Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli taraplarynyň demokratiýalaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýär. Munuň özi biziň ýurdumyzda geçirilýän dürli görnüşli saýlawlaryň demokratik esaslarda amala aşyrylmagyna mümkinçilik berýär.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň 2023-nji ýylyň 12-nji ýanwaryndaky karary esasynda, Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň bäşinji çagyrylyşynyň agzalarynyň, geňeşleriň dokuzynjy çagyrylyşynyň agzalarynyň saýlawlaryny 2023-nji ýylyň 26-njy martynda, ýekşenbe güni geçirmek bellenildi.
Saýlaw möwsümi 2023-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda başlandy.
Saýlawlary guramaçylykly geçirmek maksady bilen, ýurdumyzda saýlaw okruglarynyň 7222-si döredildi. Has takygy,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary boýunça saýlaw okruglarynyň 125-si, şol sanda:
Ahal welaýatynda 16;
Balkan welaýatynda 10;
Daşoguz welaýatynda 27;
Lebap welaýatynda 26;
Mary welaýatynda 29;
Aşgabat şäherinde 17 saýlaw okrugy döredildi.
Welaýat we Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça ýurdumyzda saýlaw okruglarynyň jemi 240-sy, şol sanda:
Ahal welaýatynda 40;
Balkan welaýatynda 40;
Daşoguz welaýatynda 40;
Lebap welaýatynda 40;
Mary welaýatynda 40;
Aşgabat şäherinde 40 saýlaw okrugy döredildi.
Etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça jemi 960 saýlaw okrugy, şol sanda:
Ahal welaýatynda 140 saýlaw okrugy;
Balkan welaýatynda 180 saýlaw okrugy;
Daşoguz welaýatynda 160 saýlaw okrugy;
Lebap welaýatynda 180 saýlaw okrugy;
Mary welaýatynda 220 saýlaw okrugy;
Aşgabat şäherinde bolsa 80 saýlaw okrugy döredildi.
Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geňeşleriň 572-sinde geçirildi. Ýurdumyzda geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça okruglaryň jemi 5897-si, şol sanda:
Ahal welaýatynda 976 saýlaw okrugy;
Balkan welaýatynda 422 saýlaw okrugy;
Daşoguz welaýatynda 1397 saýlaw okrugy;
Lebap welaýatynda 1397 saýlaw okrugy;
Mary welaýatynda bolsa 1705 saýlaw okrugy döredildi.
Ýurdumyzda hereket edýän syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birle-şikleri we raýatlar toparlary tarapyndan:
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary boýunça döredilen okrug saýlaw toparlarynyň düzümine jemi 1375;
Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça döredilen etrapdaky şäher, şäherçe, geňeşlik saýlaw toparlarynyň düzümine jemi 4076 wekil hödürlendi.
Saýlawlarda ses bermegi geçirmek üçin, saýlaw uçastoklarynyň jemi 2644-si döredildi, şol sanda:
Ahal welaýatynda 365-si;
Balkan welaýatynda 272-si;
Daşoguz welaýatynda 536-sy;
Lebap welaýatynda 567-si;
Mary welaýatynda 550-si;
Aşgabat şäherinde 312-si;
Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň (konsullyk edaralarynyň) ýanynda 42-si döredildi.
Saýlaw uçastoklarynyň 1850-si bilim edaralarynda döredildi. Has takygy;
Ýokary okuw jaýlarynda 21-si;
Ýörite orta hünärment mekdeplerinde 38-si;
Orta mekdeplerde 1537-si;
Çagalar baglarynda 254-si;
Saglygy goraýyş, medeniýet we beýleki edara-kärhanalaryň binasynda 752-si;
Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň (konsullyk edaralarynyň) ýanynda 42-si döredildi.
Saýlawlar dünýäniň we ýurdumyzyň jemgyýetçiliginiň synçy nazarynda boldy. Saýlawlaryň ähli tapgyrlaryna syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri, raýatlar toparlary we dalaşgärleriň özleri tarapyndan bellenilen milli synçylaryň 2855-si syn etdi. Has takygy;
Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan 594-si;
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan 307-si;
Türkmenistanyň Agrar partiýasyndan 408-si;
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklaryndan 600-si;
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginden 302-si;
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasyndan 570-si;
Raýatlar toparlaryndan 21-si;
Dalaşgärler tarapyndan bolsa 53 synçy hödürlenildi.
Milli synçylaryň 50,47 % göterimi zenanlardyr.
Milli synçylaryň 51,35 % ýokary, 33,87 % ýörite orta, 14,78 % orta bilimli adamlardyr.
Ýaşlary boýunça milli synçylaryň 32,89 % 30 ýaşa çenli, 30,23 % 30-dan 40 ýaşa çenli, 17,51 % 40-dan 50 ýaşa çenli, 19,37 % 50 ýaşdan uly adamlardyr.
Şeýle hem saýlawlaryň demokratik esasda geçirilişine
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan;
Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Adam hukuklary we demokratik institutlary boýunça býurosyndan;
Türki Döwletleriň Guramasyndan;
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyndan;
Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyndan halkara synçylarynyň 60-sy syn etdi.
Şeýle-de, saýlawlaryň geçişine daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçihanalary tarapyndan bellenilen halkara synçylarynyň 32-si syn etdi.
Dalaşgärleri hödürlemek 2023-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda başlandy we 24-nji fewralynda tamamlandy.
Dalaşgärleri bellige almak fewral aýynyň 4 – 28-i aralygynda geçirildi.
Saýlawlarda dalaşgärleriň 14872-si hödürlenildi we bellige alyndy. Has takygy:
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna 258;
welaýatlaryň we Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna 515;
etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna 2001;
Geňeşleriň agzalygyna 12098 dalaşgär bellige alyndy.
