TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

MUKADDES HAKYDA

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda halkymyzyň geçmiş taryhyny öwrenmekde, merdana pederlerimiziň sarpasyny belent tutmakda, nesillerimizi watançylyk ruhunda terbiýelemekde uly işler amala aşyrylýar. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda her ýylyň 6-njy oktýabrynda türkmen halky öz taryhynyň şöhratly sahypalaryny ýatlap, Hatyra gününi belleýär.

Türkmen halkymyzda «Ulusyny sylan baý bolar, ölüsini sylan beg bolar» diýlen pähim bar. Munuň özi pederlerimiziň edep-terbiýe jähdindenem, adamkärçilik babatda hem iň bir inçelikleri-de gözden salmandyklaryna şaýatlyk edýär. Sebäbi, ýokardaky jümlede iň gymmatly hazyna - ruhy baýlyk göz öňünde tutulýar. Nämedir bir zadyň ýa-da kimdir biriniň hatyrasy ynsanyň köňül köşgüniň baýlygy. Bu bolsa, ýaş nesilleriň terbiýesine hem öz täsirini ýetirýär. Hut şonuň üçin öz ezizlerimizi, gahrymanlarymyzy, şehitlerimizi ýatlap, her ýylyň güýzünde olary döwlet derejesinde hatyralamagymyza tebigat hem öz raýdaşlygyny bildirýän ýaly. Daş-töwerek sarylyga bürenip, beýik geçmişimiziň hatyrasyny tutýan ýaly bolup görünýär.

Aşgabat şäheriniň günorta-günbatar böleginde bagy-bossanlyga bürenip, baýyrlaryň arasynda ata-babalarymyzyň geçen taryhy ýoluny ýatladýan «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumy seleňläp otyr. Toplumdaky 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda, Gökdepe galasyny goramak ugrundaky söweşlerde, Watan üçin beýleki ýowuz uruşlarda wepat bolanlaryň «Baky şöhrat» we «Milletiň ogullary» hem-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň şehitleriniň «Ruhy tagzym» diýen ýadygärlikleri, şeýle hem «Watan mukaddesligi» muzeýi halkymyzyň gaýduwsyz gahrymanlaryna, türkmen halkynyň öz beýik geçmişine çuňňur hormat goýýandygynyň nyşany bolup, watançylyk ruhuňy belende göterýär.

Ol pajygaly günler barada, gör nije eserler, şygyrlar, aýdym-sazlar, sungat eserleri döredildi. Şol eserler bilen tanşan islendik adamyň ruhy dünýäsinde ilki gussa döräp, soňra bolsa, ýuwaş-ýuwaşdan buýsanç duýgusyna öwrülip gidýär. Hawa, şeýle kynçylyklardan baş alyp çykan il-günüňe bolan buýsanjyň barha artyp barýar. Eserleriň içinde ýaşap ýörkäň, gözüňe ýaş aýlanyny özüňem duýman galýarsyň. Soňra bolsa şeýle pikir seriňe dolýar: gör, biziň niçik mert, gaýduwsyz halkymyz bar. Olar pajygaly günlerde hem ruhdan düşmändirler. Özleri görmese-de, nesilleriň bagtyýar günleri görjekdiklerine ynanyp ýaşapdyrlar.

Biz ata-babalarymyzyň arzuwlap giden zamanasynda ýaşaýarys. Şonuň üçinem özümiz hem-de pederlerimiz üçin bu günleriň gadyr-gymmatyny bilip, Watanymyza, il-günümize hyzmat etmegimiz gerek.

Häzirki wagtda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözel paýtagtymyz Aşgabada seýil edeniňde, onuň bir wagtlar şeýle pajygaly wakany - elhenç ýer titremäni başyndan geçirip, ýer bilen ýegsan bolanlygyna ynanar ýalam däl.

Diýarymyzyň Garaşsyzlygyny almagy bilen bu ýerler täze görke eýe boldy. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan döwletli tutumlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda paýtagtymyz Aşgabat hem-de welaýatlarymyz, etrap hem-de etrapdaky şäherlerimiz, obalarymyz özgerişlere beslendi. Gurulýan binalar, köp sanly desgalar, dürli maksatly jaýlar, medeni-dynç alyş zolaklary, seýilgähler, suw çüwdürimleri  milliligi nusga edinýän döwrebap binagärçilik gurluşy bilen ýer ýüzünden gelýän myhmanlary, jahankeşdeleri özüne çekýär.

Aşgabat ak mermere beslenen şäher hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu gün merjen şäherimiz Aşgabat dürli maksatly duşuşyklaryň, sergileriň, medeni we sport ýaryşlarynyň geçirilýän ýerine öwrüldi.

Bu günki nesiller ata-babalaryny ýatlap, sarpasyny belentde saklaýarlar. Her bir köňülde şol pajygaly günleri başlaryndan geçirip, durmuş synaglaryny mertlerçe ýeňip geçen ata-babalaryna bolan uly buýsanç-baky hatyra bar.

Watanymyz başymyzyň täjidir, onuň iň beýik gymmatlykdygyny we oňa hyzmat etmegiň bagtdygyny bilýän her bir türkmen perzendiniň kalbynda Watan iň bir mukaddes düşünjedir. Biziň pederlerimiz mert, gaýduwsyz, nusgalyk duýgy - düşünjeleri özlerinde hem-de perzentlerinde terbiýeläp bilipdirler.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçen hem geçýän şanly wakalary, gazanylan üstünlikleri, amala aşyrylan oňyn özgertmeleri birin-birin sanap geçmek mümkin däl. Ata Watanymyzyň her bir güni, her bir aýy buýsandyryjy wakalar bilen baýlaşýar.

Il-ýurduna şeýle buýsandyryjy pursatlary bagyş edýän Arkadagly Serdarymyzyň adyna aýdylýan çäksiz alkyşlaryň bolsa yzy üzülenok.

Beýik geçmişimizi, ata-babalarymyzy hatyralap, bimöçber işleri alyp barýan hormatly Prezidentimize – Arkadagly Serdarymyza aýdylýan alkyşlar hemişe ýaňlanyp dursun. Goý, mundan beýläk hem her bir ojakda diňe çaga gülküsi, bagtyýar raýatlaryň bagt sesi eşidilsin!

 

Jennet Saparowa, 
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.