TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

MEDENIÝET - MILLETIŇ BUÝSANJY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni durmuşynda taryhy özgerişlere beslenýän tutumly işler alnyp barylýar. Her bir güni toýlara, şanly wakalara beslenip, taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazylýan eziz Diýarymyzda toýlar giňden tutulýar. Şol toýlaryň biri-de Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet günüdir. Bu toýuň dabarasynyň daglardan aşyp, uludan toýlanylmagy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň türkmen medeniýetine, onuň beýik şahsyýetlerine goýýan belent sarpasyndan nyşandyr.

Her ýylyň 27-nji iýunynda ýurdumyzyň medeni durmuşynda şanly waka Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni dabaraly bellenilýär. Hemmämize mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda uludan bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanan Medeniýet hepdeligi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilýär.

Her ýyl Medeniýet hepdeliginiň geçirilmegi, onda dürli dabaralaryň guralmagy sungatymyza, medeniýetimize, milli mirasymyza goýulýan  sarpanyň ýokarydygyny görkezýär. Köneden gelýän däplerimiz, dessurlarymyz bu hepdeligiň dowamyndaky dabaralara utgaşyp gidýär. Bu bolsa, ýaş nesillerimiziň Türkmenistan döwletimiziň, medeniýetimiziň taryhyndan habarly bolmagyna uly itergi berýär.

Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde birnäçe çäreler, şol sanda döredijilik toparlarynyň çykyşlary, şygryýet agşamlary, sergiler, ylmy-amaly we usuly maslahatlar, teatrlaşdyrylan edebi çykyşlar giň gerimde geçirilýär.

Arkadagly Serdarymyzyň belleýşi ýaly, türkmen halky beýik sungaty, nusgawy kadalary we gaýtalanmajak medeni mirasy bilen giňden tanalýar. Medeniýet, sungat we şygryýet, bular aýrylmaz baglanşyklydyr. Medeniýet türkmen halkynyň müňýyllyklara barabar taryhynyň bütin dowamynda döwletleri we halklary ýakynlaşdyrýan uly güýç hasaplanylypdyr we oňa çäksiz sarpa goýlupdyr. Milli medeniýet halkyň ýüzüniň tuwagydyr, ruhy baýlygydyr, Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bolsa, türkmeniň ruhy täjidir.

Bu goşa baýramyň bilelikde bellenilmeginiň özboluşly manysy bardyr. Magtymguly Pyragynyň belent daglardan şaglap gaýdýan boz bulaklar ýaly arassa duýgulara, arşy belentlige göterilen beýik pikirlere baý edebi mirasy çeper döredijilik bilen meşgullanýan medeniýet we sungat işgärleri ýazyjy-şahyrlar, žurnalistler, suratkeşler, heýkeltaraşlar, bagşy-sazandalar, kompozitorlar, artistler üçin nusgalyk mekdepdir.

Ata-babalarymyzdan  miras galan terbiýe, milli ýörelgeler bu günki gün nusgalyk mekdebe öwrüldi. Aýratyn hem özüniň akyl-paýhasa ýugrulan eserleri bilen dünýä edebiýatyna mynasyp goşant goşan beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň umumadamzat nesliniň öňünde bitiren hyzmaty örän uludyr. Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy edebiýatymyzyň genji-hazynasydyr.

Magtymgulynyň döredijiligi türkmeniň çäginden çykyp, ählumumy adamzat kalbynyň töründe orun tutýar. Dünýä belli rus alymy, gündogarşynas, akademik Ýewgeniý Eduardowiç Bertels Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasa ýugrulan goşgularyna, öňdengörüjiligine uly baha beripdir. Ol: «Magtymguly türkmeniň poeziýasynyň gymmat baha daşlarynyň biri bolup, ol biziň zamanamyzda täze ýüzügiň gaşynda gözüňi gamaşdyryjy şöhle bilen lowurdaýar... Magtymguly Jemşidiň jamydyr» diýýär. Jemşidiň jamyna deňelen beýik Magtymguly Pyragynyň edebi döredijiligi örän baýdyr. Söz ussadynyň edebi mirasy, akyl-paýhasa ýugrulan eserleri nusgawy bolup, türkmen halkynyň arasynda ýaşap gelýär.

Türkmen halky özüniň akyldar şahyr ogly Magtymgulynyň galdyran edebi-mirasyna uly sarpa goýýar. 2024-nji ýylda halkymyz Gündogaryň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly hem-de ýokary guramaçylyk derejesinde belläp geçer.

Häzirki döwürde türkmen edebiýatynyň ösmegine uly goşant goşan nusgawy şahyrlarymyzyň edebi mirasyny öwrenmek, giňden wagyz etmek işlerine uly üns berilýär. Alymlarymyzyň, nusgawy şahyrlarymyzyň goýup giden eserleri ýaş nesli watançylyk, halallyk, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir.

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň çuň manyly goşgularynyň gadyr-gymmaty ýyllar geçdigiçe barha artýar. Magtymgulynyň çuň many-mazmunly döredijiligi gözýetmez umman. Şahyryň şygyr bulagyndan ganan ynsanlar sözi ygtybarly, özi salykatly, ähde wepaly, halallygy hemra edinen adamlardyr. Magtymguly Pyragynyň garaşsyz döwlet, erkinlik, ynsanperwerlik hakyndaky arzuw-islegleri bu gün - ajaýyp döwrümizde hasyl boldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän çäksiz uly işler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda we bütin dünýäde parahatçylygyň, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň berk binýadynyň goýulýandygynyň, beýik akyldarlarymyzyň köňül arzuwlarynyň dünýä ýaň salýandygynyň özboluşly tassyknamasydyr. Mähriban halkymyz Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda beýik şahyryň eserleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýän berkararlygy, watançylyk, ahlak päkligi, gahrymançylyk, agzybirlik, myhmanparazlyk, zenan mertebesi, zähmetsöýerlik, salyhatlylyk, edeplilik we adamzadyň ruhy baýlygy hakynda ähli aýdan pikirlerini özleriniň durmuş ýörelgelerine öwürýärler.

Medeniýet we sungat sözüň giň manysynda ýurdumyzda geçirilýän ähli özgertmeleriň many-mazmunyny, gymmatlylygyny kesgitleýär, ynsanperwerlik ulgamynda medeni syýasatyň meseleleri hormatly Prezidentimiz-Arkadagly Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, hemişe üns merkezinde saklanylýar.

Türkmen halkynyň ykbalyny galkyndyryp, berkarar döwletini gülledip ösdürýän hormatly Prezidentimiz-Arkadagly Serdarymyzyň  hem-de Gahryman we mähriban Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwlet ähmiýetli, halk bähbitli işleriniň mydama rowaç almagyny arzuw edýäris!

Biz hem  Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen hormatly Prezidentimizi-Arkadagly Serdarymyzy, türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzy, şeýle hem  medeniýet we sungat işgärlerini gyzgyn gutlaýarys!

 

Aýna Saryýewa,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi  toparyň edarasynyň  arhiwçisi