Saýlawlar raýat hukuklarynyň üpjün edilmeginiň we jemgyýetiň demokratiýalaşmagynyň esasy çeşmesi bolup durýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwrebap demokratik özgertmeler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz döwletiň we jemgyýetiň ähli ugurlarynyň üstünlikli kämilleşdirilmeginiň, täze kanunçylyk resminamalaryny işläp taýýarlamagyň möhümdigini hemişe üns merkezinde saklaýar. Milli kanunçylyklarymyzy döwrebap derejede kämilleşdirmek işleri halkara derejesinde toplanan tejribelerden we ata-baba dowam edip gelýän milli däp-dessurlarymyzdan, ruhy-ahlak gymmatlyklarymyzdan ugur alnyp amala aşyrylýar.
Döwletimizde demokratik gymmatlyklar we ýörelgeler baradaky kadalar öz gözbaşyny Esasy Kanunymyzdan alyp gaýdýar. Esasy Kanunymyzda «Türkmenistanyň özygtyýarlylygy halk tarapyndan amala aşyrylýar, halk döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşydyr. Türkmenistanyň halky öz häkimiýetini gös-göni ýa-da wekilçilikli edaralaryň üsti bilen amala aşyrýar» diýen konstitusion kada berkidildi. Bu kada ýurdumyzda döwlet häkimiýetiniň ýerli edaralaryna we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna saýlawlaryň geçirilmeginiň esaslaryny kesgitleýär.
Demokratik saýlawlar – raýatlaryň saýlaw hukuklaryny üpjün etmäge gönükdirilen möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäredir. Demokratiýa, ilkinji nobatda, ähli adamlaryň deňligine, olaryň erkinligine esaslanýar. Demokratiýanyň esasy maksady jemgyýetiň dürli toparlarynyň bähbitleriniň deňagramly bolmagyny üpjün etmekden ybaratdyr. Demokratik döwletiň esasy alamatlarynyň biri bolan saýlawlar raýat jemgyýetini ösdürmegiň bir şertidir. Ählumumy saýlawlar döwletiň ösüşiniň aýrylmaz bölegi hem-de jemgyýetçilik durmuşynda demokratiýanyň dabaralanmagynyň esasy guraly bolup çykyş edýär.
Raýatlaryň saýlaw hukuklary – munuň özi Türkmenistanyň Konstitusiýasynda, şeýle hem kanunlarynda bellenilen düzgünler esasynda olaryň saýlawlara we sala salşyklara gatnaşmaga bolan hukuklarydyr.
Raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň kanunçylyk kepillikleri Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksi we beýleki kanunçylyk namalary esasynda düzgünleşdirilýär. Esasy Kanunymyzda saýlaw hukugynyň umumy düzgünleri kesgitlenilýär. Saýlaw kodeksi esasynda bolsa raýatlaryň saýlaw hukuklary giňişleýin tertipde beýan edilýär. Mundan başga-da, raýatlaryň kanunçylyk kepillikleriniň bellenilen tertipde üpjün edilmegini gazanmaklyk üçin saýlaw toparlarynyň kararlary kabul edilýär hem-de saýlawlar boýunça gollanmalar, ýatlamalar, düzgünnamalar taýýarlanylýar. Raýatlaryň kanunçylyk kepilliklerini has giň gerimde üpjün etmek maksady bilen, gollanmalaryň, ýatlamalaryň, düzgünnamalaryň käbirleri degişliligi boýunça üç dilde, ýagny türkmen, rus, iňlis dillerinde hem çap edildi.
Raýatlar milletine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dini garaýşyna, syýasy ynam-ygtykadyna ýa-da beýleki ýagdaýlara garamazdan, göni hem-de özleriniň saýlan wekilleriniň üsti bilen deň hukuklara eýeçilik edýärler. Raýatlaryň deňhukuklylyk ýörelgesi Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanyp, Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynyň 1-nji maddasynyň: «Ähli adamlar mertebe we hukuklar babatda azat hem-de deň bolup dogulýarlar», 7-nji maddasynyň: «Ähli adamlar kanunyň öňünde deňdirler we olaryň hiç hili tapawutsyz, kanunyň deň goragyna hukugy bar» diýen kadalaryndan gözbaş alýar. Şeýle-de, raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň kepillikleriniň Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň II bölümine laýyklykda düzgünleşdirilýändigini hem şu ýerde belläp geçmek bolar.
