Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda saýlawlary guramaçylykly we demokratik ýörelgeler esasynda geçirmek baradaky nesihatlaryndan ugur alyp, saýlawlaryň kanunçylyk esaslaryny doly we dogry berjaý etmek saýlaw toparlary üçin wajyp wezipedir. Ýurdumyzda möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka bolan saýlawlar demokratik ýörelgelere, milli kanunlarymyza, halkara kadalaryna laýyklykda geçirilýär.
Türkmenistanyň Mejlisiniň 2023-nji ýylyň 10-njy maýynda çykaran №18-VII belgili karary esasynda, Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalarynyň saýlawlaryny 2023-nji ýylyň 23-nji iýulynda, ýekşenbe güni geçirmek bellenildi.
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar tarapyndan saýlaw möwsüminiň 2023-nji ýylyň 17-nji maýynda başlanýandygy yglan edildi.
Aba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek we ony geçirmek işlerine Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar (15 agza), Arkadag şäheriniň saýlaw topary (11 agza), Kärizek etrabynyň saýlaw topary (11 agza), Aba Annaýew şäherçesiniň saýlaw topary (7 agza) we 1-nji uçastok saýlaw topary (5 agza) gatnaşdylar.
Saýlawlaryň aýanlyk şertleriniň çäklerinde, ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň wekillerinden ybarat bolan milli synçylaryň 6-sy saýlaw möwsüminiň ähli tapgyrlarynyň demokratik esaslarda geçirilişine syn etdiler. Milli synçylaryň 50 göterimi zenanlardyr.
Aba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlaw okruglarynyň jemi 5-si döredildi.
Saýlawlarda ses bermegi geçirmek üçin Arkadag şäheriniň 10-njy orta mekdebiniň binasynda bir sany saýlaw uçastogy döredildi.
Dalaşgärleri hödürlemek 2023-nji ýylyň 24-nji maýynda başlandy we 22-nji iýunynda tamamlandy.
Dalaşgärleri bellige almak maý aýynyň 28–inden iýunyň 23-i aralygynda geçirildi.
Saýlawlar boýunça dalaşgär hödürlemek işlerine ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň 3-si gatnaşdy.
Saýlawlarda syýasy partiýalar tarapyndan dalaşgärleriň jemi 10-sy hödürlenildi we bellige alyndy. Has takygy:
– Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň ilkinji guramasyndan 4-si;
– Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň ilkinji guramasyndan 3-si;
– Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň ilkinji guramasyndan 3-si.
Şeýlelikde, saýlawlarda bir orun üçin iki dalaşgär bäsleşdi we dalaşgärleriň 40 göterimi zenanlardyr.
Bellige alnan dalaşgärleriň hemmesine, Kanuna laýyklykda, deň şertlerde wagyz işlerini geçirmek mümkinçiligi döredildi. Dalaşgärler öz maksatnamalary boýunça deň derejede saýlaw okruglarynda saýlawçylar bilen duşuşyp we sowal-jogap alşyp, öz maksatnamalaryny halka düşündirdiler. Olaryň terjimehallary plakat görnüşinde çap edilip, dolulygyna Aba Annaýew şäherçesiniň ýaşaýjylaryna ýetirildi.
Şonuň bilen birlikde, saýlawlara çagyryş häsiýetli wideorolik taýýarlanyp, teleýaýlymlarda halk köpçüligine ýetirildi.
Saýlaw möwsüminde alnyp barlan işler barada, has anygy, döredilen saýlaw okruglarynyň araçäkleri, saýlaw uçastogynyň merkezi, araçägi we bellige alnan dalaşgärleriň sanawy, şeýle-de saýlawlara degişli maglumatlar, habarlar Merkezi saýlaw toparynyň saylav.gov.tm web saýtynda yzygiderli ýerleşdirilip, ilatyň dykgatyna ýetirildi.
Saýlaw toparlary üçin zerur bolan resminamalaryň we beýleki maddy-enjamlaýyn serişdeleriň hemmesi merkezleşdirilen görnüşde – Merkezi saýlaw toparynyň edarasy tarapyndan üpjün edildi.
Saýlawlaryň guramaçylykly geçirilmegini gazanmak maksady bilen, saýlaw toparlarynyň agzalary bilen amaly okuw maslahaty geçirildi.
Saýlawlar gününden öň ses bermek 2023-nji ýylyň 13–22-nji iýuly aralygynda geçirildi we 7,63% saýlawçy ses berdi.
Saýlawlar güni ses bermek Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň 1-nji saýlaw uçastogynda sagat 7-den 19-a çenli geçirildi.
Bu saýlawlarda umumy hasaba alnan 236 saýlawçydan 218-si ses berip, 92,37 % göterim gatnaşyk boldy.
Has takygy:
09-00-da 38, 16,10 %,
11-00-da 79, 33,47 %,
13-00-da 121, 51,27 %,
15-00-da 159, 67,37 %,
17-00-da 187, 79,24 %,
19-00-da 218 , 92,37 % saýlawçy ses berdi.
Saýlawlara 18 ýaşy dolan ýaş saýlawçylaryň 4-si gatnaşdy.
Aba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalarynyň saýlawlary boýunça döredilen Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň 1-nji saýlaw uçastogynda ýörite wideokameralar gurnalyp, saýlawlar güni saýlawçylaryň ses berişleri sanly ulgam arkaly, Merkezi saýlaw toparynyň saylav.gov.tm atly web-saýtynda on-line tertibinde ilata göni görkezildi.
Şeýlelikde, saýlaw toparlarynyň ses bermegiň netijeleri hakyndaky teswirnamalaryna laýyklykda, geňeş agzalarynyň 5-si saýlanyldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen ýylda geçirilen Aba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalarynyň saýlawlarynda saýlanylanlaryň arasynda ýaş geňeş agzalarynyň bolmagy ýurdumyzda ýaş nesillere bildirilýän belent ynamyň saýlaw ulgamynda-da öz aýdyň beýanyny tapýandygyny görkezýär.
Saýlaw ulgamynyň işiniň has-da kämilleşmegine uly üns berip, erkin, asuda, eşretli durmuşda ýaşaýan ruhubelent türkmen halkyny bagtyýar geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň – Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan tutumly işleriniň has-da rowaç almagyny, mertebeleriniň hemişe belent bolmagyny arzuw edýäris.
Merkezi saýlaw topary.