Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyna beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, Garaşsyz Watanymyzda ähli ugurlarda ýetilýän şanly sepgitler, uly ösüşler biziň agzybirligimiziň güwäsi bolup dabaralanýar.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde saýlaw ulgamynyň işi hem beýleki ähli ulgamlar bilen birlikde yzygiderli kämilleşýär. Saýlawlar bolsa döwletiň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda demokratiýanyň ýüze çykmagynyň esasy çeşmesidir.
Elbetde, möhüm jemgyýetçilik–syýasy çäre bolan saýlawlary Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we Saýlaw kodeksine, umumy ykrar edilen halkara kadalaryna laýyklykda, aýanlykda we demokratik ýörelgeler esasynda guramaçylykly geçirmek ýurdumyzyň saýlaw toparlarynyň öňünde durýan wajyp wezipedir. Indi bolsa ýurdumyzda hereket edýän saýlaw toparlaryny döretmegiň tertibi bilen tanşalyň:
— Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar: Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 22-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan Türkmenistanyň raýatlarynyň hataryndan başlykdan, başlygyň orunbasaryndan, kätipden we on iki agzadan ybarat düzümde döredilýär. Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan tassyklanylýar. Merkezi saýlaw toparynyň düzümine wekiller Türkmenistanyň Prezidenti, syýasy partiýalar we jemgyýetçilik birleşikleri tarapyndan hödürlenilýär;
— welaýat, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher saýlaw toparlary: Merkezi saýlaw topary tarapyndan Saýlaw kodeksiniň 32-nji maddasyna laýyklykda, 9–13 agzadan ybarat düzümde;
— etrap, etrap hukukly şäher saýlaw toparlary: degişli welaýat, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher saýlaw topary tarapyndan 11–15 agzadan ybarat düzümde;
— okrug saýlaw toparlary: Merkezi saýlaw topary tarapyndan 9–11 agzadan ybarat düzümde;
— etrapdaky şäheriň, şäherçäniň we geňeşligiň saýlaw toparlary: degişli etrabyň, etrap hukukly şäheriň saýlaw topary tarapyndan 7–11 agzadan ybarat düzümde;
— uçastok saýlaw toparlary: degişli etrap, etrap hukukly şäher saýlaw toparlary tarapyndan 5–15 agzadan ybarat düzümde döredilýär. Zerur bolan halatlarda uçastok saýlaw toparlary iň az sanda – üç agzadan ybarat düzümde döredilip bilner.
Welaýat, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher, etrap, etrap hukukly şäher, etrapdaky şäher, şäherçe, geňeşlik saýlaw toparlary ýurdumyzyň degişli dolandyryş-çäk birlikleri boýunça döredilýär, okrug we uçastok saýlaw toparlary bolsa, şol dolandyryş-çäk birliklerindäki saýlawçylaryň sanyna laýyklykda döredilen saýlaw okruglary we uçastoklary boýunça döredilýär. Häzirki güne çenli ýurdumyzda hereket edýän saýlaw toparlarynyň sany barada durup geçeliň:
1) Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar;
2) welaýat, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher saýlaw toparlarynyň 7-si;
3) etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň saýlaw toparlarynyň 50-si;
4) okrug saýlaw toparlarynyň 125-si;
5) etrapdaky şäherleriň, şäherçeleriň we geňeşlikleriň saýlaw toparlarynyň 573-si;
6) uçastok saýlaw toparlarynyň 2639-sy, şol sanda 42-si daşary ýurtlarda hereket edýär.
Bu saýlaw toparlarynyň ulgamynda 3395 sany topar bolup, agzalarynyň jemi sany 23726-a deňdir we 42 göterimden gowragy zenanlardyr.
Bu saýlaw toparlary Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny guramaçylykly geçirmekde hereket edýärler. Bu saýlaw toparlarynyň ygtyýarlylyk möhleti bäş ýyldyr.
Saýlaw toparlarynyň agzalary raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň goraglylygyny üpjün etmekde jogapkärli işleri alyp barýarlar.
Parahatçylykly döwletimizi ösüşli demokratik ýol bilen belent sepgitlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli ähli tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
Ogulnyýaz Mämmetnurowa,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.