TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

MUKADDES GADYR GIJESI

Türkmen halkynyň hoşniýetlilik, ynsanperwerlik, sahawatlylyk ýaly asylly ýörelgelerinden ugur alyp, merdana ata-babalarymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan ruhy-ahlak gymmatlyklaryny aýawly saklamak, milli däp-dessurlarymyzy yzygiderli ösdürmek, raýatlarymyzyň bagtyýar durmuşda ömür sürmegi Arkadagly Serdarymyzyň döwlet syýasatynyň baş ugrudyr.

Elbetde, ruhy tämizlik we ahlak arassalygy, ynsanperwerlik we hoşniýetlilik, şükranalyk ýaly ruhy gymmatlyklarymyzy dabaralandyrýan mukaddes oraza aýyna hem türkmen halky aýratyn ähmiýet berýär.

Aýlaryň serweri bolan mukaddes oraza aýynda agyz bekläp, kalbyňy, ruhuňy tämizlemek oraza aýynyň esasy häsiýetleriniň biridir. Çünki, orazaly adam özüni päk, ýeňil we şähdaçyk duýýar.

Oraza tutmak bilen biz bedeni keselden goraýarys. Oraza adamy erbet sözleri avtmakdan, nebsewürlikden, açgözlükden goraýar. Bu aý halkymyzda sahawatyň we kanagatyň, halallygyň we haýyrly işleriň aýy hökmünde derejelenýär. Oraza aýy tutuşlygyna sogaba, päklige beslenen aýdyr. Bu aýda bäş parzyň biri bolan agyz beklemek parzy berjaý edilýär, öýke-kineler unudylýar, günäler bagyşlanylýar.

Ýurdumyzda oraza aýy mynasybetli agzaçar sadakalary berilýär, tarawa namazy okalyp, öý-ojaklaryň abadançylygy, eziz Watanymyzyň parahatçylygy, il-günümiziň bagtyýarlygy, jebisligi, hormatly Prezidentimiziň janynyň sag bolmagy dileg edilýär.

Müň aýdan zyýat görlen gadyr gijesi bolsa, bu aýyň iň haýyrly pursatydyr. Gadyr gijesinde edilen ybadat, ýagşylyk, ynsanperwerlik müň aýyň haýyr-sogabyna barabar hasaplanýar. Bu haýyrly, ýagşy doga-dilegli, ybadatly gijede agzybir türkmen ili öz mukaddes ojaklarynda saçagyny giňden ýazyp, dürli tagamlary bişirip, goňşy-golamlara hödür-kerem edýär.

Hormatly Arkadagly Serdarymyzyň ynsanperwerlik ýörelgeleri esasynda, biziň ýurdumyzda gadyr gijesi aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Asylly däbe görä, bu mukaddes aýyň, mübärek gijäniň hormatyna, hormatly Prezidentimiz jenaýat edendikleri üçin iş kesilenleriň günäsini geçmek hakynda Permana gol çekýär. Arkadagly Serdarymyzyň sahawaty netijesinde, toba eden raýatlarymyzyň ýüzlerçesiniň günäsi geçilip, olar bu sahawatly aýda öz mukaddes ojaklaryna gowuşýarlar.

Şeýlelikde, mukaddes ata Watanymyzda Remezan aýy ajaýyp milli däp-dessurlarymyzy, edim-gylymlarymyzy, nurana sahawatlylygy özünde jemläp, ýagşy hem ýagty amallaryň agzybirlikde berjaý edilmegi bilen tamamlanýar.

Goý, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynyň mübärek Gadyr gijesinde halkymyzyň agzybirligi, abadançylygy, eziz Diýarymyzyň berkararlygy, hormatly Prezidentimiziň ähli tutumlarynyň rowaçlygy üçin ediljek doga-dilegler, ýagşy umyt-arzuwlar gudraty güýçli beýik Allanyň dergähinde kabul bolsun!

 

Jahan ORAZOWA, 
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň
Guramaçylyk müdirliginiň esasy hünärmeni.