TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

«HALKYŇ ARKADAGLY ZAMANASY» ÝYLYNYŇ ÜSTÜNLIKLERI

Biz halkyň saýlan Prezidentiniň – Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda agzybir halkymyzyň bagtyýar geljeginiň hatyrasyna täze belentliklere tarap ynamly öňe barýarys. Mukaddes ata Watanymyzy ösdürmegiň geljekki üstünliklerini bolsa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe görýäris.

Hemmämiziň bilşimiz ýaly, asuda, parahat, Garaşsyz döwletimiziň we geljek nesillerimiziň bagtyýar ykbaly üçin «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» kabul edildi. Ajaýyp geljegi we täze ösüşli eýýamy nazarlaýan il-ýurt bähbitli bu Maksatnama biziň Garaşsyz döwletimizi we onuň institutlaryny geljek 30 ýylda ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitledi hem-de Milli maksatnamanyň ugurlaryna laýyklykda, şu ýyl netijeli üstünlikler gazanyldy.

Bu üstünliklere ýetiren wezipeler adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, kanun çykaryjylyk we onuň kadalary, ykdysadyýeti, durmuş syýasaty ulgamyny, ylym, bilim, medeniýet hem-de ýaşlar syýasatyny we sanly ulgamy öz içine alýar. Şeýle-de, daşky gurşawy goramagy, tebigatdan peýdalanmagy we agrosenagat toplumyny, Türkmenistanyň daşary syýasy işini, ýerli wekilçilikli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryny, saýlawlary göz öňünde tutýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 12-nji martynda biziň Watanymyzda Prezident saýlawlarynyň demokratik şertlerde geçirilendigini buýsanç bilen nygtamak bolar. Hakykatdanam, saýlawlar erkin, adalatly ýagdaýda geçdi. Saýlawlara gözegçilik eden daşary ýurtly myhmanlar – halkara synçylar saýlawlaryň asudalykda, aýanlykda, kanuna laýyklykda geçirilendigini kanagatlanma bilen belläp, oňa ýokary baha berdiler.

Esasy zat hem, saýlawlaryň geçirilişine türkmen halkynyň ýokary baha bermegidir.

Şeýle-de, agzalyp geçilen wezipeleriň çäklerinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň halkara hem-de parlamentara işinde daşary ýurt döwletleriniň Parlamentleri, halkara guramalary, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birlikleri bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga we ösdürmäge   gönükdirilen işler hem täze derejede dowam etdirilýär. Elbetde, munuň özi Bitarap döwletimiziň halkara başlangyçlaryny goldamagyň möhüm guraly bolup durýar.

Mundan başga-da, ýurdumyzda - «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýokary derejedäki üçtaraplaýyn duşuşyk, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň birinji duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyk üç ýurduň milli ykdysadyýetleriniň esasy ugry bolan strategik energetika ulgamynda däp bolan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine täze itergi berdi. Onuň netijeleri boýunça birnäçe möhüm ylalaşyklara gol çekildi.

Taraplar energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin açylýan uly mümkinçilikleriň hukuk kadalaryna, birek-birege hormat goýmaga hem-de özara bähbitleri nazara almaga esaslanýan halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegini şertlendirýändigini bellediler.

Ösüşli demokratik ýol bilen öňe barýan ýurdumyzda bellenilmäge mynasyp ýene bir şatlykly, buýsançly taryhy waka bolup geçdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 21-nji dekabrynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi.

Şol mejlisde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygynyň habar berşi ýaly, welaýatyň ýaşaýjylarynyň we ýurdumyzyň raýatlarynyň isleg-arzuwlaryny, jemgyýetçilik birleşikleriniň tekliplerini göz öňünde tutup, «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk gurluşynyň meselelerini çözmegiň tertibi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, «Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezine şäher derejesini bermek we oňa at dakmak hakynda» Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary kabul edildi. Şol karara laýyklykda, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezi «Ahal welaýatynyň Arkadag şäheri» diýlip atlandyryldy. Çünki, bu çözgüt Ahal welaýatynyň ýaşaýjylarynyň we ýurdumyzyň raýatlarynyň isleg-arzuwlarynyň, ýürek sesleriniň netijesidir.

Ahal welaýatynyň ajaýyp edara ediş merkeziniň Arkadag şäheri diýlip atlandyrylmagy bolsa, ýylyň esasy şatlykly wakasy bolmak bilen, Watanymyzyň, halkymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň jebisliginiň aýdyň dabaralanmasydyr.

Ýylyň şatlykly wakasy hökmünde «Türkmen keşdeçilik sungaty» atly hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegini aýtmak bolar.

Bu taryhy ýylda beýleki esasy wakalar bilen birlikde, durmuş bähbitli ýörite binalar, desgalar we mukaddes maşgala ojaklaryna şatlyk getiren ýaşaýyş jaýlary hem gurlup, ulanmaga berildi.

Esasan-da, bu ýylda halkara gatnaşyklarynyň çäklerinde, dostlukly ýurtlarymyzyň baştutanlary tarapyndan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza döwlet sylaglarynyň dabaraly ýagdaýda gowşurylandygyny buýsanç bilen bellemek gerek.

Şeýlelikde, bu ýylymyz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda toýlary-toýa ulaşyp, ösüşleri üstünliklere beslenip, ýatdan çykmajak taryhy ýyllaryň biri boldy. Elbetde, bu ýylda gazanylan üstünlikler geljekki ösüşlerimizi nazarlaýar.

Geljek ýylda hem biziň öňümizde şeýle çäreleriň birnäçesi bar. Esasan hem hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Döwlet Maslahatynda beren parasatly tabşyryklaryndan, nesihatlaryndan ugur alyp, ýurdumyzda möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräni – 2023-nji ýylda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne mynasyp derejede guramaçylykly geçirmek wajyp wezipedir. Şoňa görä-de, biz bu saýlawlara guramaçylykly taýýarlyk görmelidiris.

Türkmen jemgyýetiniň kämilliginiň, raýatlaryň syýa­sy hukuklarynyň we azatlyklarynyň durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasy bolup durýan saýlawlar ýurdumyzda halk demokratiýasynyň giňden dabaralan­ýandygyny hem aýdyň görkezýär.

Biziň demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň halkara derejesindäki abraý-mertebesini barha ýokarlandyrmaga, ýurdumyzda saýlaw ulgamynyň kämilleşmegine ýakyndan ýardam berýän, halkyny demokratik ýol bilen bagtly geljege alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!

Pursatdan peýdalanyp, bütin türkmen halkymyzy, hormatly Prezidentimizi, Gahryman Arkadagymyzy ýetip gelen Täze ýyl baýramy bilen tüýs ýüregimizden gutlaýarys.

Goý, Täze 2023-nji ýylymyz täze üstünliklere beslensin. Ýetip gelen Täze ýylyňyz gutly bolsun, mähriban ildeşler!

 

Annadursun Meskutowa, 
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň 
Sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy bölüminiň baş hünärmeni.