Ynha, mukaddes Oraza baýramy hem ýetip geldi. Oraza baýramy mukaddes baýramdyr. Oraza aýy bolsa ruhy päkligiň, jemgyýetçilik jebisliginiň, taýsyz sahawatyň aýy hökmünde aňymyza ornandyr. Oraza aýynyň başlanmagy mynasybetli tarawa namazy okalýar. Adamlar agzybirligiň, dostlugyň we ruhubelentligiň nyşany hökmünde bu namazy bir aýyň dowamynda okaýarlar.
Oraza baýramy dünýäniň ençeme halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçirip gelýän ruhy tämizlik we ahlak arassalygy, ynsanperwerlik we hoşniýetlilik, şükranalyk ýaly müdimi ruhy gymmatlyklaryny dabaralandyrýan iň gadymy baýramlarynyň biridir. Gadymy türkmen topragynda, tutuş musulman dünýäsinde bolşy ýaly, otuz günläp dowam eden mukaddes Oraza aýynyň tamamlanandygyny alamatlandyryp, röwşen Oraza baýramy bellenilýär.
Garaşsyzlygymyzy gazananymyzdan soň milli senenamamyzda täze öwüşgin tapan bu mukaddes baýram özünde hoşniýetlilik ýörelgelerini jemleýär.
Milli baýramçylyklarymyz halk tarapyndan täze öwüşgin bilen, uly dabara bilen ýokary derejede bellenilýär. Şol sanda Oraza baýramy Türkmenistanda ählihalk dabarasy hökmünde giňden bellenilip geçilýär.
Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen Oraza baýramy her ýyl baýram edilýär. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda» hem, beýleki ýyllarda bolşy ýaly, bagtyýar halkymyz bu baýramy uly ruhubelentlikde, jebislikde garşylaýar. Bu sahawatly, mübärek aýda bitirilen nusgalyk işler geljegimiz bolan ýaş nesillerde ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, birek-birege hormat goýmak, dost-doganlyk ýaly asylly duýgulary terbiýeleýär.
Bir aýyň dowamynda agyz bekläp, ýagşy doga-dileglere beslenen halkymyz hormatly Prezidentimiziň Permany esasynda dynç alyp, agzybirlikde Oraza baýramyny belläp geçýärler. Yslam dünýäsinde Oraza aýynyň tamamlanmagy bilen giňden bellenilýän Oraza baýramynda ildeşlerimiz köplük bolup metjitlerde baýram namazyna durýarlar, sadakalar berýärler.
Oraza aýy her bir adamda iň oňat gylyk-häsiýetleri kemala getirýän, sahylygyň we rehimdarlygyň aýydyr. Adam hoşniýetli işleri amala aşyryp, daşymyzy gurşap alan dünýä bilen sazlaşyga eýe bolýar.
Oraza döwründe gelýän, müň aýdan haýyrly hasaplanýan Gadyr gijesi hem bu mukaddes aýyň gymmatlyklarynyň biridir.
Biziň ajaýyp zamanamyzda milli gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza hormat bilen garalýar. Olary dikeltmek, ösdürmek, wagyz etmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Şolaryň hatarynda mukaddes Oraza baýramy-da bar. Hormatly Prezidentimiz her ýyl mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günä geçmek hakynda Perman kabul edýär.
Oraza aýynda agyz beklemek arkaly ynsanyň bedeni we ruhy dünýäsi tämizlenýär. Bu döwürde adamyň bedeni, aňy we ruhy dünýäsi ajaýyp sazlaşygy emele getirýär.
Bu aý musulmanlar üçin sabyr-takatlylygyň, tämizlenmegiň we rehim-şepagatyň aýydyr.Türkmenistanlylar üçin oraza aýy öçmejek ruhy gymmatlyklara-ahlak tämizligine, rehim-şepagatlylyga we ynsanperwerlige beslenýär.
Biziň ýurdumyzda Oraza baýramy türkmenleriň ata-babalarynyň gadymy däpleri boýunça röwşen duýgular, asylly isleg-arzuwlar uly agzybirlikde bellenilýär. Oraza baýramy biziň durmuşyň ähli oňatlyklaryna bolan ynamymyzy pugtalandyrýar, saýlap alan ýolumyzda ýokary sepgitlere ýetmek üçin güýjümizi artdyrýar.
Bu mübärek baýram bilen ähli türkmen ilimizi tüýs ýürekden gutlaýarys. Orazalaryňyz, ýagşy dileg-dogalaryňyz kabul bolsun!
Aýna Saryýewa,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň arhiwçisi