Gadymy we şöhratly türkmen halkynyň nepis halysy, altyn-kümüş şaý sepleri ýaly milli baýlyklarynyň biri-de onuň gamyşgulak bedew atydyr. Merdana ata-babalarymyzdan miras galan, tebigatyň taýsyz gözelligi bolan bedewlerimiziň sarpasy halkara derejesinde uludyr. Birnäçe müňýyllykdan bäri türkmen öz bedewini guwanjy, ruhy ganaty, buýsanjy hasaplaýar. Aslynda, at owal-başdan türkmeniň ruhuna, häsiýetine ýakyn hasaplanýar. Ýelden ýyndam täsin atlar ählihalk dabaralarynyň bezegi, türkmenleriň uçar ganaty, hakyky buýsanjyň we galkynyşyň nyşanydyr.
Ata Watanymyz, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Bedew baýramy şatlyk-şowhun bilen ruhubelentlikde bellenilýär. Şol baýramçylyga bagyşlanan çäreler bolsa ýurdumyzyň ähli ýerlerinde giňden ýaýbaňlanyp, birnäçe günläp dowam edýär. Halkymyzyň bu söýgüli baýramçylygynda ylmy maslahatlar, ýurdumyzyň görnükli atşynaslary we seýisleri bilen duşuşyklar, sport bäsleşikleri, konsertler geçirilýär we spektakllar, kinofilmler görkezilýär.
Ata-babalarymyzyň asylly ýörelgesine eýerip, bütin türkmen halky bedewi özüniň örän gymmatly hazynasy hasaplaýar. Pederlerimizden miras galan şeýle bir parasatly söz bar, ýagny ol «Irden turup ataňy gör, ataňdan soň atyňy» diýlen ajaýyp jümlelerdir. Bu ajaýyp sözlerden gadymdan bäri türkmenleriň bedew atyny maşgala başy hasaplaýan atasyndan soň ikinji orunda goýýandyklaryny görmek bolýar.
Türkmen bedewi özüniň owadanlygy, çydamlylygy, eýesine wepalylygy bilen dünýä halklaryny haýrana goýýar. Gözellikde, ýyndamlykda deňi-taýy bolmadyk gamyşgulak türkmen bedewiniň şöhratynyň asyrlardan-asyrlara aşyp onuň gadyr-gymmatynyň hemişelikdigi ýaş nesiller üçin buýsandyryjydyr.
Ahalteke bedewi türkmen halkynyň milli gymmatlygy, dünýä medeniýetine goşan uly goşandydyr. Türkmen topragynda kemala gelen ahalteke bedewi tebigatda ynsanyň zähmeti we zehini bilen döredilýän güýjüň, sagdynlygyň, gözelligiň nyşanydyr. Bedewlerimiziň ajaýypdan näzik owadanlygynda, duýgurlygynda, ýüwrükliginde, wepalylygynda ata-babalarymyzyň tükeniksiz azap-aladalary, bahasyna ýetip bolmajak yhlasly halal zähmeti bardyr.
Türkmen atlarynyň-meşhur ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty asyrlar boýy äleme dolup gelýär. Ahalteke bedewleri dünýä atşynaslygynda uzak aralyga çapmakda birnäçe gezek taryha girdi. Olaryň örän çydamlydygyny dünýä belli alym-atşynaslar birnäçe gezek bellediler. 1935-nji ýylda Aşgabat-Moskwa atly ýörişi geçirilende, türkmen ýigitleri bu aralygy 84 günde geçmegi başardylar. Şonda olar bir gije-gündiziň dowamynda 60 kilometrden gowrak ýol aşdylar. Şondan 30 ýyl geçensoň, türkmen atly ýigitleri iýun aýynda, howanyň yssy mahaly çölüň içinden 1200 kilometr aralygy 22 günde geçdiler. Olar bir gije-gündiziň dowamynda 55 kilometre golaý menzil aşmagy başardylar.
