TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

23-NJI IÝULDA GEÇIRILJEK ABA ANNAÝEW ŞÄHERÇESINIŇ GEŇEŞ AGZALARYNYŇ SAÝLAWLARYNA TAÝÝARLYKLY BARÝARYS

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda saýlawlar demokratik ýörelgelere, milli kanunlarymyza, halkara kadalaryna laýyklykda geçirilýär. Saýlawlara taýýarlyk görmek we guramaçylykly geçirmek bolsa, saýlaw möwsüminiň dowamynda alnyp barlan işlere bagly bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalarynyň saýlawlary boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri dogrusynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň başlygy Maksatmyrat Geldiýew bilen söhbetdeş bolduk.

— Maksatmyrat, bilşimiz ýaly, saýlaw möwsümi saýlawlara guramaçylykly taýýarlyk görmek we olary ýokary derejede geçirmek bilen bagly birnäçe tapgyrlary öz içine alýar.

— Elbetde, saýlawlara taýýarlyk işleri saýlawlary bellemek, saýlaw möwsümini yglan etmek, saýlaw okruglaryny, uçastoklaryny döretmek, olary enjamlaşdyrmak, dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak, milli synçylary bellige almak, wagyz işlerini guramak, ses bermegi geçirmek, onuň netijelerini jemlemek hem-de yglan etmek ýaly köp sanly çäreleri öz içine alýar.

Aba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk işlerini Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar, Arkadag şäheriniň, Kärizek etrabynyň, Aba Annaýew şäherçesiniň we saýlaw uçastogynyň saýlaw toparlary amala aşyrýarlar.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, geňeş agzalarynyň saýlawlarynda 1000-e çenli saýlawçysy bolan çäkde 5-6 saýlaw okrugy döredilýär. Şeýlelikde, Aba Annaýew şäherçesiniň çäginde saýlawçylaryň 236-sy bolup, 5 saýlaw okrugy döredildi.

Saýlaw möwsüminiň esasy tapgyrlarynyň biri bolan dalaşgärleri hödürlemek işlerine Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň ilkinji guramalary gatnaşdylar. Saýlaw okruglarynyň 5 – sinde hem bir orna iki dalaşgär bellige alyndy, munuň özi bu saýlawlaryň bäsleşik esasynda geçjekdigini görkezýär.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda geçiriljek Aba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalarynyň saýlawlary boýunça bellige alnan dalaşgärleriň arasynda ýaş raýatlaryň hem bolmagy ýurdumyzda ýaş nesillere bildirilýän belent ynamyň saýlaw ulgamynda-da öz aýdyň beýanyny tapýandygyny görkezýär.

Saýlawlarda ses bermegi geçirmek üçin saýlaw uçastoklary döredilýär. Saýlaw uçastoklary ýigrimiden iki mü­ňe çenli saýlawçy sany bilen saýlawlara azyndan kyrk bäş gün galanda döredilýär. Aba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalarynyň saýlawlarynda ses bermegi geçirmek, onuň netijelerini jemlemek üçin döredilen 1-nji saýlaw uçastogy Arkadag şäheriniň  10-njy orta mekdebiniň binasynda ýerleşýär.

Aba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalarynyň saýlawlarynyň ýokary derejede geçirilmegi babatda merkezi saýlaw topary tarapyndan saýlaw toparlaryna guramaçylyk, usulyýet taýdan kömek berlişi hakynda, şeýle-de geçirilýän saýlawlarda sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň ulanylyşy barada hem aýdaýsaňyz!

Saýlawlary guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Merkezi saýlaw toparynyň edarasy tarapyndan Aba Annaýew şäherçesiniň saýlaw topary we uçastok saýlaw topary üçin gollanmalar, saýlaw möwsümi döwründe peýdalanyljak resminamalaryň ýeke-täk bitewi nusgalary taýýarlanyldy we çap edilip, saýlaw toparlaryna ýetirildi.

Saýlaw çäreleriniň tassyklanylan meýilnamasyna laýyklykda, Merkezi saýlaw toparynyň hünärmenleri tarapyndan Arkadag şäher, Kärizek etrap, Aba Annaýew şäherçe we uçastok saýlaw toparlarynyň agzalary bilen okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar barada, saýlawlary guramaçylykly geçirmegiň tertibi, has takygy, saýlaw kanunçylygy, saýlawlarda hereket edýän saýlaw toparlarynyň ulgamy, ady agzalan saýlaw toparlarynyň ygtyýarlyklary barada düşündirildi. Şeýle-de, okuw maslahatynda Aba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalygyna dalaşgärleri hödürlemegiň hem-de olary bellige almagyň tertibi we saýlaw resminamalarynyň, saýlaw býulletenleriniň görnüşleri, şeýle hem degişli saýlaw toparlary tarapyndan ses bermegiň netijeleri hakynda teswirnamalary düzmegiň tertibi barada giňişleýin düşünje berildi.

