Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda Bütindünýä saglyk güni her ýyl döwlet derejesinde uly dabaralara beslenýär.
Hormatly Prezidentimiziň belläp geçişi ýaly: «Ýurdumyzda adamyň saglygy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolup durýar. Şoňa görä-de, ilatyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak we olary ýok etmek, saglygy goraýşy we derman senagatyny dünýä derejesinde ösdürmek boýunça köp işler amala aşyrylýar». Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň sagdynlygyň, ruhubelentligiň, sportuň mekany hökmünde dünýäde gazanan abraýynyň has-da belende göterilmegi babatda taýsyz tagallalar edilýär.
Hawa, 7-nji aprelde Türkmenistanda, asylly däbe görä, Bütindünýä saglyk güni bellenilýär. Milli senenamada berkidilen bu halkara senä gabatlanylyp, köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirilýär. Oňa hormatly Prezidentimiz hem gatnaşýar. Saglyk diňe her bir adam üçin däl, eýsem, tutuş jemgyýet üçin uly gymmatlykdyr, çünki ol beden taýdan sagdynlygyň we güýç-kuwwatyň, zähmet hem-de döredijilik işjeňliginiň, umuman, abadan durmuşyň gözbaşydyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sport Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde eziz Watanymyzda giň gerime eýe bolan köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini ösdürmäge aýratyn üns berilýär.
Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, jemgyýetimizde bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýylsaýyn bu herekete türkmenistanlylaryň barha köp sanlysy goşulýar.
«Saglyk» Döwlet maksatnamasy, beýleki degişli maksatnamalar, şäherlerde we oba ýerlerinde lukmançylyk we sport düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär.
Elbetde, hereket etmek, gezelençleri amala aşyrmak hem-de boş wagtyňy peýdaly we işjeň geçirmek üçin ajaýyp serişde bolan welosiped ulagyň ekologiýa taýdan iň arassa görnüşi hasaplanylýar. Ol sport ulagy hökmünde-de uly meşhurlyga eýedir.
Häzirki döwürde ýurdumyzda köpçülikleýin welosipedli ýörişleri, awtoulagsyz günleri, ählihalk bag ekmek dabaralaryny geçirmek asylly däbe öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, jemgyýetiň täze ekologiýa medeniýetini kemala getirmäge gönükdirilen bu ajaýyp däpler halkymyzyň uly goldawyna hem-de halkara derejede giňden makullanylmagyna eýe boldy.
Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2018-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamanyň kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Şu wakanyň hormatyna Aşgabatda «Welosiped» binasy guruldy. Bu bina 2020-nji ýylda dabaraly ýagdaýda açyldy. 2022-nji ýylyň 15-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde bolsa ýurdumyzyň teklibi boýunça «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu Kararnamanyň döredijileri bolup 62 döwletiň çykyş edendigini aýratyn bellemek zerurdyr.
Hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerip, Bütindünýä saglyk güni hemmeler paýtagtymyzyň giň şaýollary bilen sazlaşykly herekete başlaýarlar. Ajaýyp bahar paslynyň ir säheriniň jana şypaly, arassa, salkyn howasy, Köpetdagyň etegindäki tebigatyň ajaýyp ýerleri, dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin has oňaýly şäherleriniň hatarynda eýeleýän ornuny ynamly berkidýän, sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň merkezi hökmünde ykrar edilen ak mermerli Aşgabadyň gözel keşbi ruhuňy göterýär, oňat duýgulary peşgeş berýär.
Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy we onuň parahatçylyk söýüjilikli, döredijilikli syýasatyny, sporty wasp edýän aýdym-sazly çykyşlar hem-de joşgunly tanslar bu çäräniň baýramçylyk öwüşginini has-da artdyryp, sport çäresine gatnaşyjylary ýörişi üstünlikli geçmäge ruhlandyrýar. Hormatly Prezidentimiz welosipedli ýörişiň barşynda ajaýyp beden we sport taýýarlygyny görkezýär.
Arkadagly Serdarymyz asylly maşgala däplerini dowam edip, sport bilen meşgullanmaga uly üns berýär. Sport bilen meşgullanmak adamyň beden we ruhy ýagdaýyna oňaýly täsir etmek bilen birlikde, zähmetsöýerlik, ruhubelentlik, maksada okgunlylyk, düzgün-nyzamlylyk ýaly häsiýetleri ýüze çykarmaga hem ýardam edýär. Şunda nesilleriň dowamatlylygy öz aýdyň beýanyny tapýar.
Welosiped sporty tutuş dünýäde giňden ýaýrandyr we örän meşhurdyr. Onuň taryhy XIX asyryň ikinji ýarymynda Fransiýada geçirilen ilkinji iri sport ýaryşlaryndan başlanýar. 1896-njy ýylda sportuň bu görnüşi Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizildi. Ýurdumyzda hem welosiped sportunyň uzakdan gözbaş alýan taryhynyň bardygy bellärliklidir. Bu taryh 1894-nji ýylda Aşgabatda ilkinji welosipedçiler jemgyýetiniň döredilmeginden gözbaş alýar. Şondan bir ýyl geçenden soň, welosipedçileriň ilkinji ýaryşy geçirilýär. Häzirki döwürde sportuň bu görnüşi ýurdumyzda täze ösüşe eýe boldy.
Ýaşlary sagdyn durmuş ýörelgesine çagyrmakda uly ähmiýete eýe bolan çäreleri guramaga hem geçirmäge ähli şertleri döredýän hormatly Prezidentimize sagbolsun aýdýarys hem-de bütin halkymyzy Bütindünýä saglyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda uly ähmiýete eýe bolan sporty ösüşiň täze belentliklerine çykarmagyň, sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmegiň, hereketiň ynsan saglygyna ýetirýän täsirini wagyz etmegiň hem-de ekologiýa syýasatyny utgaşdyrmagyň ýolundaky beýik işleri, döwletli tutumlary, möhüm başlangyçlary, ähmiýetli ädimleri rowaç bolsun!
Annadursun MESKUTOWA,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy bölüminiň baş hünärmeni