Asuda, parahat ýurdumyzyň halkara abraýyny belende göterýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstünlikli alnyp barylýan içeri we daşary syýasatymyzyň düýp maksady dostlukly döwletler bilen hoşniýetli gatnaşyklary, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyklary mundan beýläk hem ösdürmekden ybaratdyr.
Hormatly Prezidentimiz sebitiň ýurtlary bilen syýasy-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ulag-aragatnaşyk, senagat-kommunikasiýa we oba hojalygy ýaly dürli ugurlar boýunça özara gatnaşyklary berkitmäge aýratyn ähmiýet berýär. Döwletimiziň ikitaraplaýyn bähbitli gatnaşyklary alyp barýan, giň gerimliligi bilen tapawutlanýan strategik hyzmatdaşlarynyň biri-de doganlyk Özbegistan Respublikasydyr.
Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky däp bolan goňşuçylyk diplomatik gatnaşyklary 1993-nji ýylyň 7-nji fewralynda ýola goýuldy. Mukaddes Garaşsyzlyk ýyllary içinde Özbegistan Respublikasy ýurdumyzyň iri, ygtybarly hem ynamdar hyzmatdaşlarynyň biri bolmak bilen, taryhdan gözbaş alýan dost-doganlyk gatnaşyklary täze derejä çykdy. Türkmen hem-de özbek halklarynyň medeni we ruhy gymmatlyklarynyň umumylygy bu gatnaşyklaryň has-da berkemegine itergi berýär.
Arkadagly Serdarymyzyň şu ýylyň 14-15-nji iýulynda Özbegistan Respublikasynda döwlet saparynda bolmagy bu aýdylanlara şaýatlyk edýär. Hususan-da, Gahryman Arkadagymyzyň iki ýurduň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy ugrunda durmuşa geçiren beýik işleri bimöçberdir.
Mälim bolşy ýaly,Türkmenistanyň hoşniýetli goňşusy bolan Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti 2022-nji ýylyň 20-21-nji oktýabrynda ýurdumyza iki günlük resmi sapary amala aşyrdy. Saparyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda ýokary derejeli gepleşikler geçirildi. Özara ynanyşmak ýagdaýynda geçen gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Baştutanlary açylýan täze mümkinçilikleri, geljek üçin ileri tutulýan meýilnamalary nazara almak bilen, türkmen-özbek gatnaşyklarynyň esasy meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlyk iki doganlyk döwletiň uzak möhletleýin bähbitlerine laýyk gelýär hem-de Merkezi Aziýada parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy, ösüşi üpjün etmegiň esasy şerti bolup durýar. Yzygiderli geçirilýän giň gerimli medeni çäreler iki halkyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagyna ýardam berýär.
Häzirki wagtda ikitaraplaýyn gatnaşyklarda ykdysady hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýär. Hususan-da, önümçilik pudaklaryndaky hyzmatdaşlygy, serhetýaka etraplaryň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmakda, suw we energetika meselelerinde, Aralyň meselelerini çözmekde tagallalaryň birikdirilmegi möhüm hasaplanylýar.
Giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.
Umuman aýdanymyzda, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza şu resmi sapary köpöwüşginli wakalara örän baý boldy. Saparyň dowamynda Özbegistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz bilen duşuşmagy iki ýurduň arasyndaky parlamentara gatnaşyklara ýokary derejede üns berilýändiginiň subutnamasyna öwrüldi.
Bilşmiz ýaly, gadymy kerwen ýolunyň ugrunda ýerleşýän Daşkent ak şäherimiz Aşgabat bilen doganlaşan şäherdir. Bu barada Aşgabat şäheriniň häkimligi bilen Daşkent şäheriniň häkimligi 2017-nji ýylyň 20-nji maýynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hakynda Ylalaşyk gazandylar. Munuň özi iki ýurduň paýtagt şäherleriniň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary täze derejä çykarmakda möhüm ähmiýete eýe boldy. Ýadyňyzda bolsa, Daşkentde gadymdan bäri Türkmen bazarynyň, şeýle hem türkmen şahsyýetleriniň adyny göterýän köçeleriň, ilatly ýerleriň bardygy bize mälim. Şeýle-de, Aşgabat şäherinde hem Alyşir Nowaýy köçesi bolup, şol köçäniň ugrunda ýerleşýän «Ylham» seýilgähinde onuň ýadygärligi oturdyldy.
Ynha, tylla güýzüň zer ýapraklary bilen Zemini bezeýän günlerinde -- 2022-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda goňşy dostlukly döwletleriň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Ak şäherimiz Aşgabadyň binagärlik keşbine özboluşly goşant bolan Magtymguly şaýolunyň ugrunda ak mermere bürenip, gözel paýtagtymyza zynat berip oturan «Daşkent» seýilgähi dabaraly ýagdaýda açyldy. Doganlyk özbek halkynyň milli aýratynlyklary göz öňünde tutulyp gurlan bu medeni-dynç alyş seýilgähi iki ýurduň arasyndaky dostlugyň, agzybirligiň hem-de halklaryň medeni taýdan ýakynlygynyň aýdyň beýany boldy.
Şeýle-de, şol açylyş dabarasynyň çäklerinde iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň teleköpri arkaly Daşoguz welaýatynyň çäginde ýerleşýän Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynyň — Söwda merkeziniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşmaklary söwda-ykdysady gatnaşyklaryň geljekde has-da pugtalanjakdygyna uly ynam döredýär.
Ýeri gelende aýtsak, indi 4 ýyldan gowrak wagt bäri gadymy Daşkendiň gözel künjekleriniň birine ajaýyp «Aşgabat» seýilgähi ýaraşyk berýär. Daşkent şäherinde türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän köçeden uzak bolmadyk künjekde ýerleşip, bu seýilgäh iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda 2018-nji ýylyň aprel aýynda açyldy. «Aşgabat» seýilgähi häzirki wagtda Daşkendiň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň dynç almaklary üçin iň gelim-gidimli ýerleriň birine öwrüldi.
Hawa, Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky gatnaşyklar ynamly ösýär. Özbek Lideriniň ýurdumyza bu gezekki resmi sapary köpýyllyk hyzmatdaşlyga täze itergi berer, sebitiň ýurtlarynyň we halklarynyň arasyndaky däp bolan dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam eder.
Bu günki gün Arkadagly Serdarymyzyň pähim-parasatly başlangyç-laryndan gözbaş alýan netijeli işler, döwletli tutumlar diňe bir halkymyzyň däl, eýsem, dünýä jemgyýetçiliginiň umumy bähbitlerine gönükdirilendir.
Goý, ata Watanymyzyň halkara abraýyny mundan beýläk hem belende galdyrmak ugrunda, dünýäde parahatçylygy, abadançylygy hem-de dost-doganlygy üpjün etmekde oňyn başlangyçlary öňe sürýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!
Hekimberdi Öwezow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň sekretar-referenti.