Külli musulman döwletleri bilen birhatarda, ata Watanymyzda ýokary derejede toýlanylýan Gurban baýramynyň gelmegi mynasybetli toý çäreleri ýokary ruhubelentlige beslenýär. Türkmen topragynda gadymdan bäri aýratyn sarpalanýan bu mukaddes baýramçylygyň milli senenamamyzyň ähmiýetli seneleriniň sanawyna girizilmegi bilen, ata-babalarymyzyň ajaýyp däplerini dowam edýän halkymyz Gurban baýramyny giňden we şatlykly ýagdaýda belleýär.
Bu baýramyň ynsanperwer many-mazmuny, milli mirasymyzy gorap saklamak babatynda uly ähmiýeti halkymyzy sogap işlere ruhlandyrýar. Gurban baýramy päk niýetleriň hem-de haýyr-sahawatyň baýramydyr. Şeýle hem ol özüne mahsus aýratynlyklary bilen adamlary birek-birege ýakynlaşdyrýar, doganlaşdyrýar.
Gurban baýramy türkmen dünýäsiniň aýrylmaz bölegidir. Halkymyz bu gadymy baýramyň many-mazmunyna milli ynanjyny, adatyny, däp-dessuryny siňdiripdir. Şonuň bilen birlikde, bu baýramy ýagşy doga-dileglere, arzuw-umytlara, belent maksatlara besläp, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde uly dabara bilen belleýärler.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň ýadawsyz tagallalary netijesinde türkmen halky däp-dessurlaryny we dilini, ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, asylly ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýär hem-de baýlaşdyrýar. Nesillerden-nesillere geçip gelýän bu mukaddes baýram ynançlaryň we adatlaryň, sahawatlylyk, hoşniýetlilik, birek-birege sarpa goýmak ýaly ynsanperwer däpleriň esasynda ösdürilýär. Ýurdumyzda Gurban baýramynyň üç günläp döwlet derejesinde agzybirlikde bellenilmegi hem täze taryhy eýýamda ata-babalarymyzdan miras galan milli dessurlarymyza, umumadamzat gymmatlyklaryna uly sarpa goýýandygymyzy aýdyň tassyklaýar.
Ata-babalarymyz Gurban baýramynda edilen arzuw-islegleriň, ýürege düwlen päk niýetleriň hasyl bolýandygyny aýdar ekenler. Bu baýramyň öň ýanynda öýke-kineli adamlar ýaraşypdyrlar. Bu baýramda täze egin-eşikleriňi geýnip, özüňe, öý-içeriňe serenjam berilýär. Gadym döwürlerde her maşgala agzasy üçin birlaý täze lybas tikinmäge gurby çatmadyk öýlerde egin-eşigiň bagjyk, iňňebagjyk, gülýaka, tahýa, ýaglyk ýaly, birlän-ikilän görnüşini täzeläp, beýlekilerini tämizläp geýmek hem göwnemakul hasaplanypdyr.
Döwürleriň özgerýändigine we ýaşaýyş-durmuşymyza täze ösüşleriň ornaşýandygyna garamazdan, halkymyzyň öňden dowam edip gelýän, jemgyýete bähbitli däp-dessurlary ýatdan çykarylmaýar. Bagtyýar döwrümizde guşgursak dänäniň unundan bişirilen gatlama, ýagly petir, çelpek, maýaly petir, pişme, owmaç, mesge-petir ýaly dürli nygmatlary toý märekesine eçilýärler. Palaw, dograma, ýarma, çekdirme, gowurma ýaly milli tagamlar bilen hezzetleýärler.
Baýramçylygyň öňüsyrasynda, däp bolşy ýaly, ildeşlerimiziň uly toparynyň haj parzyny berjaý etmek üçin Saud Arabystany Patyşalygyna ugradylmagy, Mekgede we Medinede ýagşy doga-dilegleriň edilmegi döwletimiziň ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik we ruhy-ahlak däp-dessurlaryna ygrarlydygyna şaýatlyk edýär. Bu bolsa biziň ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarly bolan merdana ata-babalarymyzdan gelýän milli ruhy gymmatlyklarymyza, däplerimize uly hormat-sarpa goýýandygymyzy görkezýär.
Hormatly Prezidentimiz nesilleriň ruhy baýlygynyň we köňül tämizliginiň gönezligi bolan milli däp-dessurlarymyzy gaýtadan dikeltmek, olary döwrebap ösüşe ýugrup, durmuşa ornaşdyrmak üçin uly aladalar edýär. Ynha, uly arzuw-umytlar bilen garşylanyp, ýagşy dilegler bilen bellenilýän Gurban baýramy hem agzybir halkymyzyň milli däp-dessurlary bilen täze röwüşde dabaralandyrylýar. Toý-baýramlaryň goşa-goşadan gelýän döwründe garşylaýan Gurban baýramyňyz gutly-mübärek bolsun, doga-dilegleriňiz kabul bolsun, mähriban ildeşler!
Jennet SAPAROWA,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.