Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz demokratik ösüş ýolundan öňe ynamly gadam urýar. Demokratik, hukuk, dünýewi döwletimizde saýlawlaryň kanunçylyk esaslaryny pugtalandyrmak boýunça taryhy işler alnyp barylýar. Halkara derejesinde dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda tanalýan ata Watanymyzyň ähli ulgamlarynda uly üstünlikler gazanylýar.
Arkadagly Serdarymyzyň pähim-parasatly demokratik başlangyçlary esasynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna girizilen üýtgetmelere we goşmaçalara laýyklykda, ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyk namalary-da döwrebap derejede yzygiderli kämilleşdirilýär. Şeýle-de, saýlaw hukugynyň demokratik ýörelgelerini häzirkizaman ösen dünýäniň talaplaryna laýyklykda üpjün etmek bilen bagly çäreleriň çäklerinde Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine hem üýtgetmeler we goşmaçalar yzygiderli girizilip durulýar.
Amala aşyrylan bu giň gerimli çäreler barada giňişleýin gürrüň bermegini sorap, biz Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň hukukçysy Aman Amanow bilen söhbetdeş bolup, oňa birnäçe sowal bilen ýüz tutduk:
— Aman Sapargeldiýewiç, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksi barada we oňa şu güne çenli girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar barada gürrüň beräýseňiz.
— Türkmenistanyň Saýlaw kodeksi 2013-nji ýylyň 1-nji iýunynda güýje girdi. Saýlaw kodeksi Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, welaýat hukukly şäher, etrap, etrap hukukly şäher halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna, sala salşyklara taýýarlyk görmek we geçirmek bilen bagly gatnaşyklary düzgünleşdirýär hem-de Türkmenistanyň raýatlarynyň saýlawlarda we sala salşyklarda öz erk-islegini erkin beýan etmegini üpjün edýän kepillikleri belleýär. Ýurdumyzda hereket edýän Saýlaw kodeksi 92 maddadan we 17 bölümden ybarat bolup durýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna girizilen üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň netijesinde Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine hem üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýär.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň güýje giren gününden häzirki wagta çenli halkara we milli tejribelerden ugur alnyp, jemi 9 gezek üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Olar aşakdakylardan ybaratdyr:
Birinji gezek Saýlaw kodeksine 2014-nji ýylyň 16-njy awgustynda üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Şol ýylky girizilen üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň hatarynda, saýlawlarda dalaşgärler tarapyndan hem milli synçylaryň bellenilip bilinýändigi, şeýle hem okrug we uçastok saýlaw toparlarynyň ygtyýarlyk möhletleriniň bäş ýyldygy kesgitlenildi.
Ikinji gezek Kodekse 2016-njy ýylyň 15-nji oktýabrynda üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Hususan-da, jemgyýetçilik birleşikleriniň saýlawlarda dalaşgär hödürlemek hukugy bes edilip, saýlawlarda dalaşgärleri hödürlemek hukugy diňe syýasy partiýalara hem-de raýatlar toparlaryna degişli edildi.
Üçünji gezek Kodekse 2017-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda, has takygy, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 78-nji maddasynyň 1-nji bölegine saýlawlaryň jemi baradaky habaryň 7 günden gijä goýman, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde resmi taýdan çap edilýändigi barada üýtgetme girizildi.
Dördünji gezek 2017-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň jemi 10 sany maddasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizilip, Türkmenistanda saýlawlaryň mart aýynyň soňky ýekşenbesinde geçirilýändigi kesgitlenildi.
Bäşinji gezek 2018-nji ýylyň 9-njy iýunynda Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň jemi 2 maddasynda degişli ministrligiň adynyň üýtgedilendigi bilen baglanyşykly üýtgetme girizildi.
Altynjy gezek 2018-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň jemi 10 sany maddasyna degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.
«Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň kabul edilmegi esasynda iki palataly parlament ulgamyna geçilmegi bilen baglylykda, ýedinji gezek, ýagny 2020-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Saýlaw kodeksine girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palataly ulgama geçmegi bilen bagly bolup durýar. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine «Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary» diýlen 1 belgili 6-njy (VI(1)) täze bölüm goşuldy. Täze bölüm 18 sany täze goşulan (50(1) – 50(18)) maddany öz içine aldy. Bulardan başga-da, Saýlaw kodeksiniň 55 sany maddasyna degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Şeýle hem Saýlaw kodeksiniň 14-nji bölüminiň ady üýtgedildi.
