TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

DÖWLET BERKARARLYGYNYŇ SARSMAZ SÜTÜNLERI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara,  taryhy wakalara beslenýär. Berkarar döwletimizde her ýylyň 18-nji maýynda Watanymyzyň Esasy Kanunynyň hem-de ýaşyl tugunyň toýy ruhy galkynyşyň, agzybirligiň, jebisligiň baýramy hökmünde dabaralanýar. Bu goşa sene — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni ulus-ilimiz tarapyndan giňden bellenilýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy Watanymyzyň Garaşsyzlyk hem-de Bitaraplyk ýörelgelerini, türkmen halkynyň parahatçylyk we hoşniýetlilik gatnaşyklaryna ygrarlylygyny alamatlandyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişiniň subutnamasydyr, häzirki bagtyýar gününiň hem-de beýik geljeginiň kepilidir, milli döwletlilik ýörelgelerimiziň synmazlygyny, ebediligini ykrar edýän milli gymmatlygymyzdyr.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 22-nji maddasynda: «Türkmenistanyň özygtyýarly döwlet hökmündäki nyşanlary — Döwlet baýdagy, Döwlet tugrasy, Döwlet senasy bardyr» diýlip kesgitlenen. Şeýle-de, «Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 1-nji maddasynda: «Türkmenistanyň Döwlet baýdagy Türkmenistanyň halkynyň agzybirliginiň we Garaşsyzlygynyň hem-de döwlet Bitaraplygynyň nyşanydyr» diýlip bellenilýär. Şunuň bilen baglylykda, Döwlet baýdagy Konstitusiýa bilen bir hatarda, döwletiň özygtyýarlylygyny, onuň halkara hukugynyň subýekti bolup durýandygyny alamatlandyrýan nyşandyr.

Esasy Kanunymyz bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagymyz Watanymyzyň garaşsyzlyk hem-de bitaraplyk ýörelgelerini we agzybir türkmen halkymyzyň parahatçylyk, hoşniýetlilik gatnaşyklaryna ygrarlylygyny özünde jemleýär.

Baýdak — döwlet berkararlygyny Garaşsyzlygy, özbaşdak döwletliligi görkezýän mukaddeslikdir. Türkmeniň ýaşyl Tugy dünýäde agzybirligiň, asudalygyň, jebisligiň, parahatçylygyň mukamy bolup ýaňlanýar. Hut şonuň üçin Döwlet senamyzdaky «Baýdagyň belentdir dünýäň öňünde» diýen sözler bu buýsanjyň dünýä ýaň salmasydyr.

Bu günki gün asudalygyň, birek-birege ynanyşmagyň eýýamynda paýtagtymyzdaky Konstitusiýa binasynda, Baş baýdak meýdançasynda, Arkadag şäherindäki, welaýatlaryň merkezindäki baýdak meýdançalarynda, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň binasynyň öňünde ýaşyl Tugumyzyň belentde, erkana pasyrdamagy döwletliligimiziň baş nyşanlarynyň mukaddesligini has-da dabaralandyrýar.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy demokratik, hukuk we dünýewi döwleti gurmakda emele gelýän jemgyýetçilik gatnaşyklaryny kadalaşdyrýar, şunda baş gymmatlyk adam bolup durýar. Konstitusiýa türkmen döwletiniň milli ýörelgelerini — Garaşsyzlygy we Bitaraplygy, parahatçylygy, raýat ylalaşygyny, demokratiýany, kanunlaryň ileri tutulmagyny özünde jemläp, jemgyýetimiziň durmuş-ykdysady ösüşini kesgitleýär.

Döwletimiziň umumy ykrar edilen demokratik kadalara esaslanýan kanunçylyk hukuk binýadynyň berkligi halkyň öz Döwlet tuguna söýgüsi, hormaty we buýsanjy bilen baglanyşyklydyr. Baýdak we Konstitusiýa her bir döwletiň garaşsyzlygyny we berkararlygyny alamatlandyrýan mukaddesliklerdir. Kanuny kämil jemgyýet berk hem-de döwrüň talabyna görä ösmäge, özgermäge ukyply bolýar.

Goý, asuda, parahat asmanymyzda ýaşyl Tugumyz ebedi pasyrdap dursun. Ata Watanymyzyň halkara abraýyny ýokary derejä göterip, türkmen halkyna şeýle ajaýyp, asuda durmuşy peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun!

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimiz — Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, merdana türkmen halkymyzy Esasy Kanunymyzyň — Konstitusiýamyzyň we ýaşaýşyň ýaşyl reňkini özüne siňdiren, asuda asmanda pasyrdap, rowaç ýollarymyza şugla saçýan Döwlet baýdagymyzyň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.

 

Maksat Saipow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.