Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Aşgabat şäherini döwrebap ösdürmek, ony ýaşamak üçin amatly, dünýäniň owadan şäherleriniň birine öwürmek esasy wezipe bolup durýar. Häzirki güne çenli Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde, bu wezipe üstünlikli ýerine ýetirildi we ol hormatly Prezidentimiz ─ Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam etdirilýär.
Ak şäherimiz Aşgabat ak mermer binalarynyň özboluşly keşbi bilen tapawutlanýan şäher hökmünde dünýäde meşhurdyr.
Hormatly Prezidentimiziň belleýişi ýaly, «Her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň gününiň bellenilmegi türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary üçin guwandyryjy wakalaryň biridir». Dabaraly ýagdaýda bellenilýän Aşgabat şäheriniň güni paýtagtymyzyň milli buýsanjymyza öwrülendiginiň nyşanydyr.
Ýurdumyzyň paýtagty ähli halkymyzyň söýgüsinden hem mährinden kemal tapýar, tutuşlygyna täzeden gurulýar. Aşgabat şäheriniň ilatynyň we oňa gelýän myhmanlaryň medeniýetli dynç almaklary üçin has amatly şertleri döretmek hemde şäheriň binagärlik we şähergurluşyk işini hasda kämilleşdirmek üçin köpugurly işler amala aşyrylýar. Magtymguly şaýolunyň ugrunda ýerleşýän «Ak şäherim Aşgabat» monumenti bu gözelligiň üstüni doldurýan ajaýyp binalaryň biri bolup durýar.
Özüniň taryhynda ençeme kynçylyklary başdan geçirendigine garamazdan, paýtagtymyz Aşgabat Garaşsyzlygymyza eýe bolan günümizden bäri tanalmaz derejede özgerdi. Durmuş we medeni maksatly binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, seýilgählerdir ýadygärlikleriň, orta we ýokary okuw mekdepleriniň, döwrebap dynç alyş merkezleriniň gurlup ulanylmaga berilmegi bilen şäher täze keşbe girdi.
Bu gün Aşgabat şäheri juwanlygyň, gözelligiň we päkligiň şäheridir. Paýtagtymyz parahatçylygyň, asudalygyň, abadançylygyň şäherine öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň beýik başlangyçlary bilen merjen şäherimiz Aşgabat dünýäde parahatçylyk dörediji, ylalaşdyryjy merkeze, şeýle-de sebitiň iri işewürlik, medeni hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň ykrar edilen merkezine öwrüldi. Hut şonuň üçin-de Gahryman Arkadagymyz «Ak şäherim ─Aşgabat» atly kitabynda: «Aşgabat ─ geljegiň şäheri» diýip belleýär. Aşgabatda owadanlyk we rahatlyk, öňdebaryjy binagärlik we inžener-tehniki pikirleriň gazananlary hem-de milli binagärligiň gadymy däpleri özboluşly sazlaşýar. Paýtagtymyz özüniň binagärlik keşbinde akyl-paýhasyň we sazlaşygyň kanunlary esasynda gurulýan we ösýän döwletiň, jemgyýetiň taglymatyny emele getirýär.
Aşgabat Merkezi Aziýanyň merjeni hökmünde ykrar edilip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň milli buýsanjyna öwrüldi. Aşgabat täsin binagärlik çözgütlerine eýe bolan özboluşly desgalary bilen on bir gezek Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Munuň özi ýurdumyzyň baş şäherinde alynyp barylýan işleriň dünýä nusgalykdygynyň aýdyň nyşany bolup durýar. Aşgabat şäheri dost-doganlygyň, halkara derejesinde geçirilýän forumlaryň, sergileriň, festiwallaryň, ylmy-amaly maslahatlaryň mekanydyr.Türkmenistan döwletimiziň bagtyýarlygyny, asudalygyny we belent ösüşlerini dabaralandyrýan mähriban paýtagtymyz Aşgabadyň 142 ýyllygy bilen hem-de «Soňky jaň» dabarasynyň utgaşykly gelmeginde-de baglanşyk bar. Bagtyýar uçurymlaryň ─ geljegimiz bolan ýaşlaryň bilim-terbiýe alan mukaddes bilim ojagy bilen hoşlaşyk pursatlaryny öz içine alýan «Soňky jaň» dabarasynyň jemgyýetçilik durmuşymyzda orny hem-de ähmiýeti barha ýokarlanýar. Bu ajaýyp baýramçylygyň Aşgabat şäheriniň 142 ýyllygy bilen gabat gelmegi bolsa «Soňky jaň» dabarasyna aýratyn öwüşgin çaýýar. Däp bolşy ýaly, Garaşsyz Watanymyzyň we agzybir halkymyzyň at-abraýynyň, şan-şöhratynyň dünýä dolýan ýylynda güneşli diýarymyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň ählisinde baýramçylyk çäreleri geçirilýär. Uçurymlaryň, mugallymlaryň, bilim işgärleriniň hemde-de ähli halkymyzyň kalbyny şatlyk-joşguna besleýän dabaralar eziz Watanymyzyň bagtyýarlygyň mekanydygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda dünýä nusgalyk şähere öwrülýän Aşgabat bakylygyň şäheri bolup, asyrlara şugla saçsyn. Eziz paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 142 ýyllyk toýy gutly bolsun!
Halkyny bagtyýarlykda, eşretli durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!
Merdan Halbaýew,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.