TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

BAGTYÝAR DÖWRÜMIZIŇ ŞADYÝAN ÇAGALARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz — Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan Türkmenistan döwletimiz bagtly, bagtyýar çagalaryň mekanydyr.

Bagtyýar çagalaryň gülki sesiniň belentden ýaňlanýan ýurduna öwrülen ata Watanymyzda Çagalary goramagyň halkara güni her ýylyň 1-nji iýunynda şatlyk-şowhun bilen bellenilýär. Çagalary goramagyň halkara güni parahatçylyk, ynsanperwerlik, dostluk ýaly umumadamzat ýörelgelerini dabaralandyrýan baýramdyr. Biziň ýurdumyzda bu baýramçylyk nesilleriň dowamatyny, ruhy sazlaşygyny alamatlandyrýar. Birleşen Milletler Guramasynyň çagalaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak baradaky esasy kadalaryna ygrarlydygymyzy alamatlandyrýan baýram hökmünde ýurdumyzda ýokary ruhubelentlik bilen giňden bellenilýär.

Geçen asyryň 1949-njy ýylynda esaslandyrylan Çagalary goramagyň halkara güni 1950-nji ýylyň 1-nji iýunyndan bäri bellenilip, onuň maksady ýurtlaryň hökümetleriniň hem-de dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çagalar bilen bagly meselelere çekmekden ybaratdyr.

Döwletimizde hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda çagalar barada uly aladalar edilýär. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen ýylda hem 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni Diýarymyzyň ähli künjeginde uludan baýram edilip bellenilýär. Nurana geljegimiziň gözbaşy bolan bagtyýar çagalaryň bu baýramy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täzeçe ruha hem-de iňňän uly şatlyk-şowhuna beslenýär. Çünki, bu gün Türkmenistan — bagtly çagalygyň, ýaş nesilleriň ähli arzuwlarynyň we islegleriniň hasyl bolýan ýurdudyr.

Halkymyz çagaly öýi döwletli ojak hasap edýär. Çünki, çaga — her bir ene-atanyň baş arzuwy, her bir ojagyň ody, durmuşyň dowamy, ýürekleriň örki. Olar maşgalanyň agzybirlik binýady. Halkymyzda «Çagany — ýaşdan, edebi — başdan», «Aklyň bahasy bolmaz, terbiýäniň — çägi» diýen aýtgy bar. Munuň özi çaga terbiýesine irgözinden başlamagy, ýaş wagty aňa guýlan terbiýäniň bütin ömre hemra bolýandygyny aňladýar. Agzybir, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşaýan maşgalada kämil şahsyýetler kemala gelýär.

Çagalyk adamyň iň gözel hem-de şadyýan, ajaýyp ýatlamalara, mähir-muhabbete, dürli wakalara baý döwrüdir. Adamyň dünýägaraýşy, durmuşa ukyplylygy hem-de maksada okgunlylygy çagalykda ýüze çykyp başlaýar. Şoňa görä-de ýurdumyzda geljegimiz bolan ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn ösmegine, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň amala aşyrylmagyna gönükdirilen uly işler alnyp barylýar.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, «Gözlerimiziň guwanjy, göwünlerimiziň buýsanjy bolan bagtyýar çagalar berkarar Watanymyzyň dünýädäki abraýyny, mertebesini, şan-şöhratyny has-da beýgeltjek nesillerimizdir». Geljegimiz bolan çagalarymyzyň zehinli, başarjaň, ahlak we beden taýdan sagdyn bolmagy, bagtyýar durmuşda erkin ýaşamagy döwlet syýasatynda esasy orunda durýar.

Ýurdumyzda ýaş nesliň bilim-terbiýe almagy bilen birlikde, tomusky we gyşky dynç alyş möwsümlerinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde wagtlaryny şadyýan hem-de manyly geçirmekleri üçin hem ähli şertler döredilendir. Dünýäni haýrana goýýan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, «Gökdere» jülgesinde hem-de ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde ýerleşýän sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde çagalarymyzyň müňlerçesi dynç alyp, öz saglyklaryny berkidýärler.

Ata-babalarymyzyň «Çaga — ömrüň dowamy» diýip, jaýdar belleýşi ýaly, bu günki çagalar döwletiň we jemgyýetiň dowamatydyr. Ýurdumyzda köp çagaly maşgalalara uly hormat goýulýar, döwletimiz olara hemmetaraplaýyn, şol sanda ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça goldaw berýär. Ýurdumyzda sekiz we ondan köp çagany dünýä inderen we terbiýeläp ýetişdiren enelere Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly ady dakylýar. Hormatly Prezidentimiziň adyndan köp çagaly maşgalalara täze öýleriň sowgat berilmegi hem ählitaraplaýyn edilýän aladanyň aýdyň subutnamasydyr.

Ynsanperwerlik, sahawatlylyk ýaly milli ýörelgelerimize eýermek bilen, ýurdumyzda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi bu ugurda ýerine ýetirilýän işleriň üstüni ýetirdi. Çagalaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi ugrunda alnyp barylýan işler ýaş nesliň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Eşretli zamanamyzda ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň ösen ylmy-tehniki tilsimatlardan baş çykaryp bilmegi, bilim almagy, döredijilikli işlemegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Çünki, çagalar biziň her birimiziň maşgala ojaklarymyzyň ertirki eýeleri, ýurdumyzyň geljegidir.

Döwletimizde giň gerimde bellenilip geçilýän Çagalary goramagyň halkara güni gutly bolsun!

Halkymyzyň, bagtyýar çagajyklarymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda uly alada edýän Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, alyp barýan beýik işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris!

 

Ogulnyýaz Mämmetnurowa,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň esasy hünärmeni.