Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň her bir güni il-ýurt bähbitli beýik işlere, buýsançly taryhy wakalara, şatlykly toý-dabaralara beslenýär. Türkmen halkynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji ýubileý mejlisinde dünýäniň 185 döwletiniň biragyzdan goldamagynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakynda Rezolýusiýa kabul edildi.
Şeýlede, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwletiň biragyzdan goldamagynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy» hakynda Rezolýusiýa ikinji gezek kabul edildi. Bu seneler Milletler Bileleşiginiň taryhynda hem möhüm sahypa öwrüldi. Munuň özi ata Watanymyzyň Bitaraplyk derejesiniň pugtalandyrylmagynyň miwesidir.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň kökleri halkymyzyň müňýyllyklara uzaýan taryhyndan gözbaş alýar. Bitaraplyk syýasaty dünýäde parahatçylykly ýol bilen bagtyýar geljege sary ynamly öňe gitmekdir.
Hormatly Prezidentimiz: «Biziň döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan esasy ýörelgeler, anyk aýdylanda bolsa Ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, hoşniýetli, dost-doganlyk gatnaşyklaryny giňeltmek, durnukly ösüşi üpjün etmek geljekde hem Garaşsyz Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolar» diýip belleýär.
Gahryman Arkadagymyz: «Hoşniýetli Bitaraplyk, ata-babalarymyzyň ädimme-ädim sünnäläp gelen iňňän ynsanperwer ýol-ýörelgeleriniň biridir» diýip, Bitaraplygyň kökleriniň halkymyzyň taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyna ünsi çekýär.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyz gün-günden özgerýär, ösýär. Bitarap Türkmenistany ösüşiň belent sepgitlerine ýetirmek üçin ähli ugurlarda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Türkmenistan Watanymyz bilim ulgamynda, medeniýet äleminde, sungatda, lukmançylykda, kompýuter tehnologiýasynda dünýäniň ösen döwletleri bilen bäsleşýär.
Bilim ojaklarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde bilim babatyndaky hyzmatdaşlyklar ösýär. Ylym-bilim merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar guralýar. Şonuň bilen bir hatarda ähli bilim edaralarynda sanly bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen dersler boýunça döwrebap, elektron okuw kitaplary, gollanmalary, wideo-audiomateriallary, interaktiw-multimediýa, maksatnamalary, okuw görkezme esbaplary, maglumat kitapçalary döredilýär. Şeýle-de, sanly ulgama esaslanyp, teleköpri arkaly okuw sapaklary alnyp barylýar.
Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetleri we däpleri döwletimiziň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň özeni bolup durýar. Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasyny amala aşyrmakda uly üstünlikler gazanylýar. Halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde we umumyadamzat ösüşlerine dahylly meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmakda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasaty dünýä bileleşigi tarapyndan goldanylýar.
Türkmenistan döwletimiz Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýar. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 46-njy sessiýasynyň 82-nji mejlisinde Türkmenistanyň bu Guramanyň deňhukukly agzalygyna kabul edilýändigi hakynda karar kabul edildi. Agza ýurtlaryň her biri Birleşen Milletler Guramasynyň Düzgünnamasynda beýan edilen, halkara gatnaşyklarynyň esasy ýörelgelerine esaslanýan şertleri öz üstüne borç edip alýar.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 12-nji dekabr Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edildi.
Asyrlar boýy uly isleg-arzuw bilen ýaşan halkymyz bu günki günde parahatçylygyň, ylalaşygyň we halklaryň arasynda dostlugyň hakyky merkezine öwrülen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde bagtyýar ömür sürýär. Döwletimiziň gazanan hemişelik Bitaraplygy sebitde halkara hyzmatdaşlygynyň we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösmegine itergi berýär.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmeginiň 27 ýyllyk taryhy senesi bellenilýän döwletimizde ajaýyp wakalar ruhubelentligiň, parahatçylygyň, hoşniýetli gatnaşyklaryň, abadançylygyň binýady bolup taryhymyza girýär. Häzirki zamanyň halkara gatnaşyklary ulgamynda özüniň mynasyp we täsirli ornuny barha berkidýän hemişelik Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň paýhasly baştutanlygy esasynda täze ösüşlere tarap ynamly öňe barýar.
Hemişelik Bitaraplygymyz — uly bagt, wysal bolan arzuw! Hemişelik Bitaraplyk asuda ýaşaýşyň, ertire bolan ynamyň beýanydyr. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwletimiz hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine eýerip, taryh üçin gysga döwürde halkara derejesinde uly abraý gazandy. Bitarap Türkmenistan häzirki wagtda dünýäniň ýurtlarynyň we halklarynyň özara düşünişmek, dostluk hem-de ösüş babatda tagallalaryny birleşdirmek boýunça halkara derejede ägirt uly işleri durmuşa ornaşdyrýan ýurt hökmünde giňden tanalýar.
Türkmenistan hemişelik Bitarap döwlet bolmak bilen, umumadamzat gymmatlyklaryna we demokratiýanyň ýörelgelerine eýermek, ýurduň içinde agzybirligi, asudalygy amal etmek, Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly halkara guramalary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda bolup, öz ynsanperwer syýasatyny ýöretmek ýaly asylly işleri üstünlikli berjaý edýär.
Türkmenistan döwletimiziň daşary syýasaty Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki mertebe ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýy bilen kesgitlenilýär. Biziň ýurdumyz ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak işine işjeň gatnaşyp, onuň ylalaşdyryjy we ykdysady wekilçiligi adamzadyň abadançylygyna gönükdirilendir.
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: Bir suprada taýýar kylynsa aşlar, Göteriler ol ykbaly türkmeniň – diýip belleýşi ýaly, bu günki gün Türkmenistan döwletimiz agzybirlikde hemişelik Bitaraplygymyzyň 27 ýyllyk şanly toýuny giňden belleýär. Bu baýram döwletimiziň we halkymyzyň parahatçylyk, dostanalyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlydygyny doly açyp görkezýär.
Toýlary toýa ulaşýan ýurdumyzda Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny dileg edýäris.
Maksat Saipow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.