Mukaddes ata Watanymyzda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatla-rynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary 2023-nji ýylyň 26-njy martynda demokratik ýörelgelerimize laýyklykda, köp partiýalylyk, bäsleşik, açyklyk, aýanlyk esasynda geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, asuda Diýarymyzda dabaralanýan agzybirligiň, jebisligiň, tutuş türkmen jemgyýetiniň ähli gatlaklarynyň içki sazlaşygynyň, kämilliginiň, işjeňliginiň doly keşbini beýan eden bu saýlawlar milli demokratiýamyzyň özboluşly rowaçlanmasynyň mysaly hökmünde halk hakydasynyň şöhratly taryhyna girer.
Saýlawlaryň aýanlyk şertleriniň çäklerinde, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, Türki Döwletleriň Guramasyndan, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyndan halkara synçylary, şeýle-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Adam hukuklary we demokratik institutlary boýunça býurosyndan baha beriş topary bu möhüm syýasy çäräniň demokratik esasda geçirilişine syn etdiler. Şeýlelikde, saýlawlaryň demokratik esasda geçirilişine syn etmek üçin halkara synçylarynyň 60-dan gowragy gatnaşdy.
Saýlawlaryň geçirilişine Türkmenistanyň syýasy partiýalary, jemgyýetçilik birleşikleri, raýatlar toparlary we dalaşgärler tarapyndan bellenilen milli synçylaryň 2855-siniň syn etmegi ýurtda bu jemgyýetçilik-syýasy çärä tutuş türkmen jemgyýetiniň ähli gatlaklarynyň synçy nazarynyň gönügendigini aňladýan bolsa, abraýly halkara guramalaryndan 60-dan gowrak synçynyň gatnaşmagy dünýä jemgyýetçiliginiň nazarynyň özboluşly ykrarnamasy boldy.
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine we umumy ykrar edilen halkara ölçeglerine laýyklykda geçirilen bu saýlawlar barada Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedewiň ýolbaşçylygyndaky Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän döwletleriň, Türki döwletleriň Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Mirwokhid Azimowyň we Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Grigoriý Logwinowyň ýolbaşçylygyndaky synçylar toparlarynyň geçiren brifinglerinde berlen bahalaryň käbirleri bilen tanşanymyzda, ýurdumyzyň dünýädäki abraýynyň näderejede ýokarydygyna göz ýetirýärsiň. Şunuň bilen baglylykda demokratik saýlawlary geçirmekde hem Garaşsyzlyk ýyllarynda toplanan tejribeler barada hem aýdyldy. Şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiziň saýlaw ulgamyny kämilleşdirmek baradaky goldaw, ýardamlary netijesinde saýlawlaryň halkara kadalaryna, milli kanunlarymyza laýyklykda geçirilendigini aýratyn bellärliklidir.
Türkmenistanyň saýlaw ulgamy barada aýdylanlar döredip berýän
Synçylar toparlarynyň ýolbaşçylary öz çykyşlarynda ýurdumyzyň ýolbaşçylaryna we merkezi saýlaw toparyna döwletimiziň durmuşyndaky möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyklaryny bildirip, Türkmenistanda saýlawlaryň üstünlikli we ýokary guramaçylyk derejesinde, giň bäsdeşlik esasynda, açyklyk, aýanlyk ýagdaýynda, saýlawçylaryň işjeň gatnaşmagynda geçendigini kanagatlanma bilen bellediler. Brifinge gatnaşyjylaryň nygtaýyşlary ýaly, halkara synçylaryň çagyrylmagy ýurdumyzyň saýlawlaryň demokratik esasda geçirilmeginiň üpjün edilmegine çalyşýandygynyň subutnamasy hökmünde kabul edilýär.
Türkmenistanda geçirilen saýlawlaryň kanunçylyk esaslary, saýlaw toparlarynyň saýlawlary guramaçylykly geçirmekde alyp baran işleri, saýlawçylaryň sanawlarynyň düzülişi, saýlawlaryň öň ýanyndaky wagyz işleri, saýlaw möwsüminiň habar beriş serişdelerinde beýan edilişi, saýlawlarda ses berilişine, saýlawçylaryň sesleriniň sanalyşyna syn etmek bilen bagly alnyp barlan işlere örän ýokary baha berdiler.
Munuň özi biziň ýurdumyzda geçirilen bu saýlawlaryň halkara synçylary tarapyndan doly ykrar edilendigini alamatlandyrýar. Bellenilişi ýaly, synçylar toparlarynyň netijeleri milli saýlaw kanunçylygynyň öwrenilmegine, syn etmelere we toparyň agzalarynyň ýurdumyzda bolan wagtynda toplan maglumatlaryna esaslanýar.
Dört görnüşli saýlawlara taýýarlyk görmekde we guramaçylykly geçirmekde Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň we ähli derejelerdäki saýlaw toparlarynyň alyp baran netijeli işleriniň ähmiýeti halkara synçylary tarapyndan bellenildi. Bu bolsa saýlawlaryň demokratik esasda we ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine ýardam berdi. Synçylar toparlarynyň agzalary milli habar beriş serişdeleriniň saýlawlary şöhlelendirmekde bitiren işlerine hem üns çekdiler we saýlawlaryň guramaçylykly geçirilendigi aýratyn bellediler.
Şeýlelikde, 2023-nji ýylyň 26-njy martynda saýlawlar Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we Saýlaw kodeksine laýyklykda geçirildi. Saýlawlar umumy ykrar edilen demokratik kadalara laýyklykda, açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda geçirildi hem-de ýurdumyzyň raýatlarynyň erk-islegleriniň erkin beýan edilmegini üpjün etdi.
Sözümizi jemläp aýdanymyzda, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary Garaşsyz we hemişelik Bitarap Türkmenistanda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan we hormatly Prezidentimiz-Arkadagly Serdarymyz tarapynda üstünlikli durmuşa geçirilýän demokratik özgertmeleriň netijesinde milli kanunlarymyzyň yzygiderli kämilleşdirilýändigini, olaryň halkara ölçegleriniň talaplaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrylýandygyny ýene bir gezek aýdyň görkezdi.