TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

DIÝARA TOÝ BOLUP GELEN TÄZE ÝYL

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gözel Diýarymyzyň seneleri toýdur baýramlara, ýatdan çykmajak şatlykly wakalara beslenip, merdana halkymyzyň kalbyny joşdurýar.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň her bir aýy toý-baýramlara beslenýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwran sürýän agzybir halkymyz toý-baýramlaryň gadryny bilip, olary zähmet üstünlikleri bilen garşylap, uly şatlyk-şowhun bilen belläp geçýär. Şolaryň biri hem Täze ýyl baýramydyr.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda bagtyýar halkymyz ýeneki üstünliklere bolan uly ynam, ýagşy arzuwlar we päk niýetler bilen täze — 2023-nji ýyly garşy alýar. Uly-kiçiniň kalbynda joşgun oýarýan Täze ýyl baýramçylygy asuda Diýarymyzda her ýyl uludan bellenilip geçilýär.

Täze ýyl baýramynyň ýakymly howasy bar ýere ýaýraýar. Onuň golaýlaşýandygy hemme ýerde duýulýar. Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda jemgyýetçilik binalarynyň öňünde biri-birinden owadan kaşaň arçalar oturdylýar, köçeleriň ugrundaky daragtlary dürli öwüşgünli çyrajyklar bezeýär, seýilgähler şowhunly konsert meýdançalaryna öwrülmäge taýynlanýar.  

Ýer ýüzünde uludan-kiçä ähli adamlaryň sabyrsyzlyk bilen garaşýan, uly şatlyk-şowhun bilen bellenilip geçilýän baýramçylyklaryň biri bolan Täze ýyl adamlara täze umyt-arzuwlary getirýär, olara baýramçylyk keýpini peşgeş berýär. Täze ýyl her bir maşgalanyň öýünde şatlygyň, bagtyň, rowaçlyklaryň boljakdygyna ynam döredýär. Täze ýyl – munuň özi hakyky gudratyň we arzuwlaryň hasyl bolýan wagtydyr.

Eziz Watanymyzyň asudalygy, il-günümiziň abadan durmuşy we ýurdumyzyň dünýä ýüzündäki abraýynyň gün-günden ýokarlanmagy her birimizde buýsanç duýgusyny döredýär. Şeýle ajaýyp ykbal, bagt we döwletlilik Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň esasy alamatyna öwrüldi.

Köne ýyl bilen hoşlaşyp, köňülleri al-asmana göterilen, gün-günden gülläp, gül açýan, täze sepgitleri nazarlaýan ata Watanymyza uly şatlyk-şowhun bilen gelýän täze ýyly her bir edara-kärhana, her bir öý, maşgala, her bir bagtyýar ynsan uly üstünlikler, ösüşler, öňe gidişlikler, ýagşydan-ýagşy arzuwlar bilen garşylaýar.

Täze ýyl baýramçylygyna bereketli, rysgal-döwletli türkmen topragymyzda sabyrsyzlyk bilen garaşylýar. Tamamlanyp barýan 2022-nji - «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hem ýurdumyzda halkyň bagtyýar ýaşaýşyna gönükdirilen buýsançly özgertmeler bolup geçip, şatlykly wakalar türkmeniň täze taryhynda aýdyň sahypalary açdy.

Şu ýyl ak şäherimiz Aşgabatda halkara derejesinde ýaýbaňlandyrylan maslahatlardyr sergiler ýurdumyzyň ösüş-özgertmelerinden söhbet açsa, daşary döwletlerde we ýurdumyzda uludan dabaralanan medeniýet günleri, sungat baýramçylyklary, kino hepdelikleri hem-de bilelikdäki konsertler halklar arasyndaky medeni hyzmatdaşlygyň has-da işjeňleşýändigini alamatlandyrdy.

Ak şäherimiz Aşgabadyň gözelligine gözellik goşýan owadan täze ýyl arçalary şäheriň her bir künjeginde we welaýatlarymyzda hem bezeldi. Çagalaryň köňül küýseglerini diňläp, süýjülik sowgatlyklaryny paýlaýan Aýazbabadyr Garpamygyň olar bilen Täze ýyl arçalarynyň daşyndan aýlanyp, bilelikde ýerine ýetiren aýdymlary bolsa, bagtyýarlyk ýaňyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň Täze ýyl baýramyna bagtyýar körpelere berýän ajaýyp sowgatlary bolsa, olara çäksiz mähir-söýgüsinden nyşandyr. Sowgat alşyp-berişmek ynsanyň göwün guşuny galkyndyrýar, ýaşaýşa ynam, söýgi oýaryp, asyrlara uzaýan gatnaşyklara ýol açýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň welaýatlarynda, şol sanda paýtagtymyzda döwrebap bazarlaryň, söwda-medeni dynç alyş merkezleriniň gurlup, ulanylmaga berilmegi, hormatly Prezidentimiziň mähriban halkynyň bagtyýar ýaşaýşyna gönükdirilen tagallasynyň iş ýüzünde şöhlelenmesidir.

Dünýä ülňülerine laýyk bina edilen bu desgalarda ýerleşýän sowgatlyk dükanlaryndaky milli gymmatlyklarymyz diňe bir halkymyzda däl, eýsem dünýä jahankeşdelerinde hem uly gyzyklanma döredýär.

Döwrebap söwda merkezlerine, dükanlara aýratyn ýaraşyk beren daşy Aýazbabaly gutujyklara gaplanan dürli görnüşdäki süýjülikler, türkmen telekeçileriniň sowgatlyk önümleri, dürli ululykdaky arçalar, olara öwüşgin çaýýan oýnawaçlar, ýylyň şekili çekilen açarbaglar, suratlar, heýkeljikler, sandyjaklar hem Täze ýyl baýramynda birek-biregi gutlamak üçin oňat sowgatdyr. Täze ýyly has-da dabaralandyrýan sowgatlar ynsanyýetiň ylham güzerine joşgun eçilýär. Täze ýyl baýramynda ak garyň ýagmasy oňatlyga ýorulýar. «Gyşyň gary – ýaza däri» diýlişi ýaly, ak gar aklygyň, oňatlygyň, hasyllylygyň alamaty hasaplanýar.

2023-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň her bir güni ösüşlere utgaşyp, toý-baýramlar goşadan toýlansyn.

Eziz Diýarymyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun! Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleri geljek ýylda-da uly rowaçlyklara beslensin!

Goý, Täze ýyl her bir maşgala ojagyna bagt, rysgal-bereket getirsin! Eziz watanymyz baky abadan, ilimiz agzybir bolsun! Täze ýylda nurly arzuwlaryňyz hasyl bolsun. Ýetip gelen Täze ýylyňyz gutly bolsun, mähriban ildeşler!

 

Jahan ORAZOWA,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň esasy hünärmeni.