Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde saýlawlary demokratik ýörelgelerimize laýyklykda, guramaçylykly geçirmek saýlaw toparlarynyň öňünde durýan wajyp wezipedir. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi saýlaw toparynyň we onuň garamagyndaky saýlaw toparlarynyň esasy işiniň maksady, tassyklanylan meýilnama laýyklykda, saýlaw möwsüminiň başyndan ahyryna çenli döwürde ýurduň saýlaw kanunçylygynyň kadalarynyň gyşarnyksyz berjaý edilmegini üpjün etmekden ybaratdyr.
Ýurdumyzda 2023-nji ýylyň 26-nji martynda geçiriljek möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä – Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny guramaçylykly geçirmeklige gatnaşýan saýlaw toparlarynyň agzalaryna we beýleki degişli adamlara guramaçylyk-usulyýet kömegini bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasy tarapyndan saýlawlarda ulanmak üçin gollanmalaryň, ýatlamalaryň ençeme görnüşi we düzgünnama işlenilip taýýarlanyldy. Olaryň birnäçesi iki dilde — türkmen, rus dillerinde, birnäçesi bolsa üç dilde — türkmen, iňlis, rus dillerinde neşir edildi.
Has anygy: «Welaýat we Aşgabat şäher saýlaw toparlary üçin gollanma», «Etrap, şäher saýlaw toparlary üçin gollanma», «Okrug saýlaw toparlary üçin gollanma», «Etrapdaky şäher, şäherçe, geňeşlik saýlaw toparlary üçin gollanma», «Uçastok saýlaw toparlary üçin gollanma», şeýle hem «Milli synçylar üçin gollanma», «Daşary ýurt, halkara synçylary üçin ýatlama», «Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin gollanma», «Dalaşgär hödürlemek üçin gollanma», «Dalaşgärler üçin gollanma», «Dalaşgärleriň ynanylan adamlary üçin ýatlama» we «Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary boýunça Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň (konsullyk edaralarynyň) ýanynda döredilen saýlaw uçastoklarynda ses bermegi guramagyň we geçirmegiň tertibi hakynda düzgünnama», saýlaw çäreleriniň meýilnamasy ýaly neşirlerdir.
Saýlaw toparlarynyň saýlawlara taýýarlyk görmek we guramaçylykly geçirmek bilen bagly işlerini talaba laýyk guramakda we saýlaw resminamalaryny dürs we dogry resmileşdirmeklerini üpjün etmekde bu neşirleriň ähmiýeti uludyr.
Bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre üçin neşir edilen gollanmalardyr ýatlamalar, taýýarlanylan düzgünnamalar ýurdumyzda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň ösen dünýäniň talaplaryna laýyklykda amala aşyrylmagyna ýardam berer.
Maksat Saipow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.