Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatly ýolbaşçylygynda raýatlaryň iň möhüm syýasy hukuklarynyň birini – saýlamaga we saýlanmaga bolan hukugyny kepillendirýän milli hukuk kadalaryny kämilleşdirmek, şonuň esasynda-da jemgyýeti has-da demokratiýalaşdyrmak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär.
Saýlawlara taýýarlyk görmek we ony geçirmek işlerinde raýatlaryň saýlaw hukularynyň kepillikleriniň üpjün edilmegi Türkmenistan döwletimiziň halkara derejesinde borçlanýan demokratik ýörelgelerine ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň (mundan beýläk – Mejlis) deputatlarynyň, welaýat, welaýat hukukly şäher (mundan beýläk – welaýat), etrap, etrap hukukly şäher (mundan beýläk – etrap, şäher) halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary we sala salşyklar gizlin ses bermek arkaly ählumumy, deň we göni saýlaw hukugynyň esasynda geçirilýär.
Göni saýlawlar – saýlaw hukukly raýatlaryň saýlawlarda bellige alnan dalaşgärlere ýa-da sala salşyga çykarylan meseläniň (meseleleriň) tarapyna ýa-da onuň (olaryň) garşysyna gönüden-göni ses bermegidir. Türkmenistanyň Prezidenti, Mejlisiň deputatlary, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalary raýatlar tarapyndan gös-göni saýlanylýarlar. Türkmenistanyň raýatynyň saýlawlara gatnaşmagy erkin we meýletindir.
Göni däl saýlawlar. Saýlawlaryň bu görnüşi saýlaw hukukly raýatlar tarapyndan gös-göni ses berilmän, ýörite adamlar – saýlaýjylaryň ýa-da ýörite wekilleriň üsti bilen ses bermekdir. Biziň döwletimizde şol ýörite adamlar - gös-göni ses bermek bilen saýlanylan welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatynyň agzalarydyr.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň (mundan beýläk – Halk Maslahaty) agzalarynyň saýlawlary gizlin ses bermek arkaly göni däl (gytaklaýyn) saýlaw hukugynyň esasynda welaýat halk maslahatlarynyň mejlislerinde geçirilýär.
Saýlawlar bäsleşik esasynda geçirilýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň, Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary bir mandatly saýlaw okruglary boýunça geçirilýär.
Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynda her welaýatyň, Aşgabat şäheriniň çägi sekiz mandatly bir okrugdyr.
Saýlaw okruglarynyň iki görnüşi bolýar. Olar bir mandatly we köp mandatly saýlaw okruglarydyr.
Mandat – degişli çäkde (saýlaw okrugynyň çägi) saýlanylmaly wekiliň sanyny görkezýär, ýagny saýlanmagyna ygtyýar berýän düşünjedir.
Bir mandatly saýlaw okruglarynda bir deputat ýa-da bir agza saýlanylýar. Köp mandatly saýlaw okruglarda bolsa, bir saýlaw okrugy boýunça birnäçe deputat ýa-da birnäçe agza saýlanylýar.
Sala salşyk (halkyň ses bermegi) – munuň özi Türkmenistanyň raýatlarynyň ses bermek arkaly döwlet häkimýetini amala aşyrmaga gös-göni gatnaşmagynyň bir görnüşidir.
Döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna degişli möhüm meseleleri çözmek üçin ählihalk we ýerli sala salşyklary geçirilip bilner.
Saýlaw we sala salşyk möwsümi (mundan beýläk – saýlaw möwsümi) Türkmenistanyň Prezidentligine, Halk Maslahatynyň agzalagyna we Mejlisiň deputatlygyna, welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň, Geňeşiň agzalygyna dalaşgärleri we sala salşyklara goýlan meseleleri erkin we deňhukukly hödürlemek, aýanlyk we açyklyk, wagyz erkinligi başlangyçlarynda, ähli dalaşgärler üçin deň mümkinçiliklerde amala aşyrylýar.
Saýlaw möwsümi – bu kanunçylykda bellenen tertipde saýlawlara taýýarlyk görmek we ony guramaçylykly geçirmek boýunça işleri amala aşyrmak üçin degişli saýlaw topary tarapyndan bellenilen möhletdir.