Syýasy partiýalar tarapyndan dalaşgärleriň 10340-sy;
raýatlaryň toparlary tarapyndan bolsa 4532-si hödürlenildi.
Saýlawlarda bir orun üçin iki we üç dalaşgär bäsleşdi. Has takygy:
Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary boýunça 117 okrugyň her birinde 2 dalaşgär, 8 okrugyň her haýsynda 3 dalaşgär;
welaýat, Aşgabat şäher we etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzala-rynyň saýlawlary boýunça 1084 okrugyň her birinde 2 dalaşgär, 116 okrugyň her birinde 3 dalaşgär;
Geňeş agzalarynyň saýlawlarynda 11490 okrugyň her birinde 2 dalaşgär, 304 okrug boýunça bolsa her okrugda 3 dalaşgär bäsleşdiler.
Saýlawlar gününden öň ses bermek 2023-nji ýylyň 16 – 25-nji marty aralygynda geçirildi we 5,10% saýlawçy ses berdi.
Saýlaw uçastoklarynda ses bermek sagat 7-den 19-a çenli geçirildi.
Ýurdumyzyň çäklerinde hasaba alnan 3.496.368 saýlawçydan 3.185.935 saýlawçy ýa-da saýlawçylaryň 91,12 göterimi ses bermäge gatnaşdy. Has takygy:
09-00-da 769603 , 22,01 %,
11-00-da 1529084, 43,73 %,
13-00-da 2156533, 61,68 %,
15-00-da 2604054, 74,48 % ,
17-00-da 2932551, 83,87 % ,
19-00-da 3185935, 91,12 % göterim saýlawçy ses berdi.
Daşary ýurtlarda saýlawçylaryň 12971-si hasaba alnyp, şolardan 12527-si, 96,58 göterimi ses berdi.
Saýlawlara 18 ýaşy dolan ýaş saýlawçylaryň 75606-sy gatnaşdy.
Ses berilýän jaýdan daşarda (saglyk ýagdaýy sebäpli) saýlawçylaryň 15984-si ses berdi.
Saýlawlarda Aşgabat şäherindäki we ýurdumyzyň welaýatlaryndaky saýlaw uçastoklarynyň 240-synda ýörite wideo kameralar gurnalyp, saýlawçylaryň ses berişleri internet arkaly Merkezi saýlaw toparynyň saylav.gov.tm atly web-saýtynda on-line tertibinde ilata göni görkezildi.
Saýlawlarda ýurdumyz boýunça bellige alnan 14872 dalaşgärden häkimiýetiň ähli wekilçilikli edaralaryna 7222 adam saýlandy. Şol sanda:
258 dalaşgärden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna 125 deputat;
515 dalaşgärden welaýatlaryň we Aşgabat şäher halk maslahatlaryna 240 agza;
2001 dalaşgärden etrap, şäher halk maslahatlaryna 960 agza;
12098 dalaşgärden geňeşlere 5897 agza saýlandy.
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalygyna hödürlenip, saýlanylanlar:
Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan 6241 dalaşgär hödürlenip, şolardan 3320-si;
Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan 523 dalaşgär hödürlenip, 304-si;
Agrar partiýadan 3576 dalaşgär hödürlenip, 1513-si saýlandy.
Syýasy partiýalar tarapyndan hödürlenen dalaşgärleriň 10340-syndan 5137-si;
raýatlar toparlary tarapyndan hödürlenen 4532 dalaşgärden 2085-si saýlandy.
Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň sanynyň jemi 125 bolup, şolardan 97 sanysy täze saýlanan deputatlar, ýagny 77,60 %; öňden işläp gelýän deputatlar 28 sany 22,40 %.
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna saýlanylan 125 deputatyň 25,60 %;
welaýat we Aşgabat şäher halk maslahatlaryna saýlanylan 240 agzanyň 28,75 %;
etrap, şäher halk maslahatlaryna saýlanylan 960 agzanyň 29,58 %;
Geňeşleriň agzalygyna saýlanylan 5897 agzanyň 27,91 % göterimi zenanlardyr.
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna saýlananlaryň 98,40 % ýokary, 1,60 % ýörite orta bilimli adamlardyr.
Welaýat we Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna saýlananlaryň 91,25 % ýokary, 7,92 % ýörite orta, 0,83 % orta bilimli adamlardyr.
Etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna saýlananlaryň 80,31 % ýokary, 14,69 % ýörite orta, 5,00 % orta bilimli adamlardyr.
Geňeşleriň agzalygyna saýlananlaryň 49,36 % ýokary, 34,19 % ýörite orta, 16,45 % orta bilimli adamlardyr.
Saýlawlarda saýlananlaryň 18,89 % 30 ýaşa çenli, 30,67 % 30-dan 40 ýaşa çenli, 25,45 % 40-dan 50 ýaşa çenli, 24,39 % 50 ýaşdan uly adamlardyr.
Saýlawlary guramaçylykly geçirmäge gatnaşan saýlaw toparlarynyň işjeň agzalarynyň sany jemi 24 müň töweregi adamdyr. Saýlaw toparlary üçin zerur bolan resminamalaryň we beýleki maddy-enjamlaýyn serişdeleriň hemmesi merkezleşdirilen görnüşde üpjün edildi.
Hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Serdarymyzyň pähim-parasatly tabşyryklaryndan, nesihatlaryndan ugur alyp, ýurdumyzda saýlawlary milli kanunlarymyza, halkara kadalaryna we demokratik ýörelgelerimiz esasynda, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, hil taýdan ýokary derejede, köppartiýalylyk esasynda, giň bäsleşik şertlerinde, guramaçylykly geçirmek saýlaw toparlarynyň öňünde durýan wajyp wezipedir.
Merkezi saýlaw topary.