Raýatlaryň saýlaw hukugynyň çäklendirilmegi kanun esasynda gadagan edilýär. Bu hukuk raýatlaryň syýasy, şol sanda saýlaw hukuklary bilen baglanyşyklydyr. Esasy Kanunymyza laýyklykda, Türkmenistanyň raýatlarynyň jemgyýetiň we döwletiň işlerini dolandyrmaga gös-göni, şeýle-de erkin saýlanan wekilleriniň üsti bilen gatnaşmaga, saýlamaga we saýlanmaga hukuklary bar. Kazyýet tarapyndan kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen, şeýle hem azatlykdan mahrum ediliş ýerlerinde jeza çäresini çekýän raýatlardan beýleki raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň çäklendirilmegi ýol berilmesizdir we ol kanunda bellenilen jogapkärçilige eltýär.
Türkmenistanyň raýatlarynyň saýlaw hukuklarynyň kepillikleri Türkmenistanyň Konstitusiýasynda we kanunlarynda, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynda bellenilen, raýatlaryň saýlawlara netijeli gatnaşmagy üçin şertleri döretmäge gönükdirilen çärelerdir. Şeýle-de, raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň hukuk kepilliklerini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 91-nji maddasyna laýyklykda, raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň bozulandygy üçin jogapkärçilik kepillendirilendir.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 20-nji maddasyna laýyklykda, döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, edaralaryň, guramalaryň, kärhanalaryň we wezipeli adamlaryň saýlaw toparlarynyň öz ygtyýarlyklaryny amala aşyrmagyna ýardam etmäge, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde olaryň işi üçin zerur bolan jaýlary, enjamlary, ulagy we saýlawlar bilen baglanyşykly maglumatlary muzdsuz bermäge, saýlaw toparlarynyň öňde goýan meselelerine seretmäge we oňa üç günden gijä goýman jogap bermäge borçly edilmegi netijesinde gönüden-göni saýlaw hukuklarynyň guramaçylyk kepillikleriniň amala aşyrylmagy üçin has-da oňaýly şertleriň döredilmegine oňyn täsir edýändigini hem bellemek gerek.
Türkmenistanda geçirilýän saýlawlaryň maliýeleşdirilişi, maddy taýdan üpjünçiligi Türkmenistanyň saýlaw kodeksiniň 88-nji maddasyna laýyklykda amala aşyrylýar. Saýlawlara taýýarlyk görmegiň we geçirmegiň çykdajylary Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär, nobatdaky saýlawlar üçin maliýe serişdeleri Türkmenistanyň Döwlet býujetinde göz öňünde tutulýar. Raýatlaryň saýlaw hukugynyň ykdysady kepilliklerini üpjün etmegiň çäklerinde beýleki işler bilen bir hatarda şu aşakdaky çäreler amala aşyrylýar:
Neşir önümlerine degişli bolan saýlaw býulletenlerini, gollanmalary, ýatlamalary, düzgünnamalary, saýlawçylar üçin çakylyklary, saýlaw toparlarynyň teswirnamalaryny, şeýle-de saýlaw toparlarynyň agzalary, synçylar, dalaşgärler we olaryň ynanylan adamlary, wekilçilikli edaralara saýlanylanlaryň şahsyýetnamalaryny, dalaşgärleriň suratlary we terjimehallary ýerleşdirilen plakatlary we beýleki resminamalary çap etmek;
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 89-njy maddasyna laýyklykda, saýlaw toparlaryna bölünip berlen serişdeleriň harçlanylyşyna gözegçilik etmek maksady bilen, Merkezi saýlaw toparynyň ýanyndaky Gözegçilik-derňew topary saýlawlara taýýarlyk görmek we ony guramaçylykly geçirmek üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetinden saýlaw toparlaryna bölünip berlen serişdeleriň maksatlaýyn harçlanylyşyna barlag-seljeriş işlerini geçirýär.
Bu giň mümkinçilikler bolsa saýlawlaryň deňlik şertlerinde geçirilmegine uly ýardam berýär.
Hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer başlangyçlary esasynda, ýurdumyzda geçirilýän saýlawlarda raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň kepillikleriniň kanunalaýyk we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynda bellenilen şertlerde üpjün edilmegi jemgyýetimiziň has-da demokratiýalaşýandygyny, agzybirligiň, jebisligiň biziň jemgyýetçilik-syýasy durmuşymyzda barha berkeýändigini we dabaralanýandygyny äşgär edýär. Hut şonuň üçin-de biziň demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň halkara derejesindäki abraý-mertebesi barha ýokarlanýar.
Aman Amanow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň hukukçysy.