TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

TÜRKMEN ALABAÝYNYŇ BAÝRAMY

Gahrymançylygy bilen taryha giren gadymy oguzlaryň nesli bolan türkmen ilinde ata-babalarymyzdan miras galan milli gymmatlyklarymyz biziň üçin taýsyz baýlykdyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gadymdan gelýän däp-dessurlarymyz, maddy we ruhy mirasymyz täze röwşe eýe bolýar. Halkymyzyň taryhy-medeni mirasyny goramak we ony dünýäde giň­den wagyz etmek Arkadagly Serdarymyzyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Türkmen halky milli gymmatlyklara uly sarpa goýýar. Ahalteke bedewleri, türkmen halylary we beýleki gymmatlyklarymyz bilen bir hatarda, wepaly, edermen, namysjaň türkmen alabaý itleri hem dünýäde uly meşhurlyga eýe boldy. Her bir halkyň dünýä medeniýetine goşan goşandy onuň maddy we ruhy gymmatlyklary bilen kesgitlenýär. Türkmen halky hem asyrlaryň dowamynda umumadamzat bähbitli, naýbaşy gymmatlyklary döreden halkdyr. Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly işleri durmuşa geçirýärler.

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň döredilmegi alabaý itlerini ýetişdirmäge, sap ganlylygyny gorap saklamaga, köpeltmäge uly şert döretdi.

Edermenligi, wepalylygy bilen tanalýan alabaý itleri hakynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda: «Alabaý — biziň Watanymyzyň baýlygy. Ol biziň ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlygy. Ony gorap saklamak, ähli ajaýyplygy bilen geljek nesillerimize ýetirmek biziň borjumyz» diýlip, türkmen tebigatynyň gudraty we merdana itşynaslaryň baý tejribeleri esasynda kemala getirilen türkmen alabaýyna mynasyp baha berilýär.

Ata-babalarymyzyň «Itim — gutum», «It geldi — gut (döwlet) geldi», «It — ata, är — daýa» diýen pähimleri türkmen alabaýynyň müňýyllyklaryň jümmüşinden bäri uly hormata mynasyp bolup gelýändigine güwä geçýär. Şeýle-de, wepaly dost we ynamdar syrdaş hasaplanylyp gelnen alabaýyň  örän wepalydygyny, ynamdardygyny subut edýär.  

Alabaýlar baý medeni mirasymyzyň aýrylmaz bölegidir. Olary saklamak we geljekki nesillere ýetirmek ýaly, pederlerimiziň asylly däpleri häzirki döwürde-de mynasyp dowam etdirilýär. Ýurdumyzyň paýtagtynda hem-de sebitlerinde ýöriteleşdirilen tohumçylyk we karantin merkezleriniň işe girizilmegi bilen, arassa ganly tohum itlerine ideg etmek, terbiýelemek, olaryň saglygynyň kadaly ýagdaýda bolmagyny gazanmak hem-de itleriň arasynda ýaryşlary geçirmek üçin zerur şertler döredildi. Şeýle-de, Türkmenistanyň Kanunlary esasynda «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy», «Türkmenistanyň halk itşynasy» diýen hormatly atlaryň döredilmegi hem türkmen itşynaslary barada edilýän aladanyň görkezijisi bolup durýar.

 Munuň şeýledigine 2021-nji ýylyň 27-nji dekabrynda türkmen alabaýynyň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak we milli itşynaslygy ösdürmek maksady bilen, her ýylyň oktýabr aýynyň soň­ky ýekşenbesinde Türkmen alabaýynyň baýramyny bellemek hakynda degişli resminama gol çekilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ilkinji gezek «Türkmen alabaýynyň baýramy» aýratyn baýram hökmünde bellenilip geçiler.

2017-nji ýylda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşany hökmünde alabaýyň saýlanmagy ýöne ýerden däl­dir. Wepalylygy, batyrlygy bilen tapawutlanýan alabaýlar halkymyzyň durmuşynda geçmişde-de, häzirki döwürde-de möhüm orny eýeläp gelýär.

Hormatly Prezidentimiziň milli mirasymyzy gorap saklamak hem-de ony dünýäde giňden wagyz etmek babatda alyp barýan işleri kanunlar bilen hem berkidilýär. Muňa şu ýylyň 24-nji iýulynda «Itçilik we kinologiýa işi hakynda»Türkmenistanyň kanunynyň kabul edilmegi hem doly şaýatlyk edýär. Itçilik we kinologiýa işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň maksady itçilikde seçgi-tohumçylyk işini gowulandyrmak, milli genofonduna girýän itleriň tohum arassalygyny gorap saklamak, itleriň tohumlaryny köpeltmek hem-de kämilleşdirmek üçin hukuk kepilliklerini döretmek ýoly bilen itçiligi we kinologiýa işini ösdürmek bolup durýar.

Dünýäde ynsan ýaşaýşy üçin zerur zatlaryň biriniň wepadarlykdygyny, dostlukdygyny hemmeler bilýän bolsa gerek. Ynha, şol wepaly dostluk häsiýetleriniň bolsa durky peleň, şir mysaly edermen türkmen alabaý itlerinde jemlenendigi bizi buýsandyryp, ruhumyzy belende göterýär hem-de Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly ajaýyp goşgusynyň dürdäne setirleri zybanyňa gelip, kalbyňy joşdurýar.

Asyrlaryň sungatyna 
Dowam türkmen alabaýy.

Halkyň milli gymmatyna 
Kemal türkmen alabaýy.

Türkmeniň asyrlar boýy kämilleşdirip gelen maddy we ruhy gymmatlyklaryny goramak, kämilleşdirmek hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyna ornaşdyrmak, dünýä ýaýmak babatynda uly işleri durmuşa geçiren Gahryman Arkadagymyzyň hem-de täze taryhy eýýamda bu işlere döwrebap badalga beren Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolup, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

  

Hekimberdi Öwezow
Türkmenistanda  Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň sekretar-referenti.