2023-nji ýylyň 26-njy martynda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary Türkmenistanyň raýatlary tarapyndan gizlin ses bermek arkaly ählumumy, deň we göni saýlaw hukugy esasynda, giň bäsleşik şertlerinde geçiriler. Saýlawlar jemgyýetçilik durmuşynda demokratiýanyň ýüze çykmagynyň esasy guralydyr hem-de jemgyýetiň saýlaw hukukly raýatlarynyň ählisiniň saýlamak we saýlanmak hukuklaryny kepillendirýän ählumumy çäredir.
Dünýewi, demokratik we hukuk döwletimizde «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip at berlen ýylda geçiriljek saýlawlarda on sekiz ýaşyny dolduryp, ilkinji gezek ses berýän ýaş saýlawçylarymyz hem öz saýlaw hukuklaryndan peýdalanarlar.
Ýaşlaryň bu syýasy çärelere işjeň gatnaşmaklarynyň uly ähmiýeti bardyr. Çünki, ýurdumyzda ata Watanymyzyň beýik geljeginiň eýelerine — ýaşlara belent ynam bildirildi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde amala aşyrylýan beýleki syýasy işler bilen birlikde, ýaşlaryň möhüm syýasy çäre bolan saýlawlara-da işjeň gatnaşýandyklary aýratyn bellärlikli wakadyr.
Häzirki wagta çenli, ýagny 2023-nji ýylyň 12-nji marty ýagdaýynda jemlenen maglumatlara görä, ilkinji gezek ses berýän ýaş saýlawçylarymyzyň ýurdumyz boýunça, takmynan, 75606-sy, şol sanda Ahal welaýatynda 17540-sy, Balkan welaýatynda 4375-si, Daşoguz welaýatynda 9657-si, Lebap welaýatynda 8644-si, Mary welaýatynda 21661-si we Aşgabat şäherinde bolsa 13729-sy hasaba alyndy.
Bu ýaş saýlawçylar ses berip, döwleti dolandyrmaga gatnaşmak hukuklarynyň çäklerinde özleriniň ilkinji syýasy ädimlerini äderler. Saýlaw uçastoklarynda ilkinji gezek ses berýän ýaş saýlawçylarymyza ýadygärlik sowgatlarynyň gowşurylmagy bolsa, biziň ýurdumyzda ýaş nesliň aýratyn ähmiýete eýediginiň aýdyň subutnamasy bolar.
Mundan başga-da, ýurdumyzda hereket edýän saýlaw toparlarynyň agzalarynyň arasynda, şeýle hem milli synçylaryň arasynda Magtymguly adyndaky Ýaşlar gurmasynyň hödürlän wekilleriniň köp bolmagy, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen ýylyň many-mazmunynyň saýlaw ulgamynda hem öz beýanyny tapýandygyny äşgär edýär.