TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

SAÝLAW ULGAMYNDA SANLY TEHNOLOGIÝALAR NETIJELI ULANYLÝAR

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde, ähli ulgamlar innowasion we tehnologiki esasda yzygiderli, döwrebap derejede ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiziň «Biz milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň ornaşdyrylmagyna geljekde hem ünsi jemläris» diýip bellemegi hem sanly ulgamy ösdürmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini görkezýär.

Çünki, innowasion tehnologiýalar häzirkizaman dünýäsiniň ösüşiniň aýrylmaz bölegidir. Sanly ulgam döwrebap ösüşleriň tizligini üpjün edýär.

Döwletimizde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Munuň şeýledigine «Türkmenistanda 2019 —2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» hem-de «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda alnyp barylýan netijeli işler hem şaýatlyk edýär.

Sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ösdürmek babatynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda hem degişli işler amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanyň döwlet maglumat ulgamlaryndaky maglumaty goramak hakynda Düzgünnama» hem-de «Türkmenistanyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek boýunça Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, Merkezi saýlaw toparynyň edarasynyň Sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy bölümi tarapyndan maglumat howpsuzlygy barada düzgünnama taýýarlanyldy we tassyklanyldy.

Şeýle-de, Merkezi saýlaw toparynyň edarasynda içki elektron maglumat alyşmak ulgamy, beýleki edaralardyr welaýatlar hem-de daşary ýurtlar bilen maglumat alyş-çalşygynyň ýola goýulmagy bilen, onlaýn tertibinde wideo maslahatlary geçirmäge mümkinçilik berýän ulgam ornaşdyryldy.

Sanly ulgamyň ösdürilmegi we onuň durmuşymyza ornaşdyrylmagy işlerimizi ýeňilleşdirýär. Innowasiýa we sanlaşdyrmak ählumumy durnukly ösüşi üpjün etmekde bir-biriniň üstüni ýetirýän wajyp görkezijiler hem zerurlyklar hökmünde çykyş edýär. Sanlaşdyrmak wezipesiniň amal edilmeginde, ilkinji nobatda, ykdysadyýetiň we jemgyýetiň sanlaşdyrylmagyna, programma üpjünçiliginiň döredilmegine, özleşdirilmegine we durmuşa ornaşdyrylmagyna, jemgyýetçilik durmuşynda elektron resminamalaryň dolanyşygynyň girizilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryna innowasion we sanly tehnologiýalary ornaşdyryp, elektron resminamalar dolanyşygyna, elektron şahsyýetnamalar ulgamyna geçmek, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti, elektron senagaty döretmek ýaly wajyp wezipeleri anyk, aýdyň maksatlary nazarlaýar.

Sanly ulgamyň esasy usuly internet ulgamynyň mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanmakdyr. Bu babatda Merkezi saýlaw toparynyň «saylav.gov.tm» resmi web-saýty 2016-njy ýyldan bäri netijeli hereket edýär.

 2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda bolsa, ýurdumyzdaky saýlaw uçastoklarynyň jemi 180 sanysynda kameralar gurnaldy we saýlawlar güni saýlawçylaryň ses berişleri internet arkaly, Merkezi saýlaw toparynyň edarasynyň web-saýtynda göni ýaýlym (online) tertibinde jemgyýetçilik köpçüligine görkezildi. Bu tejribe ilkinji gezek 2018-nji ýylyň 25-nji martynda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynda ýola goýlupdy.

Şeýle-de, Merkezi saýlaw toparynyň edarasynda wideo-mejlis aragatnaşyk ulgamynyň işiniň hem talabalaýyk ýola goýlandygyny bellemek bolar. Islendik işe paýhasly, döwrebap garaýyşlar bilen çemeleşmek onuň netijeliliginiň kepili bolup çykyş edýär. Biz hem täze tehnologiýalardan peýdalanmagyň dünýä tejribesini öwrenmek we ony işimize ornaşdyrmak üçin güýjümizi gaýgyrman zähmet çekeris.

Ýurdumyzyň ähli pudaklaryna, şol sanda saýlaw ulgamyna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak babatynda nusgalyk çäreleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň – Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, mertebeleri belent, aýdyň maksatly tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

 

Annadursun Meskutowa,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy bölüminiň baş hünärmeni.