Dalaşgär – haýsy hem bolsa bir saýlawly wezipä (Prezidentlige, deputatlyga, agzalyga) saýlanmak üçin dalaş edýän we sese goýulýan saýlaw hukukly raýatdyr.
Dalaşgärlige hödürlemek - ol syýasy partiýalaryň, raýatlar toparlarynyň kanunda bellenilen tertibe laýyklykda, saýlawly wezipelere öz wekillerini hödürlemegidir.
Biziň döwletimizde geçirilýän göni saýlawlarda dalaşgärlige hödürlemek hukugy, saýlaw kanunçylygyna laýyklykda, saýlawlaryň bellenilen gününe çenli bellige alnan syýasy partiýalara, şeýle hem raýatlaryň toparlaryna degişlidir. Göni däl (gytaklaýyn) saýlawlarda dalaşgärleri degişli welaýat, etrap, şäher halk maslahatlary öz mejlislerinde hödürleýärler.
Dalaşgärleri hödürlemegiň tertibi Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda düzgünleşdirilýär.
Hödürlenilen wagtyna çenli iş kesilenlik aýyby öz-özünden aýrylmadyk ýa-da kanunda bellenilen tertipde aýrylmadyk adam dalaşgär hödürlenilip bilinmez.
Türkmenistanyň Prezidentiniň, Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynda dalaşgärleri hödürlemek saýlawlara altmyş gün galanda başlanyp, otuz gün galanda tamamlanýar.
Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynda bolsa, dalaşgärleri hödürlemek saýlawlara elli gün galanda başlanyp, ýigrimi bäş gün galanda tamamlanýar.
Dalaşgäri bellige almak diýlip, saýlaw kanunçylygynyň talaplary berjaý edilip, dalaşgärlige hödürlenilen saýlaw hukukly raýatyň degişli saýlaw topary tarapyndan bellige alnyp, oňa dalaşgäriň ygtyýarlyklarynyň berilmegine düşünilýär.
Dalaşgärleriň hukuklary – munuň özi, kanunçylyga laýyklykda, saýlaw möwsüminde dalaşgäriň wagyz işlerini erkin geçirmäge bolan ygtyýarlygydyr. Dalaşgärleriň hukuklary kanun arkaly kesgitlenilýär. Dalaşgärleriň bellige alnan pursadyndan beýläk saýlawlaryň öň ýanynda geçirilýän mejlislerde, ýygnaklarda, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş etmäge deň hukuklary bardyr.
Dalaşgäriň ynanylan adamlary – bellige alnan dalaşgärler tarapyndan bellenilýän saýlaw hukukly raýatlardyr. Dalaşgärleriň ynanylan adamlaryny bellemegiň düzgünleri her ýurduň öz saýlaw kanunçylygynda bellenendir. Dalaşgärleriň ynanylan adamlaryny bellemek her bir dalaşgäriň öz islegine görädir, ol dalaşgärleriň hukugydyr. Dalaşgäriň ynanylan adamlary saýlaw möwsümini geçirmekde dalaşgäre kömek berýärler, onuň saýlanmagy ugrunda wagyz işini alyp barýarlar.
Ýurdumyzda geçirilýän saýlawlara saýlaw hukukly ýaşlaryň, şeýle hem zenanlaryň işjeň gatnaşmaklary-da biziň syýasy durmuşymyzda demokratik ösüşleriň we hukuk kämilliginiň gazanylýandygyny äşgär edýär.
Türkmen jemgyýetiniň kämilliginiň, raýatlaryň syýasy hukuklarynyň we azatlyklarynyň durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasy bolup durýan saýlawlar ýurdumyzda halk demokratiýasynyň giňden dabaralanýandygyny hem aýdyň görkezýär.
Biziň demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň halkara derejesindäki abraý-mertebesini barha ýokarlandyrmaga, ýurdumyzda saýlaw ulgamynyň kämilleşmegine ýakyndan ýardam berýän, halkyny bagtly geljege alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!
Annadursun MESKUTOWA,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy bölüminiň baş hünärmeni