Hormatly Prezidentimiziň – Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüş hem rowaçlyk ýolundan ynamly öňe barýan türkmen halky 2023-nji ýyly şatlyk-şowhuna, ýagşy arzuw-umytlara besläp, uly ruhubelentlik bilen garşy aldy.
Eziz Diýarymyza her bir ýyl rysgal-bereket bilen gelýär. Her bir maşgala ojaklarynda täze ýyl dabaraly, şatlyk-şagalaňly, aýdym-sazly, saçakly garşylanýar. Bu bolsa ýylyň has bereketli, rysgally gelýändigini aýdyň alamatlandyrýar.
Gündogar müçenamasy boýunça bu ýyl towşan ýylydyr. Gündogar halklarynda «Her ýyl özüniň adyny göterýän jandarynyň häsiýetine, ýaşaýyş şertlerine, tebigatda özüni alyp barşyna görä, öz aýratynlyklary bilen gelýär» diýen ynanç bar.
Şu ynanja esaslansak, müçe ýyl senenamasynyň dördünji ýyly bolan towşan ýyly eziz Watanymyza hem-de her bir maşgala kän-kän gowulyklary, rowaçlyklary getirer.
Berkarar Watanymyzda her ýyly mynasyp şygarlar bilen atlandyrmak we şöhratly ýyllary ösüş-özgertmelere beslemek asylly däbe öwrüldi.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary esasynda, 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi ýurdumyzyň her bir ýaşaýjysynda buýsançly duýgulary döretdi. Munuň özi nesilleriň jebisligini, agzybirligi, berkararlygy, asudalygy we ösüşleriň täze, okgunly gadamyny aňladýar. Bu şygar beýik döwrümiziň şygary, ildeşlerimiziň sesi.Täze ýylyň şygarynda ýaşlara bildirilýän beýik ynam, buýsanç, olar hakda edilýän alada aýdyň beýanyny tapýar.
Arkadagly Serdarymyzyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagynda: «Garaşsyz Watanymyza buýsanjymyzy, nurana ertirlere ynamymyzy, aýdyň maksatlarymyzy belentde tutup, biz ýetip gelen 2023-nji ýyla «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýip at berdik. Bu bolsa Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlara bildirilen uly ynamdyr» diýip bellemegi hem bu hakykatyň dabaralanmasydyr.
Hormatly Prezidentimiz: «Biz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňümizde belent maksatlary goýduk. Mähriban Watanymyzyň abadançylygyny we durmuş-ykdysady ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, dünýäde parahatçylygy hem-de ynanyşmagy berkitmek wezipelerini öňe sürdük. Şu belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys» diýip, ýaşlara uly ynam bildirýär.
Geçilen ýola buýsanç, öňde duran menzillere uly ynam Täze ýyl baýramynyň şatlygyny has-da artdyrýar.
Arkadagly Serdarymyz Täze ýyl gutlagynda geçip barýan ýylyň Garaşsyz, Bitarap döwletimizde giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli dowam etdirilen ýyly bolandygyny belledi. Şeýle-de, 12-nji martda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň geçirilendigini aýdyp, Watandaşlarymyzyň demokratik esasda erk-islegini beýan edip, nurana geljek üçin ses berendiklerini belledi.
Mälim bolşy ýaly, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramçylygynyň öň ýanynda, 23-nji sentýabrda geçirilen Döwlet Maslahatynda hormatly Prezidentimiz 2023-nji ýylda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, şeýle-de Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görüp başlamagy tabşyrdy. Bu aýdylanlara esaslanyp, biz hem saýlaw toparlary bolup, 2023-nji ýylda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne mynasyp derejede guramaçylykly geçirmek üçin iş alyp barýarys.
Goý, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» ýurdumyz, halkymyz üçin düşümli, rysgal-bereketli, üstünlikli ýyllaryň biri bolsun! Watanymyz mundan beýläk-de gülläp össün!
Eziz Diýarymyzda amala aşyrylýan beýik işleriniň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyzyň, berkarar döwletimiziň ösüşli ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman, döwletli tutumlarynyň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.
Allanur Gökjäýew,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.