Mundan başga-da, saýlawlaryň guramaçylygy bilen bagly işleriň çäklerinde ses bermegiň tertibini düşündirýän wideorolik taýýarlanyp, ilatyň dykgatyna ýetirildi.

Saýlaw möwsüminde alnyp barylýan işlerde sanly ulgamyň giň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanylýar. Döredilen saýlaw okruglarynyň araçäkleri, saýlaw uçastogynyň merkezi, araçägi we bellige alnan dalaşgärleriň sanawy, şeýle-de saýlawlara degişli maglumatlar, habarlar Merkezi saýlaw toparynyň saylav.gov.tm web saýtynda yzygiderli ýerleşdirilip, ilatyň dykgatyna ýetirilýär.

Şeýle-de, Aba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalarynyň saýlawlary boýunça döredilen Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň 1-nji saýlaw uçastogynda hem ýörite wideo kameralar gurnaldy, 23-nji iýulda saýlawlar  güni  saýlawçylaryň ses berişlerini internet arkaly Merkezi saýlaw toparynyň saylav.gov.tm atly web-saýtynda on-line tertibinde ilata göni görkezmek meýilleşdirilýär.

— Şu günler öňde boljak saýlawlar bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler, şeýle-de saýlawlara jemgyýetçilik gözegçiligini üpjün etmek boýunça nähili işler durmuşa geçirilýär?

—Şu günler 23-nji iýulda geçiriljek möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň çäklerinde wagyz möwsümi dowam edýär. Аba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalarynyň saýlawlaryny guramaçylykly we milli demokratik ýörelgelere laýyklykda, açyklyk, aýanlyk ýagdaýynda geçirmek maksady bilen, ähli dalaşgärlere öz maksatnamalaryny saýlawçylara wagyz etmekde deň şertleriň döredilýändigini bellesek ýerlikli bolar.

Dalaşgärleriň duşuşyklarynda olaryň ynanylan adamlarynyň çykyşlary arkaly saýlawçylar  dalaşgärleriň terjimehaly bilen giňden tanyşmaga hem mümkinçilik alýarlar. Şeýle-de, duşuşygyň dowamynda dalaşgärler saýlawçylaryň öňünde çykyş edip, olary özleriniň saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamalary bilen giňişleýin tanyşdyrýarlar. Wagyz işleri dalaşgäriň degişli saýlaw toparynda bellige alnan gününden başlanýar we saýlawlaryň geçiriljek gününden bir gün öň bes edilýär.

Şeýle hem şu günler Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 73-nji maddasyna laýyklykda, saýlaw uçastogynda saýlawçylaryň sanawyna girizilen, saýlawlar güni öz ýaşaýan ýerinde bolup bilmejek saýlaw hukukly raýatlara saýlaw hukuklaryndan peýdalanyp, saýlawlar gününden öň ses bermekleri üçin hem şertler döredildi. Öňünden ses bermek saýlawlarda ses beriljek gününden on gün öň başlanyp, Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň 1-nji saýlaw uçastogynda sagat 09:00-dan 14:00-a çenli geçirilýär.

Saýlaw işiniň aýanlygy we açyklygy dalaşgärleriň ynanylan adamlarynyň, synçylaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagy bilen üpjün edilýär. Aslynda-da, saýlawlar geçirilende, giň jemgyýetçiligiň synçy nazarynda bolýar.

Saýlawlara syn etmegiň baş maksady raýatlaryň saýlaw hukugyny goramaga we ýaýbaňlandyrmaga, ýurdumyzda saýlawlary demokratik derejede geçirmek boýunça halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge ýardam bermäge gönükdirilendir.

Saýlawlar boýunça bellige alnan milli synçylaryň 50 göteriminiň, dalaşgärleriň bolsa 40 göteriminiň zenanlar bolmagy, bu çärä biziň zenanlarymyzyň hem işjeň gatnaşýandyklaryny äşgär edýär.

Aýdylyp geçilen çärelere ser salanyňda, biziň demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde saýlawlaryň halkara kadalaryna laýyklykda geçirilýändigine göz ýetirmek bolýar.

Saýlaw ulgamynyň işiniň has-da kämilleşmegine uly üns berip, erkin, asuda, eşretli durmuşda ýaşaýan ruhubelent türkmen halkyny bagtyýar geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan tutumly işleriniň has-da rowaç almagyny, mertebesiniň hemişe belent bolmagyny arzuw edýäris.

-Maksatmyrat, beren gür­rüň­le­ri­ňiz üçin  köp sag bo­luň! Aba Annaýew  şäherçesiniň  geňeş  agzalarynyň saýlawlarynyň gu­ra­ma­çy­lykly  ge­çi­ril­me­gi  ug­run­da  alyp bar­ýan iş­le­ri­ňiz­de üs­tün­lik­ ar­zuw ed­ýä­ris.

— Sag boluň!

Söhbetdeş bolan Hekimberdi Öwezow.