TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

SAÝLAWLARYŇ AÝANLYGY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan alnyp barylýan ynsanperwer işleriň, uly tutumlaryň maksady halkymyzyň bolelin, abadan, bagtyýar, eşretli ýaşaýşyny üpjün etmekdir. Ynsanpewer işleriň miweleriniň biri hem türkmen halkynyň durmuşynda raýatlaryň saýlamaga we saýlanmaga bolan konstitusion hukuklarydyr. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer şygarynyň dowamatydyr.

Biziň ýurdumyzda demokratik şertlerde geçirilýän saýlawlara halkara derejesinde ýokary baha berilýär. Saýlawlaryň demokratik şertlerde, aýanlykda geçirilmeginde milli we halkara synçylaryna hem uly orun degişlidir. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 6-njy maddasyna laýyklykda, olara saýlaw möwsümine syn etmäge giň mümkinçilikler döredilýär.

Saýlaw kodeksinde bellenilişi ýaly, synçylar öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde saýlaw toparlarynyň mejlislerinde bolmaga, dalaşgärleri hödürlemek işlerine, saýlawlaryň wagyz işlerine, dalaşgärleriň saýlawçylar bilen geçirýän duşuşyklaryna, saýlaw gutularynyň möhürlenilişine, saýlaw býulletenleriniň berlişine, ses bermegiň geçirilişine, sesleriň sanalyşyna, ses bermegiň netijeleriniň takyklanylyşyna, saýlawlaryň netijeleriniň jemlenilişine we beýleki saýlaw çärelerine degişli alnyp barylýan işlere syn etmäge hukuklydyrlar.

Synçylar iki görnüşde bolup, olar milli we halkara synçylarydyr.

Ýurdumyzda saýlawlary kanuna laýyklykda, saýlaw hukugynyň halkara derejesinde ykrar edilen we saýlawlary demokratik esaslarda geçirmekligiň bellenilen ýörelgeleri esasynda geçirmekde milli synçylaryň ähmiýeti örän wajypdyr. Dogrusy, raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň goralmagyna milli synçylaryň uly ýardam berýändiklerini aýratyn bellemek gerek.

Häzirkizaman şertlerinde, saýlawlara halkara derejesinde syn edilmegine has köp ünsüň berilýändigine garamazdan, saýlawlara ýerli derejede hem syn etmegiň wajyplygynyň ykrar edilmegi has-da dabaralanýar. Milli synçylar saýlaw möwsüminde ýüze çykyp biläýjek düzgün bozulmalaryň öňüni almakda ýa-da olary düzetmekde, saýlaw möwsüminiň adalatly alnyp barylýandygyna ynamy berkitmekde, raýatlaryň işjeňligini ösdürmekde özüniň oňyn netijesini berýär.

Milli synçylar ýurdumyzyň syýasy partiýalary, jemgyýetçilik birleşikleri we raýatlar toparlary hem-de dalaşgärler tarapyndan bellenilýär. Olar Türkmenistanyň saýlaw hukukly raýatlarydyr. Milli synçylary bellemegi syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri öz ýerli guramalarynyň mejlislerinde, raýatlar toparlary öz ýygnaklarynda, dalaşgärler bolsa bellige alnandan soň amala aşyrýarlar.

Milli synçy bellemek boýunça raýatlar toparynyň ýygnagyna saýlaw hukukly raýatlaryň azyndan otuzysy gatnaşmalydyr.

Dalaşgärler öz saýlaw okrugynyň çägindäki saýlaw uçastoklarynyň her birine bir milli synçyny belläp bilýärler.

Döwlet häkimiýet edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylaryndan, kazylardan, prokurorlardan, saýlaw toparlarynyň agzalaryndan, dalaşgärlerden, dalaşgärleriň ynanylan adamlaryndan başga saýlaw hukugy bar bolan Türkmenistanyň raýaty milli synçy bolup bilýär.

Milli synçylar Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda Merkezi saýlaw toparynda, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynda bolsa degişli welaýat, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher saýlaw toparlarynda bellige alynýar. Olara bellenilen nusgadaky şahsyýetnama berilýär.

