Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň 23-nji sentýabrynda paýtagtymyzda geçirilen Türkmenistanyň Döwlet Maslahatynda hormatly Prezidentimiziň 2023-nji ýylda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, şeýle-de Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görüp başlamak baradaky tabşyrygyna laýyklykda, saýlaw toparlary tarapyndan degişli deslapky taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly tabşyryklaryndan, nesihatlaryndan ugur alyp, ýurdumyzda saýlawlary mundan beýläk-de Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine, halkara kadalaryna laýyklykda, aýanlykda we demokratik ýörelgeler esasynda guramaçylykly geçirmek saýlaw toparlarynyň öňünde durýan wajyp wezipedir.
Şunuň bilen baglylykda, okrug we geňeşlik saýlaw toparlarynyň bäş ýyllyk ygtyýarlylyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary boýunça okrug saýlaw toparlary hem-de Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça etrapdaky şäher, şäherçe, geňeşlik saýlaw toparlary täzeden döredildi.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 18-nji maddasyna laýyklykda, saýlaw toparlarynyň düzümine wekiller syýasy partiýalar, jemgyýetçilik guramalary, şeýle hem raýatlar toparlary tarapyndan hödürlenildi. Şeýlelikde, ýurdumyz boýunça okrug saýlaw toparlarynyň 125-si, etrapdaky şäher, şäherçe, geňeşlik saýlaw toparlarynyň bolsa 572-si döredildi.
Okrug saýlaw toparlarynyň agzalarynyň jemi sany 1375-e deň bolup, olaryň 382-si Türkmenistanyň Demokratik partiýasy, 37-si Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, 174-si Türkmenistanyň Agrar partiýasy, 313-si Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklary, 135-si Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi, 235-si Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy we 99-sy bolsa raýatlaryň toparlary tarapyndan hödürlenildi. Okrug saýlaw toparlarynyň agzalarynyň 41,75 göterimi zenanlardyr we toparyň agzalarynyň arasynda türkmen milletinden başga-da rus, özbek milletleri bar.
Etrapdaky şäher, şäherçe, geňeşlik saýlaw toparlarynyň agzalarynyň jemi sany 4076-a deň bolup, olaryň 1240-sy Türkmenistanyň Demokratik partiýasy, 29-sy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, 422-si Türkmenistanyň Agrar partiýasy, 1016-sy Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklary, 326-sy Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi, 333-si Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy we 710-sy bolsa raýatlaryň toparlary tarapyndan hödürlenildi. Etrapdaky şäher, şäherçe, geňeşlik saýlaw toparlarynyň agzalarynyň 40,01 göterimi zenanlardyr we toparyň agzalarynyň arasynda türkmen milletinden başga-da rus, özbek, tatar, gazak, buluç milletleri bar.
Okrug we etrapdaky şäher, şäherçe, geňeşlik saýlaw toparlarynyň düzüminde dürli ýaşdaky we bilim derejesindäki guramaçy, tejribeli, il arasynda abraýa eýe bolan, milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda zähmet çekýän agzalar bardyr.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 19-njy maddasyna laýyklykda, saýlaw toparlarynyň ählisi özleriniň birinji mejlisini geçirip, saýlaw toparynyň başlygyny, başlygynyň orunbasaryny we kätibini saýladylar.
Indi, täze döredilen saýlaw toparlarynyň welaýatlar boýunça sany baradaky maglumatlara ser salalyň.
Milli Geňeşiň Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary boýunça döredilen okrug saýlaw toparlarynyň we agzalarynyň sany:
Ahal welaýatynda 16 okrug saýlaw topary (agzalary 176), Balkan welaýatynda 10 okrug saýlaw topary (agzalary 110), Daşoguz welaýatynda 27 okrug saýlaw topary (agzalary 297), Lebap welaýatynda 26 okrug saýlaw topary (agzalary 286), Mary welaýatynda 29 okrug saýlaw topary (agzalary 319), Aşgabat şäherinde 17 okrug saýlaw topary (agzalary 187) sany.
Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça döredilen etrapdaky şäher, şäherçe, geňeşlik saýlaw toparlarynyň we agzalarynyň sany:
Ahal welaýatynda 98 geňeşlik saýlaw topary (agzalary 686), Balkan welaýatynda 50 geňeşlik saýlaw topary (agzalary 350), Daşoguz welaýatynda 135 geňeşlik saýlaw topary (agzalary 945), Lebap welaýatynda 135 geňeşlik saýlaw topary (agzalary 945), Mary welaýatynda 154 geňeşlik saýlaw topary (agzalary 1150) sany.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 32-nji maddasyna laýyklykda, okrug saýlaw toparlary Merkezi saýlaw topary tarapyndan 9-11 agzadan ybarat düzümde döredilýär, etrapdaky şäher, şäherçe, geňeşlik saýlaw toparlary bolsa degişli etrabyň, şäheriň saýlaw toparlary tarapyndan 7-11 agzadan ybarat düzümde döredilýär.
Okrug saýlaw toparlarynyň agzalary üçin şahsyýetnamalaryň 1375-si, etrapdaky şäher, şäherçe, geňeşlik saýlaw toparlarynyň agzalary üçin bolsa şahsyýetnamalaryň 4076-sy taýýarlanylyp, degişli saýlaw toparlary tarapyndan dabaraly ýagdaýda olara gowşuryldy. Täze döredilen okrug we geňeşlik saýlaw toparlarynyň ygtyýarlyk möhleti bäş ýyl.
Şeýlelikde, bu saýlaw toparlary hem beýleki saýlaw toparlary bilen bir hatarda, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylan ýylda boljak möhüm jemgyýetçilik syýasy çäräniň – saýlawlaryň guramaçylykly geçirilmegi we raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň kepillikleriniň kanunalaýyk üpjün edilmegi üçin wajyp wezipeleri amala aşyrarlar.
Ýokarda aýdylyp geçilen maglumatlar asuda, parahat, mukaddes ata Watanymyzda syýasy durnuklylygyň hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasynda ykrar edilen syýasy köpdürlüligiň we köp partiýalylygyň, halk häkimiýetlilik ýörelgeleriniň, demokratiýanyň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Munuň özi bolsa, Türkmenistanyň halkara derejesindäki demokratik kadalara ygrarlydygyny äşgär edýär.
Eziz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň döwletli, ynsanperwer başlangyçlaryny parasatlylyk bilen dowam etdirýän, halkyny demokratik ýol bilen bagtly geljege alyp barýan hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň aman, tutumly işleriniň hemişe rowaç almagyny tüýs arzuw edýäris.
Türkmenistanyň Merkezi saýlaw topary