TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

TÜRKMEN BITARAPLYGY – DOWAMATA DOWAMLYLYGYŇ BAÝRAMY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe nesillere nusga, asyrlara dowam boljak beýik işler yzygiderli amala aşyrylýar. Biz bu ajaýyp wakalaryň şaýady bolup, raýatlarymyzyň bagtyýarlygyny, asudalygyny, erkana durmuşyny görýäris. Ösüşli Diýarymyzyň her bir täze dogan güni taryhy wakalara, ýatda galyjy pursatlara beslenýär.

Ýigriminji asyryň soňky on ýyllygy Türkmenistan Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan wakalara baý boldy. 1991-nji ýylyň güýzünde asuda, parahat ýurdumyz öz syýasy Garaşsyzlygyna eýe boldy. Şeýlelikde, halkymyzyň asyrlarboýy ýürekden beslän arzuwy amala aşdy.

Türkmenistan döwletimiz Garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden başlap, daşary syýasatda ähli ýurtlar bilen deňhukukly, özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak, birek-birege hormat goýmak, birek-biregiň içerki işlerine gatyşmazlyk, harby bileleşiklere, döwletleriň arasynda düşünişmezliklere, çaknyşyklara getirip biljek hereketlere goşulyşmazlyk ugruny saýlap aldy.

Hemişelik Bitaraplyk – şöhratly taryhymyzyň, şu günümiziň we geljegimiziň döwletli ýörelgesidir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy gülledip ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak ugrunda amala aşyrýan beýik işleri il-ulsumyz tarapyndan uly goldawa eýe bolýar.

Türkmenistan turuwbaşdan daşary döwletler bilen gatnaşyklarynda özüniň bitaraplyk syýasatyny yglan etmek bilen, onuň halkara derejesinde ykrar edilmegi babatynda syýasy we diplomatik işleri amala aşyrdy. Bu işleriň netijesinde bolsa, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde bu abraýly halkara guramasyna agza döwletleriň 185-siniň ses bermeginde, 25 döwletiň awtordaş bolup çykyş etmeginde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi biragyzdan ykrar edildi. Şol günden bäri geçen 30 ýylyň içinde türkmen Bitaraplygy baý tejribe toplady. Ýurdumyz özüniň Bitaraplyk ýörelgesine wepaly bolmak bilen, dünýä ýurtlary hem-de iri halkara we sebit guramalary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrdy.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz sebitdäki ýagdaýyň kadalaşdyrylmagy boýunça, Milletler Bileleşiginiň taglymatlaryny we ýörelgelerini Merkezi Aziýada ornaşdyrmagyň ygtybarly hyzmatdaşy bolup çykyş edýär. 2007-nji ýylda Aşgabat şäherinde BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda barha ösýän netijeli hyzmatdaşlyga täze eýýamy açdy. Bu merkeziň alyp barýan işleriniň netijesinde sebit giňişliginde hyzmatdaşlygyň berkidilmegine hem-de durnukly ösüşiň ýola goýulmagyna oňyn mümkinçilikler emele geldi. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwlet tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» hakynda Rezolýusiýanyň gaýtadan ikinji gezek kabul edilmegi-de bu syýasatyň iş ýüzünde doly amala aşyrylýandygynyň ykrarnamasy boldy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ynsanperwer baştutanlygynda  hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýän, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2025-nji ýylyň 21-nji martynda bolsa, BMG-niň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Hemişelik Bitaraplyk derejämiziň dünýä bileleşigi tarapyndan üçünji gezek ykrar edilmegi Bitaraplyk syýasatymyzyň mynasyp dowam etdirilýändigini hem-de ýurdumyzyň daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň halkara derejesindäki ähmiýetini aýdyňlygy bilen açyp görkezdi.

Birleşen Milletler Guramasy Türkmenistanyň parahatçylygy döretmekdäki tagallalaryna uly hormat bilen garaýar. Türkmen Bitaraplygynyň nusgasy özüniň durmuşa ukyplydygyny iş ýüzünde görkezip, sebitde durnuklylygyň hem-de howpsuzlygyň, ýurtlaryň we halklaryň durnukly ösüşiniň hatyrasyna işjeň syýasy geňeşmeleriň we hyzmatdaşlygynyň üpjün edilmeginiň kuwwatly serişdeleriniň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda mukaddes ata Watanymyzyň Bitaraplygynyň ösüş arkaly parahatçylyga gönükdirilen ýörelgesi dünýä diplomatiýasynyň tejribesine nusga alarlyk goşant goşdy.

Özbaşdak döwlet gurmak, erkana ýaşamak ata-babalarymyzyň gursagynda asyrlaryň dowamynda ýaşan arzuwydyr. Hut şonuň üçin-de, bitaraplyk türkmen halkynyň hemişe aňynda, ganynda bar bolan häsiýetdir. Biz gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan parahatçylyksöýüjilik, dost-doganlyk ýörelgelerimiz esasynda döwlet özygtyýarlylygymyzy berkitdik, ösüş ýoluna düşdük.

Gahryman Arkadagymyz özüniň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusynyň pähim-parasatly setirlerinde türkmen bitaraplygyny şeýle beýan edýär:

Hoşniýetli dost ili — biziň eziz ilimiz,
Bitaraplyk, doganlyk — saýlan aýdyň ýolumyz!

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda Kararnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen işleriniň ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi.

BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň toýunyň uludan toýlanylýan ýylynda möhüm şanly wakalaryň – Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygynyň utgaşyp gelmegi 2025-nji ýylyň ähmiýetini has-da artdyrýar.

Türkmen Bitaraplygy bagtyýarlyk döwrümiziň – dowamata dowamlylygyň baýramydyr. Şu günler ýurdumyzyň ähli obadyr şäherlerinde hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyny uludan toýlamaga taýýarlyk görülýär. Hemme ýerde egsilmejek ruhy joşgun, keýpiçaglyk ýagdaýy höküm sürýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalaryndan ruhlanýan halkymyz özi üçin döredilýän ähli amatlyklara jogap edip, ähli pudaklarda joşgunly, döredijilikli zähmet çekmek bilen hemişelik Bitaraplygymyzyň toýuny mynasyp sowgatly garşylamaklyga ykjam taýýarlyk görýär.

Gözel Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygy ýurdumyz üçin hem, halkymyz üçin-de örän uly ähmiýete eýedir. Çünki, Bitaraplygymyzyň geçen 30 ýylynda syýasy, ykdysady-durmuş we medeni ugurlar boýunça belent sepgitlere ýetildi. Gazanylýan üstünlikleriň arkasynda bolsa, hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp sözleriniň häzirki döwürde üstünlikli amala aşyrylýandygyny görmek bolýar.

Bu günki gün halkymyz hemişelik Bitaraplygymyzyň beren baky bagtyna guwanyp, bagtyýarlygyň, asudalygyň, eşretiň goýnunda ýaşaýar. Şeýle bagtyýarlygyň goýnunda ýaşadýan, adamzat ykbalynyň ýagty geljegi üçin beýik tutumlara badalga berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik başlangyçlary hemişe rowaç alsyn!

 

Maksatmyrat Geldiýew,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň başlygy.