TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

2023-nji ýylyň 23-nji iýulynda geçiriljek Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat

Türkmenistanyň çuňňur hormatlanylýan  Prezidentiniň – Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny  demokratiýalaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda demokratik ýörelgeleri pugtalandyrmaga gönükdirilen çäreleriň giň toplumy üstünlik bilen amala aşyrylýar. Şol sanda, ýurdumyzda saýlawlary demokratik ýörelgeler esasynda, döwrebap milli kanunlarymyza, umumy ykrar edilen halkara kadalaryna laýyklykda geçirmek üçin ähli şertler döredilýär.

Türkmenistanyň Mejlisiniň 2023-nji ýylyň 10-njy maýynda kabul eden kararyna (№ 18-VII) laýyklykda, Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň düzüm bölegi bolan ýaşaýyş jaý toplumyna şäherçe derejesi  berildi we şäherçä ahalteke bedewleriniň ugurbaşy nesillerini döreden ussat atşynas, halypa seýis Aba Annaýewiň ady dakyldy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň agzalan kararynyň 3-nji bölegine laýyklykda, Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalarynyň saýlawlaryny 2023-nji ýylyň 23-nji iýulynda, ýekşenbe güni geçirmek bellenildi.

Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň – Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzda saýlawlary ýokary guramaçylykly we demokratik ýörelgeler esasynda geçirmek barada beren tabşyryklaryndan ugur alyp, şu ýylyň 16-njy maýynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Mejlisde saýlawlar bilen baglanyşykly birnäçe meselelere garaldy, saýlawlara taýýarlyk görmek we ony guramaçylykly geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Saýlaw möwsüminiň 2023-nji ýylyň 17-nji maýyndan  başlanýandygy yglan edildi.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 38-nji maddasynyň 4-nji bölegine laýyklykda, geňeş agzalarynyň saýlawlarynda 1000-e çenli saýlawçysy bolan çäkde 5-6 saýlaw okrugy döredilýär, ýagny, geňeş agzalarynyň 5-si ýa-da 6-sy saýlanylýar.  Saýlaw okruglarynyň sanyny, bellenilen möçberleriň çäginde, degişli geňeş kesgitleýär. Şeýlelikde, Aba Annaýew şäherçesiniň çäginde häzir saýlawçylaryň 236-sy bolup, saýlawlar güni geňeş agzalarynyň 5-si saýlanylar.     

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 1-nji maddasyna laýyklykda, ýurdumyzda saýlawlar bäsleşik esasynda geçirilýär. Däp bolup gelşi ýaly, Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalarynyň saýlawlarynda hem her okrug boýunça dalaşgärleriň 2-si bäsleşer.

Saýlawlarda ses bermegi geçirmek üçin uçastoklar döredilýär. Bir uçastokda saýlawçylaryň sany 20-den 2000 adama çenli bolup bilýär. Saýlaw uçastoklary saýlawçylaryň ýaşaýan ýerine golaý, barmaga amatly bolar ýaly jaýlarda döredilýär. Dünýä tejribesinde we ýurdumyzda gazanylan tejribelere laýyklykda, uçastoklar, esasan, bilim edaralarynda, şeýle-de dürli edaralaryň amatly ýerleşýän binalarynda döredilýär.

Häzir Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesinde 114 hojalyk, 490 ýaşaýjy bolup, bellenilip geçilişi ýaly, olaryň 236-sy saýlaw hukukly raýatlardyr. Saýlawlar güni ses bermegi geçirmek üçin, Aba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalarynyň saýlawlary boýunça bir saýlaw uçastogy döredildi. Ol uçastok  şäherçedäki 10-njy orta mekdepde ýerleşýär.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 44-nji maddasyna laýyklykda,   dalaşgärler syýasy partiýalar tarapyndan hödürlenildi.

Dalaşgärleri hödürlemek saýlawlara altmyş gün galanda başlanyp, otuz gün galanda tamamlandy. Ýagny, dalaşgärleri hödürlemek maý aýynyň 24-i – iýun aýynyň 23-i aralygynda geçirildi. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 44-nji, 45-nji maddalaryna laýyklykda, dalaşgärleri hödürlemek işlerine Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň ilkinji guramalary gatnaşdylar. Ähli saýlaw okruglary boýunça bir orna iki dalaşgär bellige alyndy, munuň özi bu saýlawlaryň bäsleşik esasynda geçjekdigini görkezýär.

Saýlawlara taýýarlyk işlerini Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar, Arkadag şäheriniň, Kärizek etrabynyň, Aba Annaýew şäherçesiniň we  uçastogyň saýlaw toparlary amala aşyrýarlar.

Saýlawlary guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Merkezi saýlaw toparynyň edarasy tarapyndan Aba Annaýew şäherçesiniň saýlaw toparynyň we uçastok saýlaw toparynyň agzalary üçin gollanmalaryň 2-si, saýlaw möwsümi döwründe we ses berilýän gün peýdalanyljak resminamalaryň ýeke-täk bitewi nusgalary taýýarlanyldy we çap edildi.

Aba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk işleriniň çäklerinde, saýlaw çäreleriniň tassyklanylan meýilnamasyna laýyklykda, Merkezi saýlaw toparynyň hünärmenleri tarapyndan Arkadag şäher, Kärizek etrap, Aba Annaýew şäherçe we uçastok saýlaw toparlarynyň agzalary bilen okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatynyň barşynda saýlawlary guramaçylykly geçirmegiň  tertibi, has takygy,  saýlaw kanunçylygy, saýlawlarda hereket edýän saýlaw toparlarynyň ulgamy, Arkadag şäher, Kärizek etrap, Aba Annaýew şäherçe we uçastok saýlaw toparlarynyň ygtyýarlyklary barada düşündirildi. Şeýle-de, okuw maslahatynda Aba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalygyna dalaşgärleri hödürlemegiň hem-de olary bellige almagyň tertibi we saýlaw resminamalarynyň, saýlaw býulletenleriniň görnüşleri barada giňişleýin düşünje berildi.

Ýetip gelýän saýlawlar baradaky maglumatlar, habarlar Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň saýtynda (saylav.gov.tm) yzygiderli ýerleşdirilýär.

Pursatdan peýdalanyp, Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalarynyň saýlawlarynyň demokratik ýol-ýörelgelerimize, milli kanunçylygymyza, umumy ykrar edilen halkara kadalaryna laýyklykda, guramaçylykly geçiriljekdigini hormatly Prezidentimize ynandyrýarys.

Saýlaw ulgamynyň işiniň kämilleşmegine uly üns berip, ýurdumyzda saýlawlary halkara kadalaryna laýyklykda, milli kanunlarymyz esasynda geçirmäge ähli zerur şertleri döredýän hormatly Prezidentimiziň – belent mertebeli Arkadagly Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaç, mertebeleriniň belent bolmagyny arzuw edýäris.

 

Merkezi saýlaw topary