Aýdylanlardan başga-da, ýurdumyzda Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine we halkara kadalaryna laýyklykda, milli synçylaryň alyp barmaly işlerine ýardam bermek maksady bilen, saýlaw möwsüminde ýörite gollanmalar, ýatlamalar işlenilip taýýarlanylýar. Şeýle-de, milli synçylar bilen okuw maslahatlary geçirilýär. Okuw maslahatlarynda synçylaryň ygtyýarlyklary, hukuklary, saýlawlara syn etmegiň düzgünleri barada giňişleýin düşündirişler berilýär.

Daşary ýurtly halkara synçylary halkara guramalary tarapyndan bellenilen we haýsy hem bolsa bir ýurtdan gelen wekillerden ybarat synçylardyr.

Daşary ýurt halkara synçylary saýlawlaryň bellenilen gününden soň Türkmenistanyň Prezidenti, Merkezi saýlaw topary tarapyndan çagyrylyp biliner. Olary resmi taýdan bellige almak çakylyk haty bar bolan halatynda Merkezi saýlaw topary tarapyndan amala aşyrylýar. Merkezi saýlaw topary daşary ýurt halkara synçysyna bellenilen nusgadaky şahsyýetnamany berýär. Olaryň işi Türkmenistanyň Saýlaw kodeksi we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary bilen düzgünleşdirilýär.

Halkara tejribelerinde saýlawlara syn etmegiň iki görnüşi, ýagny uzak möhletleýin we gysga möhletleýin görnüşleri bar.

Uzak möhletleýin syn etmek – saýlaw möwsüminiň yglan edilen gününden başlap, tutuş saýlaw möwsümini, möwsümiň başyndan soňuna çenli, ýagny saýlawlaryň jemlerini resmi taýdan yglan etmek döwründe amala aşyrylýan işlere syn etmekdir. Halkara guramalary özleriniň birnäçe wekillerini uzak möhletleýin syn etmek üçin belleýärler. Şeýle hem olar synçylar toparyny döretmek işlerini ýerine ýetirýärler.

Gysga möhletleýin syn etmek – ses bermegiň barşyny we ses bermegiň netijelerini kesgitlemek işlerine syn etmekdir. Diýmek, saýlawlara gysga möhletleýin syn etmek esasan saýlawlar güni amala aşyrylýan çärelerdir.

Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň edarasynyň wekilleri hem daşary döwletlerde geçirilýän Prezident hem-de Parlament saýlawlaryna, sala salşyklara Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza döwletlerden düzülen halkara synçylar wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistan döwletinden halkara synçy bolup gatnaşýar.

Bulardan başga-da, halkara derejesinde tejribe alyşmak maksady bilen, daşary ýurt döwletlerinde geçirilýän okuw maslahatlaryna hem gatnaşylýar.

Ozaldan mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda «Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mümkinçiliklerini artdyrmakda ýardam etmek» atly 2024-2025-nji ýyllar üçin gol çekişilen Taslama resminamasyna laýyklykda, öňdebaryjy halkara tejribelerini ýurdumyzda hereket edýän saýlaw kanunçylygy bilen baglanyşdyryp, degişli okuw çäreleri guraldy. Bu guralan okuw çäreleri saýlaw işindäki özgertmeleri goldamakdan we mundan beýläk-de Türkmenistanyň saýlaw ulgamynyň mümkinçiliklerini kämilleşdirmekden ybarat bolup durýar.

Şunuň ýaly okuw maslahatlarynyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2025-nji ýylda hem ençemesini geçirmek meýilleşdirilýär.

Halkara derejesinde parahatçylygy we ynanyşmak ýörelgesini rowaçlandyrýan, ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda saýlawlary döwrebap ösüşler bilen dabaralandyrýan Gahryman Prezidentimize, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyşlarymyzy aýdýarys! Ata Watanymyzy gülledip ösdürmek babatda döwlet ähmiýetli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw edýäris!

 

Allanur Gökjäýew,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.