TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

HEMIŞELIK BITARAPLYK — KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parahatçylyk, dost-doganlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty barha rowaçlanýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda şu günler ýurdumyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30-ýyllyk baýramyna taýýarlyk görülýär.

Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasy 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky 50-nji mejlisinde 185 döwletiň goldamagynda, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky 69-njy mejlisinde 193 döwletiň «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamalary kabul edildi.

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçýän ýylymyzyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde bu abraýly halkara gurama agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda, ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama üçünji gezek biragyzdan kabul edildi. Şunda 67 döwlet oňa awtordaş bolup çykyş etdi. Bu Kararnama hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30-ýyllyk baýramynyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Munuň özi ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň dünýä ýüzündäki dabaralanmasydyr.

Bitarap Türkmenistanyň dünýädäki belent abraýyna bagtyýar ildeşlerimiziň her biri tüýs ýürekden buýsanýar we guwanýar.

Dünýäde parahat ösüşi wagyz edýän Türkmenistan demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolup, Garaşsyzlygyny alan gününden bäri oňyn, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukuklylyk hem-de birek-birege özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli amala aşyrýar. Parahatçylyga, ynanyşmaga we öňüni alyş diplomatiýasyna daýanýan daşary syýasaty ýöredýän döwletimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde durnukly ösüşe we dünýä jemgyýetçiliginiň asuda durmuşyna gönükdirilen möhüm başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär. Şonuň netijesinde hem taryhy döwür üçin uzak bolmadyk wagtda Bitaraplygyň türkmen nusgasy döredi. Ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň yglan etmegi esasynda, 12-nji dekabr — Halkara Bitaraplyk güni hökmünde dünýä derejesinde ykrar edildi.

Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň ynsanperwerlige, agzybirlige, parahatçylyga çagyrýan parasatly setirleri-de ata-babalarymyzyň durmuş ýörelgesine öwrülen parahat söýüjilik pelsepesidir.

Bilşimiz ýaly, şu ýylyň 12-nji dekabrynda döwlet Baştutanlarynyň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň derejesinde paýtagtymyzda geçirilmegi göz öňünde tutulýan halkara forum öňde boljak çäreleriň esasy wakasy hökmünde taryha altyn harplar bilen ýazylar. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzň BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen bolan telefon arkaly söhbetdeşliginde giňişleýin durlup geçildi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygyna beslenýän 2025-nji ýylyň Türkmenistanda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmeginiň ähmiýeti hem aýratyn bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Antoniu Guterriş BMG-niň düzüm birlikleriniň Türkmenistan tarapyndan guraljak halkara çärelere işjeň gatnaşjakdygyny tassyklady.

Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň halkara derejesinde dabaralanmagy ugrunda beýik işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz — Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

 

Goçmyrat Hojaýew,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Daşoguz welaýaty boýunça iş ýöredijisi.