Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda sagdyn, watançy, päk ahlakly, merdana ýaş nesilleri kemala getirmäge gönükdirilen syýasat üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bagtyýar çagalygyň mekany bolan eziz diýarymyzda çagalar baradaky alada döwlet syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Mukaddes ata Watanymyz dünýäde bagtly çagalygyň, çagalaryň iň arzyly islegleriniň hasyl bolýan ýurdy hökmünde giňden tanalýar. Elbetde, adam hukuklarynyň dabaralanýan ýurdy bolan Türkmenistan Watanymyzda eneligiň we çagalygyň hukuk goraglylygy wajyp mesele bolup, ol kanunçylygymyzda aýratyn orny eýeleýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer şygary esasynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda çagalaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär. Parahatçylykly döwletimizde il saglygy ýurt baýlygyna deňelýär.
Türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelýän kämil ýörelgeleri bar. Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda nesilbaşymyz Oguz han atamyzyň: «Döwletiň sütüni dört zatdadyr: adalatlylyk, sahawatlylyk, rehim-şepagatlylyk hem-de parasatlylyk» diýen jümlelerini mysal getirip, türkmeniň ýolunyň sahawat ýoludygyny nygtaýar. Bu günki gün bu ýol ýurdumyzyň durmuşa geçirýän ynsanperwer syýasaty bilen dünýä dolýar. Şunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, mümkinçilikleri çäkli we ýarawsyz çagalaryň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek maksady bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça döredilen haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işlerine hem möhüm orun degişlidir.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işiniň esasy maksady, dürli sebäplere görä, ene-atadan mahrum bolan çagalaryň saglygyny goramaga, olaryň mynasyp bilim almagyna, durmuşda öz ornuny tapmagyna ýa-da hossarlary bar bolsa-da, saglygyny bejertmekde goldawa mätäç çagalaryň aýaga galmagyna gönükdirilen haýyr-sahawat çärelerini amala aşyrmakdan ybaratdyr. Şeýle hem bu gazna paýtagtymyzyň we welaýatlaryň hassahanalarynda howandarlyga mätäç çagalar üçin zerur bolan hirurgiki we beýleki amallary geçirmek üçin serişdeleri yzygiderli bölüp berýär. Çünki, ykbalyň emri bilen kynçylykly durmuş ýagdaýlaryna duçar bolan, kömege, mähre mätäç çagalara ýardam bermek işleri döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugurlarynyň biri bolup, Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda işlenip düzülen we kabul edilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda esasy orny eýeleýär.
Dogrusy, «Ejizi goldamak, mätäje hemaýat etmek pederlerimiziň iň naýbaşy adamkärçilik pentleriniň we däpleriniň biridir» diýýän Gahryman Arkadagymyzyň 2021-nji ýylyň 29-njy martynda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny döretmek hakynda taryhy Karara gol çeken pursatlaryndan bäri, ýaňy dört ýylyň geçendigine garamazdan, bu gaznanyň serişdeleriniň hasabyna çagalaryň saglygyny dikeltmek we ýaş nesliň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek boýunça uly işler amala aşyryldy. Şu geçen gysga döwrüň içinde alnyp barlan haýyr-sogaply işler howandarlyga mätäç nijeme ynsanyň kalbynda umyt uçgunlarynyň döremegine sebäp boldy. Gaznanyň hemaýat bermeginde köp sanly näsag çagalara operasiýalar geçirilip, olaryň saglygy dikeldildi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz — Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çagalar baradaky aladalarynyň, ynsanperwer işleriniň netijeleridir.
Çagalaryň saglygyny goramak üçin ýurdumyzda häzirki zamanyň iň ýokary talaplaryna laýyk gelýän enjamlar bilen enjamlaşdyrylan sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň gurulmagy, hususan-da, Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde döredilen amatly şertler aýratyn ähmiýetlidir.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegine 29-njy martda laýyk 4 ýyl doldy. Geçen ýyllaryň dowamynda serişdeleriniň hasabyna, ýüztutmalar esasynda, ýurt boýunça howandarlyga mätäç çagalaryň 500-den gowragyna dürli operasiýalar geçirildi we köp sanly çagalarda saglygy goraýyş-öňüni alyş barlaglar amala aşyryldy, saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen üpjün edildi. Ýeri gelende aýtsak, geçen gysga döwrüň dowamynda gaznanyň hasabyna howandarlyga mätäç çagalara paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň lukmançylyk edaralarynda dürli operasiýalary geçirmäge, çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde, mekdep-internatlarda terbiýelenýän ýaşajyk ildeşlerimiziň bejergi almaklary, lukmançylyk maksatly serişdeleri satyn almaklary üçin pul serişdeleriniň bölünip berilmegi yzygiderli häsiýete eýe boldy.
Bu düzümiň ýardam bermeginiň netijesinde, ýurdumyzyň welaýatlaryndaky hassahanalaryň çagalar bölümlerine «Tiz kömek» awtoulaglary, Germaniýanyň «B.Braun» kompaniýasynyň «Dialog+» kysymly gemodializ lukmançylyk enjamlary sowgat hökmünde gowşuryldy.
Haýyr-sahawat gaznasy türkmen ynsanperwerliginiň belent nusgasyny diňe bir ýurdumyzyň çäginde däl, eýsem, halkara derejesinde hem ýaýbaňlandyrdy. Türkiýe, Ukraina, Owganystan, Russiýa, Täjigistan, Palestina ýaly ýurtlaryň çagalaryna ynsanperwerlik kömekleri iberildi. Şeýle-de, Täjigistanyň Hatlon welaýatynda ýurdumyzyň gurluşykçylarynyň bina eden mekdebiniň okuwçylaryna gaznanyň hasabyna kompýuterler sowgat berildi, medisina klasteriniň öndürýän çaga iýmitleri doganlyk Owganystana iberildi. Görşümiz ýaly, bu gaznanyň amala aşyrýan giň gerimli haýyr-sahawat işlerini sanasaň sogaby bar.
Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahat geçirildi. Bu giň möçberli çärä Russiýa Federasiýasynyň, Özbegistanyň, Türkiýe, Gazagystan, Täjigistan Gyrgyz, Belarus, Ermenistan Respublikalarynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň, Hindistanyň, Gruziýanyň, Awstriýanyň döwlet düzümleriniň we jemgyýetçilik guramalarynyň, şeýle hem halkara guramalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatda dürli döwletlerden gelen myhmanlaryň çykyş etmegi türkmen ynsanperwerliginiň bütin dünýä dabaralanmasy boldy. Şeýle-de, bu şanly senä bagyşlanyp, çagalaryň arasynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň gözýetimi, dünýägaraýşy» atly bäsleşigiň guramaçylykly geçirilmegi we ýeňijilere gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylmagy gözel diýarymyzyň bagtyýar çagalygyň mekanydygyny äşgär etdi.
Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 57-nji mejlisinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan ynsanperwer işlerine uly üns berilmegi, bu düzümiň halkara giňişlikdäki abraýynyň barha belende galýandygyny görkezýär.
Bu işler dünýäniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň «Asla adamzada ajy söz urma, pakyra-misgine delalat ýagşy» diýen parasatly setirleriniň we parahatçylyga, hoşniýetlilige esaslanýan, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk syýasatymyzyň halkara derejesinde dabaralanmasydyr.
Durmuşymyzyň gülleri bolan çagalaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, mertebeleri belent bolsun! Aýdyň maksatly tutumly işleri hemişe rowaç alsyn!
Hekimberdi Öwezow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň sekretar-referenti.