Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halky agzybirlikli zähmeti bilen Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin asylly zähmet çekýär. Beýik ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan Watanymyzda dünýäniň ösen döwletleriniň tejribesi hem-de häzirki döwrüň talaplary nazara alnyp, düýpli ylmy-tehniki özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistan ylmyň we bilimiň mümkinçiliklerini parahatçylygyň we dostlugyň bähbitlerine gönükdirmek bilen, iri halkara guramalary, daşary ýurtlaryň ylmy merkezleri bilen ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar boýunça hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýar.
Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda her ýylyň 12-nji iýunynda Ylymlar güni ruhubelentlikde bellenip geçirilýär. Bu günüň maksady ylmy we tehnologiki ösüşleri adamzat siwilizasiýasynyň peýdasyna parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine ulanmakdyr. Şeýle-de, bu gün ylmyň peýdalary barada dünýäde habarlylygy artdyrýar, halkara jemgyýetçiligine ylmyň zerurlygynyň ýatlatmasy bolup hyzmat edýär. Dünýäde parahatçylygyň we dostlugyň pugtalanmagynda, abadançylygyň hem-de durnukly ösüşiň üpjün edilmeginde ylmyň, bilimiň, medeniýetiň we döredijilikli başlangyçlaryň mümkinçilikleri çäksizdir.
Häzirki wagtda döwlet tarapyndan ýaşlarymyzyň dünýä ülňülerine laýyk gelýän ylym-bilim almagy üçin ähli şertler döredilýär. Uzak möhletli ylalaşyklaryň çäklerinde ylmy-tehniki ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, şol sanda bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek, ylmy barlaglary alyp barýan alymlaryň işlemegi üçin ykdysady-durmuş şertlerini döretmek hem-de ýaşlary ylma çekmek üçin maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiziň ýaş zehinleri ýüze çykarmak, olary ylmy açyşlara höweslendirmek, ylmy işgärleri taýýarlamak bilen bagly döredýän mümkinçilikleri ýurduň ylmy-tehniki we ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga ýardam edýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýaş alymlary goldamak boýunça gaznasynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanynda Ýaş alymlar merkeziniň we ähli ylym-bilim edaralarynda Ýaş alymlaryň Geňeşleriniň, ylmy gurnaklaryň, «Ýaşlaryň ylmy we tehnikasy» atly ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň we onuň internetde elektron sahypasynyň döredilmegi, ylmy-halypaçylyk işleriniň amala aşyrylmagy ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikleriň giň toplumydyr. Bu bolsa ýaş alymlara berilýän goldawyň we bildirilýän ynamyň uludygyny görkezýär.
Ýurdumyzda hereket edýän ylym merkezleri we muzeýler diňe bir ylmy üstünlikler barada maglumat çeşmesi bolman, ol adamlara daş-töweregimizdäki dünýä has çuňňur düşünmäge mümkinçilik döredýär. Muzeýe ýa-da ylym merkezine baryp görmek bizi bilim bilen baýlaşdyrýar, döredijilik pikirimizi ösdürýär. Ylym merkezlerine we muzeýlere gezelençler ýaşlarda ylma bolan gyzyklanmany ösdürýär.
Ähli türkmen halkyny, Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimizi, ylym ojaklarynyň talyplaryny we işgärlerini Ylymlar güni bilen gutlaýarys!
Halkyny bagtyýar durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!
Jahan Orazowa,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň esasy hünärmeni.