TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

ABA ANNAÝEW ŞÄHERÇESINDE GEÇIRILJEK GEŇEŞ AGZALARYNYŇ SAÝLAWLARYNA TAÝÝARLYKLY BARÝARYS

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 23-nji iýulynda Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesinde geňeş agzalarynyň saýlawlary geçiriler. Bu geçiriljek saýlawa Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topary we degişli saýlaw toparlary tarapyndan taýýarlyk işleri giň gerim bilen dowam edýär. Biz hem häzirki wagtda saýlaw möwsüminiň çäklerinde alnyp barylýan işler dogrusynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň başlygy Maksatmyrat Geldiýew bilen söhbetdeş bolduk.

— Bilşimiz ýaly, saýlaw möwsümi saýlawlara guramaçylykly taýýarlyk görmek we ýokary derejede geçirmek bilen bagly birnäçe tapgyrlary öz içine alýar. Söhbetdeşligimizi şular dogrusynda alyp barýan işleriňiz barada başlaýalyň.

— Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka bolan saýlawlar demokratik ýörelgelere, milli kanunlarymyza, halkara kadalaryna laýyklykda geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda saýlawlary guramaçylykly we demokratik ýörelgeler esasynda geçirmek barada beren tabşyryklaryndan ugur alyp, saýlawlaryň kanunçylyk esaslaryny doly we dogry berjaý etmek saýlaw toparlary üçin wajyp wezipedir.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen, Gahryman Arkadagymyzyň kämil binagärlik zehininden bina bolýan Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň düzüm bölegi bolan ýaşaýyş jaý toplumyna şäherçe derejesi berildi we oňa Aba Annaýewiň ady dakyldy hem-de ol «Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesi» diýlip atlandyryldy.

Şunuň bilen baglylykda, Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalarynyň saýlawlaryny 2023-nji ýylyň 23-nji iýulynda, ýekşenbe güni geçirmek bellenildi. Bu saýlawlara guramaçylykly taýýarlyk görmek we geçirmek maksady bilen, 2023-nji ýylyň 16-njy maýynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, saýlawlara taýýarlyk görmek we ony guramaçylykly geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Şeýle hem, öňde boljak saýlawlar boýunça saýlaw möwsüminiň 2023-nji ýylyň 17-nji maýyndan  başlanýandygy yglan edildi.

Elbetde, taýýarlyk işleri saýlaw möwsümini yglan etmek, saýlaw uçastoklaryny döretmek, olary enjamlaşdyrmak, dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak, synçylary bellige almak, wagyz işlerini guramak, ses bermegi geçirmek, onuň netijelerini jemlemek hem-de yglan etmek ýaly köp sanly çäreleri öz içine alýar.

Häzirki wagtda iýul aýynda boljak saýlawlary guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, degişli saýlaw toparlary, has takygy, Arkadag şäher, Kärizek etrap, Aba Annaýew şäherçe we uçastok saýlaw toparlary döredildi. Şeýle-de,  Aba Annaýew şäherçesiniň çäginde 5 sany saýlaw okruglary döredilip, olaryň araçäkleri kesgitlenip, Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň saýtynda (saylav.gov.tm) ýerleşdirilip, ilatyň dykgatyna ýetirildi.

— Saýlawlaryň ýokary derejede geçirilmegi babatda merkezi saýlaw topary tarapyndan utgaşdyrylan çäreler, saýlaw toparlaryna guramaçylyk-usulyýet taýdan kömek berlişi hakynda hem aýdaýsaňyz.

— Merkezi saýlaw topary tarapyndan, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, Aba Annaýew şäherçe we uçastok saýlaw toparlary üçin gollanmalar taýýarlanyldy. Şeýle hem şu saýlaw toparlary üçin zerur resminamalaryň we beýleki maddy-enjamlaýyn serişdeleriň hemmesi merkezleşdirilen görnüşde — merkezi saýlaw toparynyň edarasy tarapyndan üpjün edilýär. Saýlaw çäreleriniň tassyklanan meýilnamasyna laýyklykda, merkezi saýlaw toparynyň hünärmenleri tarapyndan degişli saýlaw toparlarynyň agzalary bilen okuw maslahaty hem geçirildi.

Saýlaw möwsüminde alnyp barylýan işlerde sanly ulgamyň giň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanylýar. Şeýle-de saýlawlara degişli maglumatlar, habarlar merkezi saýlaw toparynyň internet saýtynda yzygiderli ýerleşdirilip, ilatyň dykgatyna ýetirilýär.

— Şu günler öňde boljak saýlawlar boýunça dalaşgärleri hödürlemek işleri dowam edýär. Bu işiň tertibi we talaplary barada gürrüň beräýseňiz!

— Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 44-nji maddasyna laýyklykda, dalaşgärleri hödürlemek hukugy saýlawlaryň bellenen gününe çenli bellige alnan syýasy partiýalara, şeýle hem raýatlaryň toparlaryna degişlidir. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň     45-nji maddasyna laýyklykda, Geňeşiň agzalygyna saýlawlar gününe çenli ýigrimi bir ýaşy dolan we degişli çäkde ýaşaýan Türkmenistanyň raýaty dalaşgär hödürlenilip bilner. Geňeş agzalygyna dalaşgärler syýasy partiýalaryň etrap we ilkinji guramalarynyň mejlislerinde, ýygnaklarynda hödürlenilýärler.

Syýasy partiýalaryň dalaşgärleri hödürlemek barada bilelikdäki mejlisleri, ýygnaklary hem geçirmäge hukuklary bardyr. Syýasy partiýalaryň degişli guramalarynyň mejlislerinde, ýygnaklarynda Geňeşiň agzalygyna birnäçe dalaşgär, ýöne her saýlaw okrugy üçin diňe bir dalaşgär hödürläp bilýärler.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 47-nji maddasyna laýyklykda, Geňeşiň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek boýunça raýatlaryň toparynyň ýygnagyna degişli saýlaw okrugynyň çäginde ýaşaýan saýlawçylaryň azyndan ellisi gatnaşsa, ol ygtyýarly hasap edilýär.

Her bir saýlawçy raýatlaryň toparynyň diňe bir ýygnagyna gatnaşyp biler. Ýygnaga gatnaşýanlar bellige alynmaga degişlidir, bellige alyş sanawynda her bir saýlawçynyň familiýasy, ady, atasynyň ady, doglan senesi, ýaşaýan ýeri görkezilýär. Her bir saýlawçy bellige alyş sanawynda gol çekýär.

Raýatlaryň toparynyň her bir ýygnagynda degişli saýlaw okrugy boýunça  Geňeşiň agzalygyna diňe bir dalaşgär hödürläp bilýärler. Ýygnaga gatnaşýan raýatlaryň ýarysyndan köpüsi dalaşgärlige hödürlenilýäniň tarapyna ses berse, onda ol dalaşgär hödürlenilen diýlip hasap edilýär.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda saýlawlara hödürlenýän dalaşgärleriň hatarynda ýaş raýatlaryň hem bolmagy ýurdumyzda ýaş nesillere bildirilýän belent ynamyň saýlaw ulgamynda-da öz aýdyň beýanyny tapýandygyny görkezýär.

 

Söhbetdeş bolan Hekimberdi Öwezow.