobatda, halkymyza, onuň agzybirligine we jebisligine, aň-düşünjesine hem-de merdanalygyna bil baglaýaryn», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!», «Her bir maşgalany häzirki zaman öýi ýa-da jaýy bilen üpjün etmek meniň esasy aladalarymyň biri bolar» diýen sözleri bütin il-ulsumyzyň göwnüne ganat bekläp, has-da gaýratly zähmet çekmäge ruhlandyrdy.
Täze taryhy eýýamda ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlaryny seljermekde, jemgyýetimizde ähli ugurlar boýunça il-ýurt bähbitli başlangyçlary öňe sürmekde, olary ýerine ýetirmegiň ugurlaryny kesgitlemekde we demokratik başlangyçlary mundan beýläk-de ösdürmekde örän uly ähmiýete eýe boljak Türkmenistanyň Döwlet Maslahaty halkymyzyň agzybirligini, jebisligini has-da dabaralandyrdy.
Munuň özi ösüşiň nusgalyk ýoluny kesgitlän Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli, ynsanperwer syýasatynyň Arkadagly Serdarymyz tarapyndan täze derejede mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Maslahata gatnaşyjylaryň «Arkadagly Serdara şöhrat!» diýip, kalplarynyň töründen çykýan buýsançly sözleri bir ýürek, bir ses ýaly bolup gaýtalamaklary hormatly Prezidentimiziň daşyna jebisleşen, berk binýatly türkmen jemgyýetiniň, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň geljeginiň röwşendigine şaýatlyk edýär.
Beýik işleri durmuşa geçirýän, halkymyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun!
— Beren gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň!
Gürrüňdeşligi ýazga geçiren H. ÖWEZOW.