TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

SAÝLAWLARYŇ AÝANLYGY WE MILLI SYNÇYLAR

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy  döwründe, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmelerde syýasy ulgamy kämilleşdirmäge, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli taraplaryny demokratiýalaş-dyrmaga aýratyn orun berilýär. Dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy bolmak bilen, Türkmenistan bu gün demokratik ýörelgeleri çuňlaşdyrmak boýunça netijeli işleri amala aşyrýar. Ýurduň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny mundan beýläk-de demokratiýa-laşdyrmaga, saýlawlary guramaçylykly geçirmekligiň häzirkizaman usullaryny ornaşdyrmaga gönükdirilen işleriň depgini günsaýyn artýar.

Ýurdumyzda saýlawlaryň Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine, saýlaw hukugynyň halkara derejesinde ykrar edilen we saýlawlary demokratik esaslarda geçirmegiň bellenilen kadalaryna, türkmen halkyna gadymdan bäri mahsus bolan milli demokratik ýörelgelerimize laýyklykda  geçirilmeginde we raýat hukuklarynyň goralmagynda milli synçylaryň işiniň ähmiýeti barada biz Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň başlygy Maksatmyrat Geldiýew bilen söhbetdeş bolduk:

Maksatmyrat, söhbetdeşligimizi demokratik esaslarda geçirilýän saýlawlarda syn etmegiň ähmiýeti we maksady baradaky gürrüňlerden başlaýalyň!

– Häzirkizaman dünýäsinde saýlawlaryň we sala salşyklaryň geçirilişine syn etmek jemgyýetçilik durmuşynda demokratiýanyň kemala gelmeginde we adam hukuklarynyň goraglylygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýe boldy. Şonuň bilen birlikde hem saýlawlara halkara derejesinde syn edilmegine has köp ünsüň berilýändigine garamazdan, saýlawlara ýerli derejede hem syn etmegiň wajyplygy ykrar edildi.

Elbetde, saýlawlara ýerli derejede syn etmekligiň özi gönüden-göni adam hukuklarynyň goraglylygynyň üpjün edilmegine hem-de saýlaw işleriniň milli kanunçylyklara, halkara kadalaryna laýyklykda we açyklykda, aýanlykda amala aşyrylmagyna ýardam berýär. Şeýle-de, ýerli synçylar toparlary tarapyndan saýlawlaryň geçirilişine syn etmeklik işleri käbir kanunçylyk düzgün bozulmalarynyň öňüni almak, haýsydyr bir saýlawlarda ýol berlen käbir düzgün bozulmalaryň indiki saýlawlarda gaýtalanmazlygy we jemgyýetçilik köpçüliginiň saýlawlaryň adalatlylyk ýörelgeleri esasynda geçirilýändigine bolan ynamyny artdyrmak babatynda hem aýratyn ähmiýete eýedir.          

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde saýlawlaryň geçirilişine syn etmegiň demokratik ýörelgelerini halkara kadalaryna laýyklykda has-da berkitmek arkaly, jemgyýetçilik durmuşynda halk häkimiýetliliginiň dabaralanmagyny gazanmak milli synçylaryň esasy üns berýän taraplarynyň birine öwrüldi.

Saýlawlara syn etmegiň baş maksady raýatlaryň saýlaw hukugyny goramaga we ýaýbaňlandyrmaga, ýurdumyzda saýlawlary demokratik derejede geçirmek boýunça halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge ýardam bermäge gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň Saýlaw kodeksi ýurdumyzda geçirilýän saýlawlaryň kanunçylyk binýady bolup durýar.

– Saýlawlarda kimleriň milli synçylary bellemäge hukugy bar?

– Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 6-njy maddasyna laýyklykda, milli synçylary bellemek hukugy syýasy partiýalara, jemgyýetçilik birleşiklerine, raýatlaryň toparlaryna we dalaşgärlere degişli bolup durýar.

Milli synçylary bellemek işlerine Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar tarapyndan saýlaw möwsüminiň başlanandygy yglan edilen gününden girişilip bilner.

Milli synçylary bellemegi syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri öz ýerli guramalarynyň mejlislerinde, raýatlar toparlary öz ýygnaklarynda, dalaşgärler bolsa bellige alnandan soň amala aşyrýarlar.

Milli synçy bellemek boýunça raýatlar toparynyň ýygnagyna saýlaw hukukly raýatlaryň azyndan otuzysy  gatnaşsa, ol ygtyýarly hasap edilýär.

Dalaşgärler öz saýlaw okrugynyň çägindäki saýlaw uçastoklarynyň her birine bir milli synçyny belläp bilerler, olar baradaky maglumaty degişli saýlaw toparyna berýärler.

Milli synçylary Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda Merkezi saýlaw topary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, Aşgabat şäher, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynda bolsa welaýat, Aşgabat şäher saýlaw toparlary bellige alýar. Olara bellenilen nusgadaky şahsyýetnama berilýär.

Şahsyýetnama saýlawlara taýýarlyk görmegiň we geçirmegiň barşynda synçynyň işiniň ýerine ýetirilmegi üçin esas bolup durýar.

Milli synçylaryň hukuklary olaryň bellige alnan gününden başlanýar we saýlawlaryň netijeleriniň resmi taýdan çap edilen gününden tamamlanýar.

Döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylaryndan, kazylardan, prokurorlardan, saýlaw toparlarynyň agzalaryndan, dalaşgärlerden, dalaşgärleriň ynanylan adamlaryndan başga saýlaw hukugy bar bolan Türkmenistanyň raýaty milli synçy bolup biler.

Ýurdumyzda geçirilýän Prezident we Parlament saýlawlaryna milli synçylarymyz bilen birlikde halkara synçylary hem gatnaşýarlar. Olar barada gürrüňimizi dowam edäýsek!

– Ata-babalarymyzyň «Aý dogsa, älem görer» diýişleri ýaly, ýurdumyzda saýlawlaryň aýanlyk şertlerini giň gerimde üpjün etmek maksady bilen, saýlawlara taýýarlyk görlüşine we geçirilişine halkara hem-de milli synçylaryň syn etmekleri üçin ähli mümkinçilikler üpjün edilýär.

Aslynda, saýlawlara halkara we ýerli derejede syn etmek üçin ähli mümkinçilikleriň döredilmegi saýlawlaryň demokratik ýörelgeler esasynda geçirilmeginiň esasy bir şerti bolup durýar hem-de bu şertler ählumumy ykrar edilen halkara resminamalarynda hem bellenilendir.

Halkara tejribelerinde saýlawlara syn etmegiň uzak möhletleýin we gysga möhletleýin görnüşleri bardyr.

Uzak möhletleýin syn etmek – saýlaw möwsümi başlanandan tä saýlawlaryň jemlerini yglan etmek döwrüni öz içine alýar.

Gysga möhletleýin syn etmek – ses bermegiň barşyny we ses bermegiň netijelerini kesgitlemek işlerine syn etmekdir.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 6-njy maddasyna laýyklykda, saýlawlara syn etmegi öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde dalaşgärleriň ynanylan adamlary, milli synçylar, daşary ýurtlaryň, halkara guramalarynyň synçylary (daşary ýurt (halkara) synçylary) amala aşyryp bilerler.

Daşary ýurt (halkara) synçylaryny resmi taýdan bellige almak çakylyk haty bar bolan halatynda Merkezi saýlaw topary tarapyndan amala aşyrylýar. Merkezi saýlaw topary daşary ýurt (halkara) synçysyna bellenilen nusgadaky şahsyýetnamany gowşurýar. Daşary ýurt (halkara) synçysy öz işini özbaşdak we garaşsyz amala aşyrýar.

Halkara synçylaryň hukuklary olaryň Merkezi saýlaw toparynda bellige alnan gününden başlanýar we saýlawlaryň netijeleriniň resmi taýdan çap edilen gününden tamamlanýar.

– Bilşimiz ýaly, saý­lawlar jemgyýetiň synçy nazarynda bolýar. Şunuň bilen baglylykda, syýasy partiýalar, jemgyýetçilik guramalary, raýatlar toparlary we dalaşgärler tarapyndan milli synçylar bellenilýär. Häzirki wagtda bellige alnan milli synçylar barada aýdaýsaňyz?

– Mälim bolşy ýaly, saýlaw işiniň  aýanlygy we açyklygy dalaşgärleriň ynanylan adamlarynyň, synçylaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagy bilen üpjün edilýär. Aslynda-ha, saýlawlar  geçirilende giň jemgyýetçiligiň synçy nazarynda bolýar.

2023-nji ýylyň 26-njy martynda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlawlaryň aýanlygyny üpjün etmek maksady bilen, şu güne çenli milli synçylaryň jemi 2802-si degişli welaýat we Aşgabat şäher saýlaw toparlary tarapyndan bellige alyndy.

Bu bellige alnan milli synçylaryň hil düzümi barada aýdylanda:

milli synçylaryň 2802-siniň 1377-si erkek adamlar, 1425-si zenan maşgalalar bolup durýar;

milli synçylaryň 594-si Türkmenistanyň Demokratik partiýasy, 307-si Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, 408-si Türkmenistanyň Agrar partiýasy, 600-si Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklary, 302-si Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi, 570-si Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy, şeýle hem 21- si raýatlar toparlary  tarapyndan bellenilendir.

Türkmenistanyň milli kanunçylyk namalaryna we kadalaryna laýyklykda, milli synçylaryň alyp barmaly işlerine ýardam bermek maksady bilen, Merkezi saýlaw topary tarapyndan milli synçylar üçin ýörite gollanma işlenilip taýýarlanylýar. Şeýle-de, saýlaw möwsüminde olar bilen usuly okuw maslahatlary geçirilip, olaryň saýlawlara syn etmek işleriniň düzgünleri, ygtyýarlyklary we hukuklary, şonuň bilen birlikde hem saýlawlara syn etmegiň halkara tejribeleri barada hem düşündirişler berilýär.

Milli synçylar saýlawlara taýýarlyk görlüşi we olaryň geçirilişi baradaky belliklerini we jemleýji pikirlerini saýlaw uçastogyndaky «Saýlawçylaryň we synçylaryň teklipleri» depderçesinde ýazyp bilýärler.

— Maksatmyrat, milli synçylar barada mazmunly beren gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň! Milli demokratiýamyzyň ösüşinde möhüm ähmiýete eýe boljak saýlawlaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edýäris.

  

Söhbetdeş bolan Hekimberdi Öwezow.