TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

WATAN GAHRYMANLARYNA ŞÖHRAT

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe geçen asyryň uruş ýyllarynyň agyr synaglaryny başdan geçiren uly nesliň wekilleriniň mynasyp durmuşyny üpjün etmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda goýulýar. Hormatly Prezidentimiziň – Arkadagly Serdarymyzyň  ähli taraplaýyn aladalary netijesinde, urşa gatnaşyjylara, tylda zähmet çekenlere we esger ojagyny saklap oturan enelere köp sanly ýeňillikler berilýär.

Watan Gahrymanlaryny hatyralamak türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly däpleriniň biri bolup durýar. Beýik Ýeňşiň 78 ýyllygynyň şanyna, asylly däbe görä, ýurdumyzda ata Watany gorap, uruşda wepat bolan gahrymanlaryň ýagty ýadygärlikleri hormatlanylýar. Weteranlara aýratyn mähirlilik bilen sarpa goýulýar. Bu şanly sene türkmen halkynyň belent watançylygynyň we edermenliginiň, onuň parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine, ata-babalaryň parasatly wesýetlerine ygrarlylygynyň nyşany hökmünde milli senenamada möhüm orun eýeleýär.

Her ýyl 1941 — 1945-nji ýyllaryň Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş mynasybetli, söweş meýdanlarynda baş goýan gerçekleriň ýagty ýadygärlikleri hatyralanyp, paýtagtymyzyň «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna we ýurdumyzyň welaýatlarynda Watan ogullarynyň hatyrasyna bina edilen ýadygärliklere gül desseleri goýulýar.

Ýeňiş güni – türkmen halkynyň öz ata­babalaryna buýsanýan, olaryň wesýetlerini sarpalaýan ýaş nesillerimizi terbiýelemekde aýratyn ähmiýete eýe bolan senedir. Ýeňiş güni – bu parahatçylyga, ynsanperwerlige, agzybirlige hem abadançylyga bolan buýsanjy äşgär edýän senedir. Ýurdumyzda her ýylyň maý aýynyň 9-yna Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni giňden bellenilýär.

Taryhy müňýyllyklaryň jümmüşine aralaşyp gidýän türkmen halky ýaşlary terbiýelemekde ata-babalaryň köpasyrlyk ýörelgelerini baýlaşdyryp, olaryň dowamly bolmagyna gol berýär. Häzirki wagtda uruş weteranlary ýaş nesilde ýokary watançylyk, gahrymançylyk, edermenlik duýgularynyň kemala gelmegi, jemgyýetde jebisligiň berkemegi üçin asylly işleri alyp baryp, ägirt uly özgertmeleri durmuşa geçirmek işine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Watan gahrymanlaryny hatyralamak halkymyzyň gadymy ýörelgeleriniň biridir. Watan ugrundaky söweşlerde gahrymançylyk görkezen gerçekleriň mertebesi elmydama belent tutulýar. 1941―1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna hem türkmeniň batyr, gaýduwsyz ogullarynyň müňlerçesi gatnaşdy. Olar doganlyk halklaryň wekilleri bilen egin-egne berip, gahrymançylygyň nusgasyny görkezdiler. Söweşlerde halklaryň mizemez dost-doganlygy, jebisligi üstün çykdy.

Beýik Watançylyk urşy adamzat taryhynda iň ýowuz uruşlaryň biridir. Mert pederlerimiziň gahrymançylykly ömür ýoly ýaş nesiller üçin nusgalyk göreldedir. «Hiç kim unudylanok, hiç zat ýatdan çykanok» diýen pähimden ugur alyp, bu günki gün bagtyýar ýaşaýan türkmen halky ýaş nesilleriň terbiýesinde möhüm orny eýeleýän bu baýramy has-da dabaralandyrýar.

Biz ýurt goran gahrymanlara tagzym edýäris. Olaryň deňsiz-taýsyz edermenligine sarpa goýýarys. Ata-babalarymyzyň şöhratly durmuş ýoly biziň üçin watançylygyň, mähriban topraga çäksiz wepalylygyň we mukaddes Watanymyza gulluk etmegiň mekdebidir.

Halkymyzyň edermen ogullary geçen urşuň agyr synaglaryny başdan geçirip, parahatçylyk, asudalyk, abadan durmuş ugrunda bolan söweşlerde edermenlik, gaýduwsyzlyk, gahrymançylyk görkezdiler. Olaryň hatarynda Gahryman Arkadagymyzyň atasy, ussat mugallym, watançy esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýew hem bolup, onuň durmuş ýoly bu günki ýaşlar üçin hakyky watançylygyň, edermenligiň we borjuňa wepalylygyň nusgasydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň hem çagalyk döwri ikinji jahan urşunyň kynçylykly ýyllaryna gabat geldi. «1941 — 1945-nji ýyllaryň Watançylyk urşy ýyllarynda durmuşyň agyr şatylaryna merdanalyk bilen döz gelip, ýaş başyna uly adam çykan, oba adamlaryna goldaw-hemaýat beren, şeýdip, merdanalyk ýoluny geçen kakama men çäksiz guwanýaryn, buýsanýaryn» diýip, köňül ahwalyny beýan edýän Gahryman Arkadagymyza alkyşlarymyz çäksizdir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda» parahatçylyk döredijilikli, ylalaşdyryjy syýasaty bilen pederlerimiziň deňsiz-taýsyz edermenliklerine uly sarpa goýýan Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw edýäris.

 

Aman Amanow, 
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň hukukçysy.