TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

BEÝIK ÝEŇŞIŇ PARAHATSÖÝÜJILIKLI BAÝRAMY

Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer syýasaty esasynda dünýäde dost-doganlygy, parahatçylygy öňe sürýän asuda diýarymyzda uly buýsanç bilen bellenilýän 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş baýramy bagtyýarlygyň, watançylygyň we parahatsöýüjiligiň baýramydyr.

Beýik Watançylyk urşunda beýleki milletleriň wekilleri bilen bir hatarda türkmen ýigitleri hem biziň halkymyza mahsus bolan namysjaňlyk, gaýduwsyzlyk, mertlik bilen gahrymanlarça söweşip, özleriniň edermenliklerini görkezdiler. Watan mukaddesligini şirin janyndan eziz gören gadymy Oguz nesliniň merdi-merdana gerçek ogullarynyň watansöýüjiligi biziň kalbymyzyň töründe bakylyk mertebesine eýedir.

Gahryman Arkadagymyz olaryň şan-söhratyny «Halk gahrymanlary baky diridir!» diýip, pähimdarlyk bilen dabaralandyrýar.

Elbetde, 1945-nji ýylda Beýik Watançylyk urşundan ýeňiş bilen gaýdyp gelen Watan gahrymanlarynyň aýagynyň aşagyna haly düşäp, mertebe bilen garşy alnyşy baradaky taryhy wideo ýazgylary göreniňde, halkymyzyň olara uly sylag-sarpa goýýandygynyň şaýady bolýarsyň.

Heňňamlar ötüp, asyrlar aşan-da bolsa, biziň ýurdumyzda Watanyny beýgelden gaýduwsyz mertleriň sylag-sarpasy täze belentliklere göterilýär.

Paýtagtymyzdaky kaşaň «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumy bolsa biziň ömürbaky ruhy daýanjymyzdyr, ýaşlarymyza görelde mekdebidir we olaryň watana wepaly, edepli, gaýratly bolmaklaryna ruhy itergi berýär.

Bu ýadygärlikler toplumynyň «Halk hakydasy» diýlip atlandyrylmagy çuňňur many-mazmuna eýedir. Çünki, hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly şygaryndan hem belli bolşy ýaly, halk Watanyň synmaz sütünidir.

Aslynda, türkmenleriň Watany goramaly bolanda söweş meýdanynda mertlerçe döş gerip, gaýduwsyzlyk bilen, duşmana tarap okdurylyp bilýän gahryman halkdygyny uly buýsanç bilen aýtmak gerek.

Bilşimiz ýaly, Beýik Watançylyk urşunyň söweşlerinde pederlerimiziň görkezen gahrymançylygy, gaýduwsyzlygy halkymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. 1418 güne çeken Beýik watançylyk urşunda edermenligiň, gaýduwsyzlygyň belent nusgasyny görkezip, Watana ýeňiş bilen dolanyp gelen hem-de Watanyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine gatnaşan türkmenistanly esgerleriň, raýatlaryň atlary «Hatyra», «Şöhrat» atly bäş jiltlik kitapda ebedileşdirildi.

Ýanýoldaşy urşa giden türkmen zenanlary-da wepadarlygyň, watansöýüjiligiň belent nusgasyny görkezdiler. Gündizlerine orakdyr kätmenli ekin meýdanlarynda zähmet çeken zenanlar, gijelerine jorapdyr ellik ördüler. Olar goranyş gaznasyna 7392 tonna altyn-kümüş şaý-seplerini tabşyryp, özleriniň parahatsöýüjilik duýgularynyň beýikdigini subut etdiler. Şonda, türkmenleriň urşa kömek diýip, altyn-kümüş şaý-sepleri has köp bermekde birinji orny eýeländigi buýsandyryjy taryhy hakykatdyr.

Ýeri gelende aýtsak, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň garry atasy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň pederi, ussat mugallym, watançy esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň hem-de göreldeli döwlet işgäri Mälikguly Berdimuhamedowyň durmuş ýollary hem bu günki ýaşlar üçin hakyky watançylygyň, edermenligiň, borjuňa wepalylygyň nusgasydyr.

Ýeňiş güni mynasybetli uruş weteranlaryna, şeýle-de uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgady hem-de gymmat bahaly sowgatlar, ter gül desseleri gowşurylýar.

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň şanly 80 ýyllygynyň, üç gezek ykrar edilen türkmen Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň bellenilýän ýylyna gabat gelmegi hem ýurdumyzyň parahatçylyk söýüji ynsanperwer syýasatyndan gelip çykýan çuňňur many-mazmuna eýedir.

Ýurdumyzyň tutuş adamzadyň, abadançylygyň we ösüşiň bähbidine öňe sürýän netijeli başlangyçlary sebitde howpsuzlygy, durnukly ösüşi, parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmekde uly ähmiýeti bardyr.

Şeýlelik bilen, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 9-njy maýynda bellenilýän Ýeňiş baýramy ýurdumyzyň parahatsöýüjilik taglymatynyň nobatdaky dabaralanmasy bolup, ruhumyzy galkyndyrýar.

Merdana halkymyzy agzybirlikde, parahatçylykda we demokratik ýol bilen bagtyýar geljege alyp barýan hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, mertebesiniň belent, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş baýramyňyz gutly bolsun eziz watandaşlar!

 

Amangeldi Gandymow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygynyň orunbasary.