TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

ASUDA DURMUŞ – DÖWREBAP ÖSÜŞ

Mukeddes ata Watanymyzda merdana, agzybir halkymyz hormatly Prezidentimiziň saýasynda asuda, parahat, eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar, ruhubelentlik bilen hyjuwly zähmet çekýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçýän ýylda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda  ata Watanymyz gülleýär, ösýär, özgerýär. Ýurdumyzda Watan goragçylarynyň güni, däp bolşy ýaly, her ýylyň  27-nji ýanwarynda ýokary ruhubelentlik, uly dabara bilen bellenilip geçilýär. Şanly sene mynasybetli giňden ýaýbaňlandyrylan medeni çäreler ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şahsy düzüminiň göwünlerini ganatlandyryp, buýsançly başlaryny belende göterýär, halkymyzyň watansöýüjilik, mertlik ýaly asylly häsiýetlerini has-da berkidip, harby gullukçylaryň öz borçlaryna bolan höwesini artdyryp, täze üstünliklere ruhlandyrýar. Parahatçylyk ýörelgelerine ýugrulan goranyş maksatly Harby doktrinamyz ýurdumyzyň harby howpsuzlygyny üpjün etmegiň harby-syýasy, harby-ykdysady we harby-strategik esaslaryny kesgitleýär. Harby doktrinanyň hukuk esasyny Türkmenistanyň Konstitusiýasy, «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny, ýurduň beýleki kanunlary we kadalaşdyryjy hukuk namalary hem-de harby howpsuzlygy üpjün etmekde Türkmenistanyň halkara şertnamalary düzýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 58-nji maddasynda: «Türkmenistany goramak her bir raýatyň mukaddes borjudyr. Türkmenistanyň raýaty bolan her bir erkek adam üçin ählumumy harby borçlulyk bellenendir» diýlip nygtalýar.

 Gahryman Arkadagymyzyň: «Watan goragy türkmen halkynyň ähli nesilleri üçin beýik hormatdyr» diýmeginde uly many bolup, bu dürdäne jümleler harbylary täze üstünliklere ruhlandyrýar. Berkarar döwletimizde nusgalyk ömürleri, edermenligi bilen uly hormata eýe bolan Watan ogullarynyň atlary ebedileşdirilýär, söweşjeň däpleri bolsa ýörelge edinilýär.

Türkmeniň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň:

«Ol merdiň ogludyr, mertdir pederi, 
Görogly gardaşy, serhoşdyr seri, 
Dagda, düzde kowsa saýýatlar, diri 
Ala bilmez, ýolbars ogly türkmeniň.» diýen ajaýyp setirleri hem biziň nesillerimiziň mertliginiň, gaýratlydygynyň, gaýduwsyz wepaly Watan goragçylarydygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz - Arkadagly Serdarymyz özüniň gujur-gaýratyna, tejribesine daýanyp, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzy dünýäniň ösen döwletleriniň derejesinde daglar ýaly beýgeldip, pajarladyp ösdürýär. Bu işlerde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň edermen, maksada okgunly, geljege ynamly ýaşlaryna berk ynanýar. 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy bolsa, bu ýylky beýik ösüşlerimize bagtyýar ýaşlarymyzyň hemmetaraplaýyn goşjak goşandyny alamatlandyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda kämil nesilleri kemala getirmekde alnyp barylýan işler dünýä nusgalykdyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň barha gülläp ösmeginde, Watanymyzyň şan-şöhratynyň belent derejelere göterilmeginde bagtyýar ýaşlaryň hem mynasyp paýy bar. Ruhubelent ýaşlar Arkadagly Serdarymyzyň kämil paýhasynyň, durmuşa geçirýän ynsanperwer syýasatynyň netijesinde, bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň eýesidir. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli başlangyçlary netijesinde ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi röwşen geljegiň eýeleri bolan ýaşlara kämil bilim almaga, döretmäge, zähmet çekmäge, berkarar döwletimize ak ýürekden gulluk etmäge uly mümkinçilikleri döredýär.

Ýokarda aýdylyp geçilenler ýurdumyzyň parahatçylygyň mekanydygyny, halkymyzyň watansöýüjidigini, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçýän ýylyň öz mynasyp beýanyny tapýandygyny äşgär edýär. 

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi ykdysady taýdan ösdürmekde, halkymyzy abadan durmuşda, bagtyýar zamanada ýaşatmakda bimöçber işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny, il-ýurt, halk bähbitli, umumy adamzat ähmiýetli ähli tutumly işleriniň elmydama rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

 

Ogulnyýaz Mämmetnurowa, 
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň esasy hünärmeni.