TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

BAKY BAGTYÝARLYGYMYZYŇ RÖWŞEN ÝOLY

Türkmen halkynyň at-abraýyny halkara derejede belende göteren hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ata-babalarymyzyň parahatçylyga, demokratik kadalara esaslanýan ynsanperwer ýörelgeleriniň asyrlardan-asyrlara ýol salan dowamatydyr. Bitaraplyk pähimdar pederlerimiziň berkarar döwletde ýaşamak ýaly gadymyýetden gözbaş alýan milli däp-dessurlarynyň we ynsanperwer ýörelgeleriniň dowamy bolup, taryhda şöhratly sahypany açdy.

Türkmenistan gysga wagtyň içinde halkara giňişliginde özboluşly daşary syýasatyny amala aşyrýan döwlet hökmünde özüni tanatdy. Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda baky Bitarap döwletimiz sebitiň we dünýäniň halklarynyň bähbidine gönükdirilen işjeň daşary syýasaty alyp barmak bilen, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna, deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýerip, halkara gatnaşyklarynda mynasyp orny eýeleýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyga, özara hormatlamaga we deňhukuklylyga, dünýäniň ähli ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga esaslanan Bitaraplyk syýasatyny dowam eder. Biziň döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan esasy ýörelgeler, anyk aýdylanda bolsa Ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, hoşniýetli, dost-doganlyk gatnaşyklaryny giňeltmek, durnukly ösüşi üpjün etmek geljekde hem Garaşsyz Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolar» diýip belleýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzyň içerki syýasaty «Döwlet adam üçindir!» diýlen baş ýörelgeden ugur alýan bolsa, daşary syýasy ýörelgämiz «Açyk gapylar», Bitaraplyk syýasatymyzdan ugur alýar.

Biziň ýurdumyz dünýäde hemişelik Bitaraplyk derejesi iki gezek ykrar edilen ýeke-täk döwletdir. Geçen asyryň 1995-nji ýylynyň 12-nji dekabrynda eziz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolan günüdir. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 185 döwletiň goldamagynda Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ykrar edildi. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasyna agza döwletleriň 193-si tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» baradaky Rezolýusiýasy gaýtadan kabul edildi. 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek hakynda Rezolýusiýa kabul edildi.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy ýurdumyzyň ykdysady taýdan has-da ösmegine, dünýäde halkara hyzmatdaşlygynyň giňelmegine, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ilerlemegine itergi berýär. Rezolýusiýanyň kabul edilmegi Türkmenistanyň öz Bitaraplyk derejesine esaslanyp alyp barýan parahatsöýüjilikli, dostlukly syýasatynyň dabaralanmasydyr. Türkmenistan özüniň daşary syýasatynda Bitaraplyk ýörelgelerine eýerýär. Ýurdumyzyň iş ýüzünde alyp barýan daşary syýasaty we halkara gatnaşyklary bu günki gün dünýä we sebit gatnaşyklaryny ösdürmek, şeýle hem özara bähbitli syýasy, ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmek babatynda ýokary baha mynasyp bolýar.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy diňe bir Merkezi Aziýa döwletleri üçin däl, eýsem, dürli yklymlaryň ýurtlary üçin hem örän peýdalydyr. Hemişelik Bitaraplygymyz berkarar döwletimiziň ynsanperwer syýasatyny, parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlaryny älem-jahanda dabaralandyrýar. Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ynsanperwer ugry, ählumumy parahatçylygyň hatyrasyna öňe sürýän netijeli teklipleri dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar.

Häzirki döwürde hemişelik Bitaraplygymyz ýurdumyzyň gülläp ösüşiniň berk binýadyna öwrülýär. Halkymyzyň durmuşynda uly yz goýan her bir sene mukaddeslik hökmünde taryha girýär. 12-nji dekabr hem türkmen halkynyň durmuşynda täze bir ýol-ýörelgäniň jarçysy boldy. Halkymyzyň milli ýörelgeleri bilen sazlaşýan Bitaraplygymyzyň sebitde durnuklylygyň saklanmagyna hyzmat edýändigi bagtyýar watandaşlarymyzyň kalbyny çäksiz buýsanja besleýär.

Bütin halkymyz ata Watanymyzyň baky Bitaraplyk derejesiniň şanly toýuny uly dabaralar bilen şatlyk-şowhuna besläp belleýär. Çünki ýurdumyzyň baky Bitaraplyk derejesi halkymyzyň bagtyýarlygynyň, azatlygynyň, mizemezliginiň hemişelik kepili bolup, kalplarymyza buýsanç bagyşlaýar.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 27 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi hem aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

Munuň özi halkara parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň ornunyň uludygyny aýdyň beýan edýär.

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 27 ýyllyk baýramy — Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli hormatly Prezidentimizi, ähli watandaşlarymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys.

Ata Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň we bu babatda nusgalyk ýol-ýörelgeleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri rowaçlyklara beslensin.

 

Aman AMANOW, 
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň hukukçysy.