TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

GARAŞSYZLYK ÝYLLARYNDA GEÇIRILEN DEMOKRATIK SAÝLAWLAR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. Eziz Diýarymyz bu gün milli demokratik ýörelgelerimizi çuňlaşdyrmakda ösüş hem rowaçlyk ýolundan ynamly öňe gadam urýar. Halkara derejesinde dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda tanalýan ata Watanymyzda ähli ulgamlarda uly üstünlikler gazanylýar.

Döwlet Baştutanymyz Prezident wezipesine girişmek dabarasynda eden taryhy çykyşynda: «Öz öňümde goýan maksatlarymy üstünlikli amala aşyrmakda men, ilkinji nobatda, halkymyza, onuň agzybirligine we jebisligine, aň-düşünjesine hem-de merdanalygyna bil baglaýaryn», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýip, örän parasatlylyk bilen nygtady. Elbetde, demokratik döwletimizdäki halk bilen döwletiň jebisligi bolsa, ähli ösüşleriň baş badalgasydyr. Ýurdumyzda demokratik ýörelgeler esasynda agzybirlikde, asudalykda we yzygiderli guramaçylykly geçirilýän ählihalk saýlawlary hem munuň şeýledigini äşgär edýär. 

Ýurtda geçirilýän islendik derejedäki saýlawlar jemgyýetiň dürli gatlaklarynda höküm sürýän ajaýyp sazlaşygyň, jebisligiň, agzybirligiň, asudalygyň derejesini görkezýän täsin ölçeg guralydyr. Islendik döwletiň syýasy durmuşyna şol ýurtda geçirilýän saýlawlaryň hili boýunça baha berilýär. Diýmek, saýlawlar döwletiň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda demokratiýanyň ýüze çykmagynyň esasy çeşmesi bolup, at-abraýynyň halkara derejesinde ýokarlanmagynda uly ähmiýete eýedir. Saýlawlar jemgyýetiň özboluşly aýnasydyr.

Şu nukdaýnazardan, Garaşsyzlyk ýyllary içinde ata–babalary-myzdan miras galan kämil tejribeler esasynda kemala gelen, gadymy ýol-ýörelgelere esaslanýan saýlaw ulgamy hem kämilleşip, saýlawlary geçirmek boýunça baý iş tejribe toplanyldy. Saýlawlara sanly ulgamy ornaşdyrmak we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmek babatynda hem oňyn netijeler gazanylýar.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda geçirilen saýlawlaryň taryhy ýoluna ser salanymyzda, dürli görnüşli ählihalk saýlawlarynyň we sala salşyklaryň 31-siniň, şeýle hem ýurdumyzda bir sany göni däl (gytaklaýyn) saýlawyň, şeýlelikde, saýlawlaryň jemi 32-siniň geçirilendigini görmek bolýar.

Has takygy,

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň jemi 5-si geçirildi:

1992-nji ýylyň 21-nji iýunynda;

2007-nji ýylyň 11-nji fewralynda;

2012-nji ýylyň 12-nji fewralynda;

2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda,

2022-nji ýylyň 12-nji marty.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň jemi 7 çagyrylyşynyň saýlawlary geçirildi:

1994-nji ýylyň 11-nji dekabrynda;

1999-njy ýylyň 12-nji dekabrynda;

2004-nji ýylyň 19-njy dekabrynda;

2008-nji ýylyň 14-nji dekabrynda;

2013-nji ýylyň 15-nji dekabrynda;

2018-nji ýylyň 25-nji martynda.

2023-nji ýylyň 26-njy martynda.

Welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň jemi 5 çagyrylyşynyň saýlawlary geçirildi:

2006-njy ýylyň 3-nji dekabrynda;

2010-njy ýylyň 5-nji dekabrynda;

2014-nji ýylyň 23-nji noýabrynda;

2018-nji ýylyň 25-nji martynda.

2023-nji ýylyň 26-njy martynda.

Geňeşleriň agzalarynyň jemi 9 çagyrylyşynyň saýlawlary geçirildi:

1993-nji ýylyň 27-nji iýunynda;

1998-nji ýylyň 5-nji aprelinde;

2003-nji ýylyň 6-njy aprelinde;

2006-njy ýylyň 23-nji iýulynda;

2009-njy ýylyň 26-njy iýulynda;

2012-nji ýylyň 20-nji awgustynda;

2015-nji ýylyň 16-njy awgustynda;

2018-nji ýylyň 25-nji martynda.

2023-nji ýylyň 26-njy martynda.

Şeýle hem ýurdumyzda ählihalk sala salşyklarynyň jemi 2-si geçirildi:

1991-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda;

1994-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda.

Halk wekilleriniň saýlawlarynyň hem 3-si geçirildi:

1992-nji ýylyň 6-njy dekabrynda;

1998-nji ýylyň 5-nji aprelinde;

2003-nji ýylyň 6-njy aprelinde geçirildi.

Şeýle-de, ýurdumyzyň parlamentiniň iki palataly ulgama geçmegi bilen baglylykda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary 2021-nji ýylyň 28-nji martynda göni däl (gytaklaýyn)  saýlaw hukugynyň esasynda geçirildi.

Mundan başga-da, möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň   Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň ýerine saýlawlar geçirildi. 2013-nji ýyla çenli ýurdumyzda dürli derejeli saýlawlaryň hersiniň öz aýratyn kanuny bardy, şeýle-de, sala salşyk hakynda, saýlaw hukugynyň kepillikleri hakynda, Merkezi saýlaw topary hakynda kanunlar hereket edýärdi.  

2013-nji ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň Saýlaw kodeksi tassyklanyldy we şol ýylyň 1-nji iýulyndan güýje girdi.

Şeýlelikde, ýokarda bellenilip geçilen aýratyn kanunlaryň hemmesi birleşdirilip, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksi döredildi. Ýurdumyzda hereket edýän Saýlaw kodeksi 92 maddadan we 17 bölümden ybaratdyr.

Saýlawlary geçirmegiň halkara derejesinde ykrar edilen demokratik kadalaryny özünde jemleýän Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň Saýlaw kodeksi ýurdumyzda geçirilýän saýlawlaryň kanuny binýady bolup durýar.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň güýje giren gününden häzirki wagta çenli halkara we milli tejribelerden ugur alnyp, oňa jemi 9 gezek üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.

Saýlawlara we sala salşyklara taýýarlyk görmek we geçirmek bilen bagly gatnaşyklary düzgünleşdirýän Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň döwrebap kämilleşdirilmegi we oňa birnäçe üýtgetmeleriň we goşmaça-laryň yzygiderli girizilmegi, ýurdumyzda saýlawlaryň demokratik ýörel-geler esasynda, guramaçylykly geçirilmegi üçin giň mümkinçilikleri döredýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasatyny myna-syp dowam etdirip, ata Watanymyzda saýlaw ulgamynyň işiniň kämilleş-megine uly üns berip, Türkmenistanyň halkyny demokratik ýol bilen bagtyýar geljege alyp barýan hormatly Prezidentimize – Arkadagly Serdarymyza alkyş aýdýarys.

Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, mertebesiniň belent bolmagyny, il-ýurt  bähbitli,  tutumly  işleriniň  mundan  beýläk-de rowaç almagyny arzuw edýäris.

 

Hekimberdi Öwezow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň sekretar-referenti.