TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

RYSGAL-BEREKEDIŇ BAÝRAMY

Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzda halal kesbinden kemal tapan merdana babadaýhanlar ene toprakdan bol hasyl ýygnap, tyllaýy güýz paslynda uludan toý tutýar. Halal zähmetiň netijesinde kemala gelen bitginli hasylyň berekedi göreçlere nur çaýýar, köňüllere şatlyk paýlaýar. Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan Hasyl toýy il agzybirliginiň, halkymyzyň zähmetsöýerliginiň baýramydyr.

Hasyl toýy diýlende ilki bilen edermen babadaýhanlarymyzyň maňlaý derini döküp, yhlasly çeken zähmetleriniň miweleri göz öňüňe gelýär. Çünki, daýhanlarymyzyň halal zähmeti bilen sahawatly türkmen topragyndan ekinleriň, ir-iýmişleriň bol hasyly ösdürilip ýetişdirilip, ýurdumyzda azyk bolçulygy üpjün edilýär.

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde Hasyl toýuny döwlet derejesinde bellemek asylly däbe öwrüldi. Bu baýram babadaýhanlarymyzyň ýylyň dowamynda çeken zähmetiniň jemleýji toýy hökmünde çuňňur many-mazmuna eýedir. Babadaýhanyň toprakdan öndürilen hasylyna bolan buýsanjynyň aýdyň beýanydyr.

Hawa, hasyl hakynda gürrüň edilende, ilki bilen, bugdaý, gowaça, gök-bakja ekinleri, miweli baglardan alynýan önümleriň ählisi göz öňüne gelýär. Hasyl sözi arzuwyň hasyl bolmagy, garaşylýan netijäniň amala aşmagy ýaly söz jümleleri bilen hem baglanyp gelýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli başlangyçlary esasynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçýän şu ýyl hem uly üstünliklere beslendi. Gallaçylarymyz Watan harmanyna guşgursak bugdaýyň bol hasylyny tabşyrdylar. Şu ýyl ýurdumyzda gök-bakja ekinleriniň, miweleriň hem bol hasyly ýygnaldy. Maldarlarymyz mallaryň baş sanyny köpeltmekde we ilaty et-süýt önümleri bilen üpjün etmekde zähmet üstünliklerini gazandylar.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini yzygiderli ýokarlandyrmak bilen, öňdebaryjy ekerançylygyň ýurduna öwrüldi. Oba zähmetkeşleriniň zähmetsöýerligi bilen eziz Diýarymyz gülläp ösýär. Olaryň tutanýerli päk zähmetiniň netijesinde ýurdumyzda azyk bolçulygy döräp, ykdysadyýetimiziň ösüşi barha ilerleýär.

Daýhanyň daýanjy bolan kuwwatly tehnikalardyr dökünler, ekin ekmek üçin naýbaşy tohum, suw bilen üpjün edilmegi, ýerleriň uzak möhletleýin kärendesine berilmegi rysgyny toprakdan tapýan oba hojalyk işgärleriniň has-da öndürijilikli işlemeklerine, ozal daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň indi özümizde öndürilmegine, oba hojalyk ekinleriniň eksport mümkinçilikleriniň artmagyna ýardam etdi. Şonuň üçin hem bu gün türkmen daýhanynyň ösdürip ýetişdiren gök-bakja önümleri dünýä bazarynda mynasyp orna eýe bolýar.

Türkmenistan gadymy we baý ekerançylyk medeniýetiniň ýurdudyr. Häzirki wagtda topraga aýawly garamak täze many-mazmuna eýe bolýar. Daýhanyň bereketli türkmen topragyndan alan bol hasylyna döwletimiz ummasyz derejede sarpa goýýar.

Baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bereketli topragymyzyň bol hasylyna bagyşlanan sergiler guralýar. Pagtaçylyk we däneçilik, maldarçylyk, azyk senagaty, dokma senagaty pudaklarynyň önümleri, täze oba hojalyk tehnikalarynyň nusgalary köpçülige görkezilýär. Ata Watanymyz Türkmenistanda ösdürilip ýetişdirilýän möhüm oba hojalyk ekinleriniň biri bolan gowaçanyň iň gowy sortlarynyň tohumlary bilen giňden tanyşdyrylýar. Şol sergilerde orta süýümli hem-de aýratyn gymmatly-inçe süýümli pagtanyň nusgalary bilen tanyşmak bolýar.

Pagta süýümi ýurdumyzyň okgunly ösýän dokma senagatynyň häzirki zaman kärhanalary üçin çig mal bolup hyzmat etmek bilen çäklenmän, eýsem, käbir azyk önümleri üçin hem çig mal bolup hyzmat edýär. Pagta çigidinden ösümlik ýagy öndürilip, onuň gabygy mallar üçin örän ýokumly iým hökmünde ulanylýar, gowaça çöpünden öndürilen gurluşyk materiallaryny türkmen telekeçileri mebel ýasamakda we gurluşyk hajatlary üçin giňden ulanýarlar.

Hasyl toýy mynasybetli, hormatly Prezidentimiziň Permany bilen, öňdebaryjy daýhanlara, zähmet ussatlaryna ýörite Şa serpaýlary ýapylýar, hormatly atlar dakylýar. Bularyň ählisi güneşli Diýarymyzda bellenilýän bu toýuň baýramçylyk öwüşginini bütin Ýer ýüzüne ýaýýar.

Hasyl toýuna bagyşlanyp, paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda dürli medeni we sport çäreleri, maslahatlar we sergiler guralýar, bereketli saçaklar giňden ýazylýar. Sungat ussatlarynyň çykyşlary Hasyl toýuna aýratyn öwüşgin çaýýar. Onda türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklary we däp-dessurlary, raýatlarymyzyň jebisligi, zähmetsöýerligi, abadançylygy öz beýanyny tapýar.

Elbetde, ata-babalarymyzdan gelýän «Daýhandan hereket, ýerden bereket» diýen pähime eýerip, daýhanlarymyzyň ene topraga yhlas siňdirip ýetişdiren bol hasyly her bir maşgalanyň rysgal-berekediniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň kepilidir.

Goý, sahawatly türkmen topragynyň rysgal-berekedi hiç mahal egsilmesin!

Täze eýýamda oba hojalygyny ösüşleriň belent derejelerine çykarýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli, belent maksatly tutumlary hemişe rowaç alsyn!

 

Ogulmaral Rejepowa, 
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň esasy hünärmeni.