Behişdi bedewlere olaryň dörän mekanynda—türkmen topragynda häzirki döwürde aýratyn belent sarpa goýulýar. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny alan ilkinji ýyllarynda döwlet nyşanlarymyzy döreden wagtymyz döwlet tugramyzyň merkezinde iň gymmatly baýlyk hökmünde bedew atynyň buýsançly keşbini ýerleşdirmek makul bilindi. Ýyndamlygy we gözelligi bilen dünýä meşhur türkmen bedewleri biziň milli buýsanjymyzdyr, şöhratymyzdyr. Ata-babalarymyzdan gelýän seýisçilik däplerimizi dowam edip, ýaş nesillerimize geçirmek, olarda atçylyga bolan söýgüni artdyrmak ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär.
Gojaman taryhyň gatlarynda «Şalyk atlary» diýdiren, «Behişdi bedewler» diýdirip şöhrat gazanan, gadymy hytaý ýazgylarynda «Asman atlary» mahabatyna eýe bolan ahalteke bedewleri, hakykatdanam, dünýä siwilizasiýasynyň ajaýyp gymmatlygydyr.
Ýurdumyzda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi bilen meşhur ahalteke bedewleri, görnükli seýisler we atşynaslar bilen baglanyşykly işleriň içgin öwrenilmegine, ýurdumyzyň ahalteke atlary bilen bagly halkara ýaryşlarynyň geçirilýän mekanyna öwrülmegine giň mümkinçiliklere ýol açdy.
Türkmen atçylyk ulgamynyň halkara pudagy bilen utgaşdyrylmagy esasy zeruryýetlige öwrülýär. Şunda Türkmenistanyň dünýä atçylygynda öňdäki orunlary eýelemegi möhüm wezipedir. Aslyýetinde, dünýä taryhynda ahalteke bedewlerine hem-de türkmen topragyna goýulýan sarpa uludyr.
Durmuşda şeýle zatlar bolýar. Olar dörän, ýaradylan pursadyndan aýratyn ykbally bolup, özüniň ösüş ýolunda gün-günden kämilleşip we taplanyp, ahyrsoňunda gutarnykly keşbe eýe bolýar. Şondan soň olar özüniň barlygy bilen bir däl, on däl, ýüz däl, müňlerçe adamyň, halkyň kalbyna teselli berýär. Oňa diňe bir adam eýeçilik etmän, bütin halk eýe çykýandyr, howandarlyk edýändir. Sebäbi, ol halkyň ýüzüniň tuwagydyr, kalbynyň aýdymydyr. Olaryň her biri bir ajaýyp dessandyr. Ol dessanlar halkyň başarnygyny, üstünligini, ukybyny, gysgaldyp aýdanyňda, özgelerden mese-mälim tapawutlanyp duran häsiýetli aýratynlygyny açyp görkezýär. Olar atanyň pendi bilen aňymyza, enäniň süýdi bilen ganymyza ornaýar. Adam şolar bilen ýaşaýar, işleýär, perzent terbiýeleýär.
Türkmen topragynda gadymy döwürlerden bäri ösdürilip kemala getirilýän we umumadamzat gymmatlygyna öwrülen nurana bedewlerimiz dünýäniň arassa ganly, tohum atlarynyň arasynda iň naýbaşylarynyň biridir. Wepadarlygy, ýyndamlygy hem-de gözelligi bilen halkymyzyň buýsanjyna, ýakyn syrdaşyna öwrülen behişdi bedewlerimiz il-günümiziň köňül guwanjy, uçar ganatydyr.
Ynsan bilen bedew atyň arasyndaky dostluk, wepadarlyk gatnaşyklary ajaýyp nusgawy eserlerimizde hem giňden şöhlelendirilýär. Muňa türkmen halk döredijiliginde çuň many-mazmunly, ynsanyň dünýägaraýşyny kämilleşdirmekde uly ähmiýete eýe bolan nakyllardyr atalar sözleri hem aýdyň şaýatlyk edýär. «At agynan ýerde toý bolar», «Aty baryň ganaty bar», «Ýüwrük ata baha bolmaz» ýaly ençeme nakyllary döreden merdana halkymyz özüniň ýaşaýyş-durmuşyny bedew atsyz göz öňüne getirmändir. Sebäbi, ýelden ýüwrük bedewler gadymy topragymyzyň gudratydyr, türkmeniň ganaty we buýsanjydyr!
Türkmen halkynyň bagtyýar ýaşamagy, ruhlanyp işlemegi, okamagy, döretmegi barada uly alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, uly tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.
Dinmuhammet ANNAÇARYÝEW,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.