Sekizinji gezek 2021-nji ýylyň 13-nji martynda kodekse üýtgetme girizildi. Şol üýtgetme esasynda, Saýlaw kodeksiniň 4-nji maddasynda dolandyryş-çäk gurluşyň üýtgemegi, welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň, geňeşiň möhletinden öň ýatyrylmagy, şeýle hem Halk Maslahatynyň agzasynyň, Mejlisiň deputatynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň, geňeşiniň agzasynyň ygtyýarlyklarynyň möhletinden öň ýatyrylmagy bilen baglylykda, olaryň saýlawlarynyň başga möhletlerde hem geçirilip bilinýändigi kesgitlenildi.
«Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň kabul edilmegi esasynda, bir palataly parlament ulgamyna geçilmegi bilen baglylykda, dokuzynjy gezek, ýagny 2023-nji ýylyň 26-njy martynda Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Saýlaw kodeksine girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň işiniň bes edilmegi hem-de ýurdumyzda kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan Parlamentiň bir palataly ulgama geçmegi bilen bagly bolup durýar. Hususan-da, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksinden Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary diýlen 18 sany (50(1) – 50(18)) maddalary özünde jemleýän VI(1) bölüm aýryldy.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň ýedinji çagyrylyşynyň birinji maslahatynda eden çuň manyly taryhy çykyşynda: Saýlawlarda toplanan tejribeleri hem-de dünýä tejribelerini saýlaw kanunçylygyna ornaşdyrmak maksady bilen, «Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny taýýarlamagy tabşyrdy. Bu aýdylanlara esaslanyp, häzirki wagtda Merkezi saýlaw toparynda degişli işler alnyp barylýar.
— Aman Sapargeldiýewiç, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine girizilýän üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň maksady barada aýdyp beräýseňiz.
— Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine girizilen üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň esasy maksady eziz Diýarymyzda saýlawlary ýokary guramaçylykly geçirmekden, dünýäde toplanan tejribäni nazara alyp, saýlaw ulgamynyň kanunçylyk binýadyny döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirmekden ybarat bolup durýar. Şeýle hem raýatlaryň saýlamaga we saýlanmaga bolan hukuklaryny demokratik şertlerde berjaý etmekden we saýlawlaryň aýanlyk ýagdaýynda, milli kanunçylyklarymyza hem-de halkara kadalaryna laýyklykda geçirilmegini gazanmakdan ybaratdyr.
Bilşimiz ýaly, soňky ýyllarda ýurdumyzda milli hukuk kadalaryny kämilleşdirmek, jemgyýetimizi mundan beýläk-de demokratiýalaş-dyrmak boýunça ulgamlaýyn işler yzygiderli durmuşa geçirilýär, şonuň bilen birlikde, saýlaw ulgamy-da barha kämilleşýär.
Dünýäde umumy ykrar edilen halkara, demokratik kadalary özünde jemleýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň yzygiderli kämilleşdirilmegi we girizilýän üýtgetmeleriň, goşmaçalaryň mynasyp beýanyny tapmagy ýurdumyzda saýlawlaryň demokratik ýörelgeler esasynda geçirilýändigini, Türkmenistanyň ählumumy ykrar edilen halkara kadalaryna hem-de demokratik ýörelgelere ygrarlydygyny aýdyň görkezýär. Munuň özi häzirki türkmen jemgyýetinde raýatlaryň ýurdumyzda bolup geçýän özgertmeleri durmuşa geçirmäge bolan jogapkärçiliginiň artýandygyny, raýatlarymyzyň erk-islegleriniň erkin ýüze çykmagynyň, ýagny olaryň saýlaw hukuklarynyň üpjün edilmeginiň demokratik ýörelgeleriniň has-da berkidilýändigini görkezýär.
Pursatdan peýdalanyp, ýurdumyzda demokratik saýlawlary geçirmek üçin ähli zerur şertleri döredýän hormatly Prezidentimiziň – Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan uly tutumly işleriniň elmydama rowaç almagyny, janynyň sag, başynyň dik, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw edýäris!
– Beren täsirli gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň!
Söhbetdeşligi ýazga geçiren H. ÖWEZOW.