Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, tyllaýy güýzüň ilkinji günlerinde Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar güni dabaraly ýagdaýda, ruhubelentlikde bellenilýär. Şu mynasybetli 1-nji sentýabrda ýurdumyzyň ähli okuw mekdeplerinde täze — 2023-2024-nji okuw ýylynyň başlanýandygyny buşlaýan ilkinji jaň özüniň şadyýan sesi bilen ýaňlanar, baýramçylyk çäreleri geçiriler.
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna hem-de bilim ulgamynyň işgärlerine Gutlagy buýsanç bilen okalýar.
Döwlet Baştutanymyzyň ýaş nesillere bilimleriň hem-de uly açyşlaryň ýagty ýoluna rowana bolmaklary üçin ak pata bermegi bolsa, bagtyýar nesilleriň kalbyny joşduryp, ruhuny belende göterýär.
Şeýlelikde, mukaddes ata Watanymyzda täze okuw ýyly ajaýyp wakalar, arzuwlar we şatlyk-şowhun hem-de uly ynam bilen başlanýar.
Ylym-bilim rowaçlyklaryň açary, röwşen geljegiň binýady hasaplanýar. Şonuň üçin bu ulgamy ösdürmäge örän uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda ýokary okuw mekdepleriniň sanynyň artmagy, olara okuwa kabul edilýän talyplaryň sanynyň bolsa ýylsaýyn köpeldilmegi muňa aýdyň mysaldyr.
Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary netijesinde Watanymyza, halkymyza, ata-babalarymyzyň ajaýyp ýörelgelerine, milli däp-dessurlarymyza wepaly, ruhubelent, bilim almaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli ýaşlar kemala gelýär.
Ýaş nesil baradaky alada, ony milli we umumadamzat gymmatlyklarynyň esasynda terbiýelemek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň çäklerinde milli bilim ulgamyny kämilleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär.
Häzirki wagtda ýaş türkmenistanlylaryň döredijilik taýdan kämilleşmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Bu ugurda ädilýän ädimler, ilkinji nobatda, doly derejeli we köpugurly bilim almak, sazlaşykly ösen ýaş nesli, hakyky watançylary terbiýelemek üçin zerur şertleri üpjün etmäge gönükdirilendir.
Eziz Diýarymyzyň şäherlerinde we obalarynda häzirki zaman mekdepleriniň hem-de mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, ýokary okuw jaýlarynyň yzygiderli gurulýandygy, şolaryň iň döwrebap kompýuterler, beýleki zerur enjamlar we okuw gollanmalary bilen üpjün edilýändigi, okuw işlerine ylmyň öňdebaryjy gazananlarynyň, interaktiw-multimedia hem-de sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylýandygy bu ulgam üçin ýokary derejeli işgärleriň taýýarlanylmagyna, mugallymlaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn üns berilýändigine şaýatlyk edýär.
Ýaşlara dünýä derejesinde bilim-terbiýe bermekde sanly bilim ulgamyna aýratyn orun degişlidir. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi bolsa, bu ugurda alnyp barylýan işlerde has ýokary netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär.
Okuw binalarynda amatly mebeller, döwrebap okuw enjamlary bilen üpjün edilen giň we ýagty otaglar, daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmek üçin lingafon otaglary, informatika, biologiýa, fizika, himiýa we beýleki okuw dersleri üçin ýörite enjamlaşdyrylan otaglar, lukmançylyk otaglary, naharhanalar bar. Şeýle-de, sport we mejlisler zallary, okuw we çeper edebiýatlar bilen üpjün edilen kitaphanalar bolup, mugallymlaryň netijeli işlemegi üçin hem ähli şertler döredilendir.
Bularyň hemmesi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda talyp ýaşlaryň, mekdep okuwçylarynyň we çagalaryň göwnejaý terbiýelenmegine we ösmegine aýratyn üns berilýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
Şeýlelikde, umumybilim berýän mekdeplerde okuwçylaryň aň-bilim we beden taýdan kämilleşmekleri, döwrebap bilimlere eýe bolmaklary üçin ähli şertler döredilýär. Şol bilimler bolsa ýaşlara geljekde ata Watanymyzy has-da ösdürmäge mynasyp goşant goşmaga mümkinçilik berýär.
Çünki biziň geljekki ösüşlerimiz ýurdumyzyň dowamy bolan şu günki ýaşlarymyzyň bilimlidigine, iş başarjaňlygyna, zähmetsöýerligine, watansöýüjiligine bagly bolup durýar.
Halkyny bagtyýarlykda, eşretli durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli geçirilýän baýramyňyz gutly-mübärek bolsun!
Jahan ORAZOWA,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň esasy hünärmeni.